|

Baky Bitarap Watanym

Baky Bitarap Watanym BAKY BITARAP WATANYM

Baky Bitarap Watanym

Köp okan hem köpügören bäşmüňýyllyk menzil içre,
Şonuň üçin danalyk bar seň nurana meňziň içre,
Daglar deý belent mertebäň, mähriň köki deňziň içre
Taryp welin çogup dur, aňym içre, köňlüm içre,
Pederleriň söýgüsini bagtyýar döwre gatanym
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Kitaby dädem Gorkut bar, heýjana getir okany,
Röwşen janyň kör Jygalyň taglymy bilen bekäni,
Daglar içre ýaňlanyp ýör Şükür bagşynyň mukamy,
Döwletmämmet Azadynyň ylymdan doly dükanyn,
Pyragy şygra öwürdi, okap-okap ýat tutanym
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Oguz hanyň neberesi – tanymal türkmen zürýady,
Arzuw, isleg, yhlas bilen daşyn böwetläp perýadyň,
Beýik-beýik pederlerden gözbaşly döwlet derýasy,
Akdy şo-ol akan ýerinden, gülzara besläp her ýany,
BMG-de türkmen Tugy bezedi tuglaň hataryn,
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Müň dokuz ýüz togsan birde, gurdy Garaşsyz döwletin,
Bir garyp aglap duranda gülmez-ä türkmen dogmasy
Ynsanperwerlik – adalat, daşynda türkmen degresi,
Dünýäň ýüz segsen bäş ýurdy, bu ajap ýoly göwnedi
BMG-niň ykrarýeti, çözdi täzeçe mataly
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Indi «Il bilen il bolmak» gadym Oguz ýoly biziň,
Şondan bäri heňňam içre tejribämiz doly biziň,
Dost-doganlyk – ýüpek ýollar, birläp sagu-solumyzy
Baky Bitarap ýurt diýip, şana bezäp şanymyzy
Günbe-günden artyrýarlar ykrarýetleriň hataryn,
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Arş üstünde «TürkmenÄlem 52E», Ýerde bedew bady bilen,
Öňe, öňe, diňe öňe şan bilen, şöhraty bilen,
Bitaraplyk ýörelgesi ynsanperwer zaty bilen,
Ösüşlermiz berk baglydyr Arkadagyň ady bilen,
Çünki şol KÄMIL PAÝHASDYR Watany Arşa göteren,
Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym.

Aşyrmät GARLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle