Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän
Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän
Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän,
Ýadygärlik kän.
Ýa Baku heýkeller mekanymykan?
Sagyña ýöreseñ, ýadygärlik bar,
Soluña ýöreseñ, ýadygärlik bar,
Garaz, nirä gitseñ bir ýadygärlik
Señ geljek ýoluña bakýar hyrydar.
Mermerden ýasalan ýadygärlikleñ
Hersi bir döwürden galan ýadygär
Ýöne olañ hut şu günki nesile
Hem geljekki nesile
Aýdylmaly sargydy bar, pendi bar.
Onsoñ olañ her haýsy bir tär bilen —
Biri aýdym bilen,
Biri tar bilen,
Birisi baýdakdyr şygarlar bilen,
Birisi dessandyr şygyrlar bilen
Öz döwründen gür berip dur, gür berip,
Bakuwlylar bolsa ol merdanlara
Alkyş aýdyp, gül berip ýör, gül berip.
Şeýdibem şu günki bagtly nesiller
Özüniñ geçmişi,
Taryhy bilen,
Ata-babasynyñ tarypy bilen
Her ýerde,
Her demde duşuşyp ýörler.
Olañ kalbynda-da bar beýik ynam:
«Şular ýaly baky ýaşajak bolsañ,
Halkyñ bähbidini arap gez senem!..»
Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän,
Ýadygärlik kän,
Oñ sebäbi nämekän?..
Bakuwlylar pagta hanalaryny,
Ýüpegiñ, nebitiñ tonnalaryny
Matalañ metrini… sanamaklygy
Başarýar kemsiz…
Ýene-de bir zady,
Mukaddes zady, —
Halkyñ aladasyn gerdene ýükläp,
Tupanlary böwsüp, otlardan ätläp,
Gezen gerçekleri sylamaklygy
Başarýar kemsiz.
Şundan gözel
Asylly iş barmykan?
Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän!
Italmaz NURYÝEW. Goşgular