Bakja (He­ka­ýa)

Bakja (He­ka­ýa)

Jü­neýt SUA­WI,
türk ýa­zy­jy­sy

Bir baý kişiniň bakjasynda ýanaşyk ekilen iki sany limon agajy bardy. Maý aýynyň ahyrlarynda güllän limon gülleri bütin bakjanyň howasyny üýtgedip, gyş sebäpli öýlerinden çykmaýan adamlara baharyň gelendigini buşlaýardy. Emma limon agaçlarynyň biri beýlekisinden bitginsizdi, göze gelüwsizdi. Şonuň üçinem syratly agaç hemişe onuň üstünden gülüp kemsiderdi.

Öý eýesi hem boý alman galan limon agajyndan umydyny üzüpdi. Agaç bu gidişine gitse, uzak durman gurap galar diýip pikir edipdi. Şol sebäpden, ol agajy suwarmadam, idegem etmedi.

Günleriň birinde öwsen güýçli şemal garly daglaryň başyndaky gülleriň tohumlaryny baýyň bakjasyna uçuryp getirdi. Emma bakjanyň ähli ýeri daş bilen doňdurylandy, diňe limon agaçlarynyň aşagynda biraz toprakly ýer bardy. Topraga düşenden gögerip başlamaly tohumlar limon agaçlarynyň ýanyna gelip, şol boş ýerjagazda kök urmaga rugsat soradylar. Bitginli limon agajy olara gaharlanyp:

— O diýýäniňiz asla bolup bilmez. Biz suwsuzlygy halamaýarys. Siz meniň düýbümde gögerseňiz, ähli suwumy içip, meni guradarsyňyz — diýýär. Emma onuň başga gorkusy bardy. Çünki olar güllänlerinde gülleriň reňbe-reňk güljagazlary limonyň sary reňkli güllerinden has owadan görnüp, adamlaryň ünsüni özünden sowup biljekdi. Göze gelüwli limon agajy özünden owadan gülleriň owadanlyklaryny asla görüp bilenokdy.

Goňşusynyň tohumlara beren jogaby bitginsiz limon agajynyň hiç maňzyna batmandyr. Çünki ol özüne ýaşaýyş bereniň şol ýaşaýyş üçin suwy hem berjekdigini magat bilýärdi. Şol sebäpden hem suwsuz galaryn diýen gorkusy ýokdy. Ol tohumlaryň teklibini kabul edip:

— Siziň bilen boý alsam menem begenerdim, bilelikde wagtymyzyň nädip geçenini hem duýmarys — diýdi. Göýdüjek limon agajynyň beren jogaby bitginli limon agajyna ýaramaýar. Emma gelşiksizje limon agajy hemişe:

— Gözel ýaradylanlardan hiç kime zyýan gelmez. Gözelliklerden diňe gözellik emele geler — diýerdi.

Aradan sähel wagt geçip-geçmänkä, bitginsiz limon agajynyň düýbüne ornaşan gül tohumlary gögermäge başlaýar. Limon agajy täze goňşularynyň boý almagy üçin elinden gelenini gaýgyranokdy. Gülleriň Güneşiň bol nurundan päsgelsizje ganmaklary üçin saralyp, gurap başlan ýapraklaryny dökýärdi. Birnäçe günden soň täze goňşular dürli reňkli owadan güller açyp, bakja ýakymly ys ýaýratmaga başladylar. Bakjanyň eýesi bu ýakymly yslaryň nireden gelýändigini görmek üçin daşary çykanynda, göýdüjek limon agajynyň aşagynda gülläp oturan owadan güllere gözi düşýär. Ol bu gülleriň ömrüni uzaltmak üçin her gün irden olary dökünläp suwarmaga başlaýar. Bitginsizje limon agajy hem güllere berilýän suwdandyr dökünlerden iýmitlenip, boý almaga başlaýar.

Gülleri mähribanlyk bilen bagryna basan göýdüjek limon agajy soňky baharda ýakymly ysly güllerini açyp, biri-birinden owadan kebelekleriň gelýän ýerine öwrülipdir. Düýbünde gülleriň gögermegini islemedik beýleki limon agajy bolsa, gelşiksiz goňşusynyň ösüp boý alýandygyna, şaha ýaýradýandygyna göriplik edip, öz-özünden gurap başlapdyr.

Türk di­lin­den ter­ji­me eden Mak­sat TA­GA­NOW,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle