|

Bähbit

Bähbit

BÄHBIT

Kim haýyrdan bähbit gözlär, kim şerden,
Kim bähbit araman, hak işe çapar.
Başga-başga halda, başga pikirde,
Hersi bir hyýalda, hersi bir topar.

Kim bähbit arasa, galar bähbitden,
«Haýyr iş etdim» diýr,
niýeti şerdir.
Içi dolar ot-ýalyndan, hasratdan.
Ondan ýüzün öwrer asmanlar, ýerler.

Haka hemra bolan bagtyna gowşar,
Ömrün ýelpäp, ýazyň şemaly öwser.
Pikir hem etmedik bolaýsyn, hatda
Öz bähbidi hakda, peýdasy hakda.

Gara nebsi üçin çekip teşwüşi,
Çekip ýaman niýetiniň awusyn,
Bähbidine gözün gapdyran kişi
Haýyr işiň bähbitdigin näbilsin.

* * *

Iş ediler — göwün biter,
Iş ediler — kine bolar.
Bu gün eden täze işiň
Ertir görseň, köne bolar.

Tupan geler güwläp-güwläp,
Dünýä haýbat atar dübläp.
Ýyllar baglary garradar,
Başyn darap, için köwläp.

Deňizler gaýnar, bugarar,
Daglar däne-däne bolar.
Bagty gözünden uçanda,
Adam ogly näme bolar?!

* * *

Bir gözeli taşlap gitse aşygy,
Başyň ýaýkap, oň halyna gynanýaň.
Ol biriniň alçy gopsa aşygy,
Guwanýarsyň, özüçeräk begenýäň.

Dostuň toý tutanda ýylgyryp, gülüp,
Ýas gününde bolsa ýaşlasaň gözüň,
Şeýle ýagşy işler bilen beýgelip,
Ýagşy bolşuň bilen bezeseň özüň.

Özüňe illerden alan her çöpüň
Sanap, çykarýarmyň ömrüňe hasap?
Bir gara bir garamydyr berjegiň,
Ýa beýle hasapdan halasmyň, halas?

Belki, hasap-hesip pikirin etmän,
Başyňa dert salman, göwnüňe kireň,
Güleňde gülensiň özüňi undup,
Aglaňda aglansyň ýüregiň bilen.

Akmyrat HOJANYÝAZOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle