Bahasyny tölediñ / intermediýa
Bahasyny tölediñ / intermediýa
— Başlyk, ogry tutdum.
— Nädip tutduñ?
— Ýakasyndan towlap tutdum.
— Nirede?
— Etdilem KPP-den geçip barýarka.
— Näme ogurlapdyr?
— Näme ogurlar öýdýäñ? Fabrigimiziñ çykarýan köwşünden birini çilipdir.
— Be-e, maladis! Hany, sen dogryñy aýt, fabrigimiziñ çykarýan köwşi göwnüñden turýamy?..
— Juk.
— «Juk» bolsa näme üçin ogurladyñ? Hä, jogap ber?
— Ogurlan harydymyñ doly bahasyny töletdiriñ muña.
— Be-e, men geçmeýän zadyñyzy başyma ýapaýynmy?! Öz bahasyna aljak bolsam magazinlerde-de baslygyp ýatyr. Mäñ, köwşüñizi yzyma alaýyñ — diýip, ogry köwşi başlygyñ öñüne oklady.
Täçmämmet JÜRDEKOW. Satiriki hekaýalar