|

Bahar — eneleriñ köñül baýramy

Bahar — eneleriñ köñül baýramy BAHAR — ENELERIÑ KÖÑÜL BAÝRAMY

Bahar - eneleriñ köñül baýramy

Bahar — eneleriñ köñül baýramy
Törlerde ýazylar kerem saçagy.
Bu baýramyñ dünýä belli ýaýrawy —
Enä, uýa dünýäñ gujak açany —
Abatlygyñ arzuwynda ojagy.

Bu ak ýollar kökün urup hakyda
Zerinaýdyr, Tumar hatyn, Altynjan!
Mert zenanlar göýä bu gün ýakynda —
Mertebesi bolup dünýä galkan, jan!
Saz çal uýam, düýnüñ ýaly — tolkun, jan!

Ertekide göreş tutan ezber gyz,
Gaýdyp gelip ýeñişlere ýar boldy.
Bilezigin alan ýigit dözmez, gyz
Mergen gyzlar, türgen gyzlar bar boldy,
Agyrlygy götermekde zor boldy.

Şägirdi kän bu gün Saçly Dursunyñ,
Münüp ýörler Rodogunañ atyny.
Zähmete, ýeñişe besläp gursagyn,
Ogul-gyzy, bu gün ösýär Watanyñ,
Altyn sallançaga duşdy Watanym.

Oguljemal ÇARYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle