Bagyşla zemin
Bagyşla zemin

Bedenimi palçyk bilen almaşdym,
Almaşdym dünýämi ýyldyzlar bilen.
Dogry, ýaşamadym asyl ýalňyşsyz,
Çalyşyp gijämi gündizler bilen.
Çalyşdym ruhum bilen gök asmanymy,
Hem şol boldy saýawanym ýagyşda.
Aýa çykyp ýere bakdym yzlarym
Gördüm, basgylanan zemin bagyşla!
Ýagyş ýagdy, siňdirmedi bedenmi
Saňa, dolamadyň etegňe meni.
Men gorkajyk ogluň, şeýle edenli,
Ýagyş bolan ýaşlaňda görüp seni,
Bedenimi palçyk bilen almaşdym,
Asman bilen almaşdym-da ruhumy.
Ýalaňaç ýyldyzma ýalaňaç düşdüm,
Saňa eştdirmezlik üçin gohumy.
Ömrümiň dykdymda howa deşigni,
Men asmana gaýtdym, bagyşla zemin.
Şonda bildim saňa gereklidigim,
Etegiňe düýräp galdyň eşigmi.
Indi meň çün aglan gözýaşlaň ýagşa
Goşlup birazajyk artygrak ýagar.
Aşa söýgüm üçin gaýtdym, bagyşla,
Göz ýaş saňa, ahyňam maňa deger.
Eziz AMANNAZAROW. Goşgular