|

Bägül

Bägül BÄGÜL

Seniñ maña sowgat beren bägüliñ
Penjiräñ öñünde ýaraşypjyk dur.
Hemem meniñ saña berjek jogabma
Sabyrsyzlyk bilen garaşypjyk dur.

Ah, üýtgeşik näme diýerin öýdýäñ,
Düşünsemem janyñ ýakyp, köýýänñe.
Men ýene-de ynanmadyk bolaryn,
Seniñ meni çyn ýürekden söýýänñe.

Küýzäniñ içinde boýnun burupjyk,
Bägül maña naýynjarja seredýär.
«Razy bolaý!» diýýän ýaly bakyşly,
Ýüregimi güneş bolup eredýär.

Gülüñ göwnem gyzyñ göwni ýaly-da,
Goý, bägül saralyp-solup gitmesin.
Bor, güljagaz men oñ güli bolaýyn,
Ýöne hijem ony sowgat etmesin.

Gülnabat BEGENJOWA.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 2007 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle