|

Bag­tyň göz­le­gin­de (Şwed er­te­ki­si)

Bag­tyň göz­le­gin­de (Şwed er­te­ki­si)

On dokuz ýaşly Anton bir garyp daýhanyň batragy eken. Bir gün tutuş maşgala agşam naharyny edinmek üçin ýygnananda, Anton çorbadan dadyp görüp, tabak-çemçäni itipdir-de:

— Özüňe başga batrak gözle, men syýahat etmäge gitjek — diýipdir. — Meniň bagty gözlemäge gidesim gelýär, ony tapan wagtym gaýdyp gelerin — diýibem, sözüniň üstüni ýetiripdir.

Ine, tomsuň bulutsyz günleriniň birinde ol düwünçegini eline alyp, daýhanyň maşgalasy bilen hoşlaşypdyr. Öýde galanlaryň üçüsem ellerini galgadyp, onuň yzyndan uzak wagtlap seredip durupdyrlar.

Ýaşuly:

— Saňa dünýädäki hemme gowulyklary arzuw edýärin! — diýip, gygyrypdyr.

Garry ene gözlerine ýaş aýlap:

— Bagtyňy basymrak tapyp, yzyňa dolan! — diýipdir.

Gyzlary Greta hiç zat diýmändir. Ol çagalyk dostuna elini galgadyp, otagyna dolanypdyr-da, bagtyny çaltrak tapmagyny diläp, Hudaýa çokunypdyr.

Anton uzakly gün entäp, agşama golaý ýatar ýaly ýer hakynda pikir etmäge başlapdyr, ýöne töwereginde oba-gara gözi düşmändir. Garaňky gatlyşanda, ýabyň boýunda bir garry aýaly görüp:

— Salam, ene jan! — diýipdir.

Garry ene baş atyp:

— Sen nirä barýaň? — diýip sorapdyr.

Oglan:

— Bagty gözlemäge barýan — diýipdir.

Garry ene:

— Örän gowy! Maňa ýerimden turmaga kömek etseň, oňa tarap barýan ýoly görkezeýin — diýipdir.

Anton elini uzadypdyr. Garry ene aýak üstüne galandan, şeýle bir çalt ýöräpdir welin, Anton onuň yzyndan ýetmek üçin, ýüwrüp ylgamaly bolupdyr. Garry ene tokaýyň jümmüşine eltýän ýodajyga sowlupdyr.

Anton:

— Ene jan, sen ýoldan azaşan-a dälsiň, hernä? — diýip sorapdyr.

Garry ene:

— Ine, biz geldik — diýipdir.

Şuny aýdyp, taýak bilen ýere urupdyr. Ýer ýarylypdyr. Anton ýeriň jaýrygyndan şeýle bir ýagty çyrany görüp, gözlerini elleri bilen ýapanyny duýman galypdyr.

Ol garry aýala tarap öwrülip:

— Biz nirede? — diýip sorapdyr.

Ýöne garry aýal ýitirim bolupdyr. Onuň ýerine saçyna gül dakylan, gyrmyzy köýnekli gyz öňünde dikelipdir.

Ol gyz elini uzadyp:

— Sen bagt köşkleriniň biriniň gapysynda dursuň. Meniň elimden tut, men seni oňa elteýin — diýip jogap beripdir.

Anton gyzyň elinden tutupdyr, ýöne dessine onuň elini sypdyrypdyr, sebäbi mumdan ýasalan jansyz heýkele ýapyşandyryn öýdüpdir. Bir sekuntda ýeriň astyna düşüpdir. Hemme zada seredip çykypdyr. Daş-töwereginde saz, batly gülki eşidilýärdi.

Töweregini gurşap alan ýagtylyga az-kem öwrenişensoň, özüne ýol görkezýän gyza seredip:

— Gözel gyz, sen kim? — diýip sorapdyr.

— Men bagtyň gyzlarynyň biri. Eger sen maňa tutuş bir ýyl gulluk etseň, geljek ýylyň ilkinji gününde seniň aýalyň bolaýyn.

Anton munuň gowy boljakdygy barada pikir edip:

— Men näme etmeli? — diýip sorapdyr.

— Aýdym aýdýanlar bilen aýdym aýtmaly, gülüşýänler bilen gülüşmeli, näme göwnüňe ýarasa almaly, başga-da halan zadyňy edip bilersiň.

Anton:

— Örän gowy! — diýip gygyrypdyr. Ol şu sözleri aýdan dessine, töweregini şadyýan tans edýänler gurşap alypdyr. — Ine, men eýýäm bagtymy tapdym — diýip oýlanypdyr.

Her gelýän gün oňa täze hezillikleri bagyş edipdir. Olaryň hiç birinden ýüz öwürmändir. Ýöne bir gün ol hemişelik gülkiniň, hemişelik şatlygyň bagt däldigine düşünipdir. Öz durmuşyna üns bilen göz aýlapdyr. Şadyýan ýüzler henizem gülüşýärdiler, ýöne bir gezek Anton yzygiderli gaýtalanyp duran aýdymyň iň soňky sözlerini eşidipdir: «Bir pyýala lezzeti içiň, onuň diňe iň soňky damjasy ajydyr». Şondan soň Anton bu ýerden lezzet almagyny bes edip, hemme zadyň daşyndan ajaýyp görünýändigine akyl ýetiripdir. Baglarda şireli miweler ýetişipdi, ýöne olaryň maňyzlary çüýrükdi, ýapraklary dökülipdi. Ýene bir gün geçýär, gülýän ýüzleriň nikaplydygyna düşünýär. Täze ýylyň ilkinji gününde bagtyň gyzy oňa nikalaşmagy teklip edende, ol:

— Meniň bu ýerden uzakda ýaşasym gelýär — diýýär.

Gyz nikabyny syryp, manysyz gözleri bilen seredip durşuna:

— Akmak! — diýip, jogap berýär.

Antonyň daş-töweregini garaňky gaplaýar, agaç düşek aýagynyň astynda yranýar, jaý ses edip ýykylýan ýaly bolýar, ol özünden gidýär. Özüne gelende, tokaýyň içinde bir beýik gaýanyň depesinde oturandygyny görýär. Töwerekde beýik agaçlar yranýardylar, ýaşyl garaharsaňlar ýykylyşyp ýatyrdylar, tokaý gülleri al-ýaşyldy, depesinde bolsa uç-gyraksyz mawy asman ýaýlyp ýatyrdy. Ýüzi argyndy. Uludan bir dem alyp, Anton ýene-de ýola düşdi.

Agşama golaý gijäni geçirmäge ýer gözlemeli diýen netijä geldi, ýöne daş-töwerekde ýekeje öýem ýokdy. Ine, has garaňky düşende, çukuryň gyrasynda bir garryja aýaly görüp:

— Salam, ene jan — diýýär.

Kempir oňa baş atyp soraýar:

— Sen nirä barýaň?

— Bagtyň ýanyna barýan.

— Ýeri, bolýar, eger meni ýerimden turuzsaň, saňa bagta barýan ýoly görkezeýin.

Garry aýal ýokary galandan, şeýle bir çalt ylgapdyr welin, Anton onuň yzyna zordan eýeripdir.

Olar gür tokaýyň içi bilen barýardylar. Anton ondan sorady:

— Ene jan, sen azaşaňok gerek?

Garry aýal:

— Biz geldik — diýdi-de, hasasy bilen daga urdy.

Dag edil gapy ýaly açyldy. Dagyň içindäki hemme zat öwşün atyp ýalpyldaýardy. Anton gözüni elleri bilen ýapdy. Soňra garry aýala tarap öwrülip:

— Biz nirede? — diýip sorady.

Kempir eýýäm ýitirim bolupdy. Antonyň ýanynda egni parçadan tikilen köýnekli, kellesi altyn täçli perizat durdy.

Ol owadan gyz:

— Sen bagt köşkleriniň biriniň girelgesinde dursuň, men seni onuň içine salaýyn — diýýär.

Anton onuň elinden tutýar, ýöne dessine elini sypdyrýar, sebäbi gyzyň eli dagyň içindäki ýalpyldaýan metallar ýaly sowuk hem gatydy. Olar giň eýwana girdiler. Onuň diwarlary altyndan edilendi, düşegi kümüşdendi, petiginde gymmat bahaly daşlar öwşün atýardy. Anton az-kem gözi öwrenişensoň:

— Gözel gyz, men näme etmeli? — diýip sorady.

— Sen şu görünýän altynlary döwmeli. Ýylyň ahyryna çenli ep-esli üýşürmeli, şonda patyşalygymdaky tagtymda ýanymda oturarsyň. Ýöne gije-gündiz arakesmesiz işlemeli bolarsyň. Eger üstünlik gazanasyň gelse, altyny dünýädäki hemme zatdan gowy gör. Sen ony näçe köp toplamak isleseň, sonça-da ruhuň beýik bolar.

Anton az pursatlyk ýaýdanyp durdy, ýöne bagty gözlemäge çykany ýadyna düşdi-de:

— Synanyşyp görmäge rugsat ediň — diýdi.

Bagtyň gyzy ony goňşy jaýa alyp gitdi. Anton diwara söýelgi külüňi alyp, işlemäge başlady. Ilkibaşda ol şadyýan işledi, iş gününiň ahyryna çenli altynyň uly bölegini gopardy. Altyn şeýle bir tekizdi. Anton onda özüni aýnada gören ýaly gördi. Öz keşbine seredip, onuň özüdigine birbada ynanyp bilmedi. Onuň gyrmyzy ýaňagynyň reňki öçüpdi, gözleri gorkuly seredýärdi. Ol uzak wagt gymyldaman durdy. Öz ýüzünde şeýle özgermeleriň bolup geçenini ýokuş gördi. Birden bagtyň gyzynyň aýak sesleri eşidildi. Antonyň gepleşen ylalaşygy ýadyna düşdi-de, yhlas bilen işledi. Ine, ýylyň iň soňky güni oňa diwardan örän uly we juda ýalpyldaýan altyn bölegini goparmak başartdy. Ol altyn böleginde onuň ruhy dünýäsi ähli çuňluklary bilen şöhlelenýärdi. Antona ol keseki biriniň ruhy bolup göründi. Ýöne öňünde duranyň, hakykatdanam, öz ruhudygyna düşünende, ýetginjek tisginip gitdi, çünki ruhy sowuk hem garaňkydy. Öçügsi gözlerinde diňe açgözlük şöhlesi ýylpyldaýardy.

— Bu bagt däl, bu bagt däl — diýip gygyrdy-da, külüňi gazap bilen diwara tarap zyňdy.

Alatakyrdy bolup, hemme zat ýumruldy. Antonyň aýagynyň astyndaky ýer çökdi-de, ol özünden gidip ýykyldy.

Ahyry biçäre gözüni çalaja açdy. Ol tokaýda bir tümmegiň üstünde otyrdy. Gapdalynda bolsa düwünçegi ýatyrdy. Anton gülgüne reňkli güller bilen örtülen itburun şahasyny hem-de üstüne söwüt agajynyň şahalary düşüp saralan otlary gördi. Biçäre tapdan düşüpdi, ýöne dem aldygysaýy ysgyna gelýärdi, basym syýahatyny dowam etmäge-de ýarady. Agşam Anton dynç almagyň zerurdygyny duýdy, ýöne hiç ýerde öý görünmeýärdi. Gowy garaňky düşende, çukuryň gyrasynda oturan garry aýaly gördi.

Ol:

— Salam — diýdi.

Garry aýal:

— Salam — diýip, jogap berdi.

Anton bu sesi tanyş sese meňzetdi. Ol gowy seredip, öňünde daýhan aýaly, ýagny öz öňki hojaýynynyň aýalyny gördi.

— Ene jan, bu senmi?

— Men, men-le. Bu senmi, asyl. Sen eýýäm dolanyp geldiňmi? Ýeri, nätdiň, bagty tapyp bildiňmi?

— Ýok, enteg-ä tapyp bilemok, mähriban enem! Men ony gözlemäge soň giderin, indi maňa ýatmaga, gijäni geçirmäge ýer gerek.

— Ýeri, bolýar, ýör, oguljygym, öýe gideli!

Bosagadan ätlänlerinden, öýde başagaýlyk başlandy. Greta, goja daýhan bilen garry ene bar bolan hemme azyk-owkatlaryny stoluň üstüne goýdular.

Daýhan:

— Ýeri, aýdyp ber, sen bagty tapdyňmy? — diýip sorady.

Anton:

— Men entek gözleýän zadymy tapamok, şonuň üçin ertir ýene-de ýola düşjek — diýdi.

Onuň şu sözlerinden soň Gretanyň gözleri ýaşa doldy.

Ertesi irden Gün dogup gelýärkä, Anton ýola taýyn boldy. Ýöne ol özüne tanyş öýüň bosagasyndan daşaryk ätlejek bolanda, ondaky hemme zat oňa şeýle bir ajaýyp, şeýle bir mähriban göründi, şonuň üçin bu ýerde ýene az wagt bolasy geldi. Elini uzadan Gretany görüp:

— Eger indiki ýylyň ilkinji gününde aýalym bolmaga razylyk berseň, saňa tutuş bir ýyl hyzmat edeýin — diýdi.

Garrylaram, Greta-da şeýdilse gowy boljakdygy baradaky netijä geldiler. Anton dessine işe başlady. Ol hiç wagt şeýle yhlasly işlemändi, hiç wagt şeýle bagtly bolmandy. Gün geçdigiçe, ol özüniň bagtlydygyny has gowy duýup başlady. Täze ýylyň ilkinji gününde Anton Gretany ybadathana alyp gitdi. Dyzeperde onuň ýanynda oturyp:

— Bagt ýanymdaka, ony başga ýerden gözläp, samsyklyk edipdirin — diýip pyşyrdady.

Greta:

— Bagty ol ýüregiňde ýaşaýarka taparsyň — diýip jogap berdi.

Rusçadan terjime eden Şirinjemal MUHAMMETKULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle