|

Bagtymyñ badalgasy

Bagtymyñ badalgasy BAGTYMYŇ BADALGASY

Bagtymyñ badalgasy

Bir ullakan şäher örän gadymy,
kyrk dört derwezeli galasy bilen
hersinde bir metjit ymam-hadymly
on müň namazhonuň senasy bilen
baş derwezäň ýanyndaky metjitde
kyrk müň dindar dileg-doga edipdir.

Ähli zadyn öwüp bolmaz hetjikläp,
ylymda kän ösüş – sogap edipdir.

Ibn Sinaň, Al-Horezmiň, Gazaly:ň
Kubraň, Zamahşaryň,
Najib şanyndan…
ýedi yklymda gollanmadyr ýazany
hersi parlak ýyldyz giň Asmanymda.

Gerçek Göroglynyň ýanbermez ruhy
Aýdyň piriň nazarynda berkedi.
Aram-aram pessaýlaýan howalam,
sen hakynda ýazanymda berkedi,

sorag belgisine dönen hyýalym
boldy minara deý dim dik alamat.

Nalaç babaň, Edhem piriň diýary,
Sen amanmyň – diýmek, menem salamat.

Mertlik nury çaýylypdyr zamana.
Jelaleddin, Ýusup, Ahmet, Bozoglan,
häzir olar erteki deý hamala,
ýogsam, bular taryh içre ýazyglam.

Ýok, ýok,
bu meň diýdigim däl ýalandyr,
ýaýdanýan gürrüňe çyna berimsiz.
Çyn bolandyr.
Ol, elbetde, bolandyr,
heňňamlara seýle çykyp görüň siz.

Şonuň üçin girişeýin gürrüňe
bozguja çalymdaş ýyllar hakynda.
Günleriň içinde diňe bir güne
däl-de, tanap ugran günlem hakynda.
Adamlaryň özem üýtgäp barýa-la,
ösdürmek maksady bilen durmuşy.
Kän wagtam bolupdyr öýdýän barmanma,
döwrebaplaşanmyş jaýlaň gurluşy,

meniň üçin üýtgemändir,
ol takyk.
Hakydamyň letdelerniň süýşmegi
kyn bolsa-da,
arasyndan ýol tapyp,
subut etdi ony maňa düýşlerim.

Altyn sen, ýakut sen, zümerret, dür, genç
bibaham sen.
Men özümi ýazgarýan.
Gadym Gürgenç
soňra Ürgenç – Köneürgenç
baş badalgam huzuryňa az barýan.

Seniň mertebäňi aň subut edýär,
ýatlap durmasam-da her bir pursatda,
ýekeje hakykat kän subut edýär
iň ilkinji şäherdigňi gursakda.

Almazly hazynam, göwherli genjim
ömrümiň hem ykbalymyň keşdesi.
Gürgenjim – Ürgenjim – Köneürgenjim,
Üç ýüz altmyş är öwlüýäň mesgeni.

Gadym Gürgenç,
soňra Ürgenç –Köneürgenç
darajyk köçäňde
kiçjik külbede
doglan ogluň
bu gün özün gözläp ýör
bu ummasyz uç-gyraksyz dünýede.

Aşyrmat GARLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle