|

Bagt paýlaýan perişdeler

Bagt paýlaýan perişdeler BAGT PAÝLAÝAN PERIŞDELER

Bagt paýlaýan perişdeleriň ulusy golastyndaka ýüzlendi:
– Iki agyz sözde hasabat ber.
– Ýaşap ýör. Işine gatnaýar. Nämedir bir zada umyt edýär.
– Nämä?
– Belli bir zat aýtmak kyn. Men oňa iki gezek bagtly düýşem görkezdim welin göresi gelenok. Tisginip oýanaýr-da, «Işde ýadadym, indem düýşlerden ýaňa ýatyp bolanok» diýýär.
– Işde nähili?
– Hemmeler ýaly. Ýolbaşçylary. Gaýda-gaýmalaşyk. Gybat.
– Ýolbaşçylary ýowuzmy?
– Ýolbaşçylarymy, ýolbaşçy ýolbaşçy bolar-da. Hemme ýerdäki ýaly. Ýöne nämüçindir ol ondan ätiýaç edýär.
– Gorkusyny kowmadyňmy?
– Öz-özünden düşnükli ahyr. Heniz işine barýaka, ýolda kowdum. Ganatymy depesinden pel-pelletdimem. Hatda bulutlaram kowdum. Ýalpyldap duran güni görer ýaly ganatymyň ujy bilen gulagynyň ujuna çalaja ýelmäbem goýberdim.
– Ýolda-yzda dagy ruhyňy göteriji atyr sepinen, beýik ökjeli köwüş geýen görmegeýje zenan maşgala bilen dagy gabatlaşdyraýmadyňmy?!
– Göwnüme degýäňiz, halypa… awtobusda burny burnuna deger ýalam etdim.
– Ýeri onsoň neneň?
– Hiç neneň. «Bagyşlaň!» diýdi-de ýene öz pikirleri bilen gümra boluberdi.
– Işden soňra näme?!
– Dükanlar. Telewizor. Uky.
– Telewizoryny döwmedimi?!
– Döwdi-le, ýöne nämüçindir ýene täzesini satyn aldy.
– Şeý diýsene! Dynç günleri näme?!
– Günortana çenli ýatýar. Soň öýüni ýygnaşdyrýar. Agşamara bolsa – dostlary. Bolgusyz gürrüňler. Käte içäýýärem. Ýarygijede öýüne gaýdýar. Irdenem näme kellagyrysyna çydam edip bilmän ýatandyr. Içmedik günem telewizoryň öňünde.
– Ol tanyşdyrdym diýýän zenan maşgalaň näme?!
– Öýlerine gaty golaý ýerde ýaşaýar. Üç öý aňry ýanlarynda. Ikisiniňem bir dükandan azyk alyp biljek ýerini hem tapdym. Şol bir dükana-da barýarlar.
– Haryt alanda ýa pul tölände göreçleri kaklyşar ýaly edäýseň bolmaýarmy?!
– Hemme zat bolmalysy ýaly. Käwagt meýilnamadanam çykmaly bolýan – awtobuslaryň duralgasynda, baýramçylyklarda.
– Täleýnama boýunça ykbal ýordumyna seredäýmediňmi?!
– Seretdim-le gabat gelýär. Bar gürrüňem şonuň gabat gelýänliginde-dä… men düşünüip bilemok. Onuň ýaşap bilşi şeýle. Men-ä mundan artyk çydap bilemok! Ýerine ýetirer ýaly ýumuş däl-ä bu!
– Gürrüňiňi bes et! Bagtly durmuşy çyny bilen isläri ýaly derhal täsir edýän serişdeleriň sanawy hany?! Nirede!
– Ynha ol, hojaýyn. Dümew, ysytma ýanynyň samramasy bilen. Pul ýitirmek. Harajat ýetmezçiligi. Awtoulag heläkçiligi…
– Besdir. Aýak çekewer… Men eýýäm şeýle mazmundaky hasabatlaryňyzyň iki ýüz segsen bäşinjisini diňleýän. Işlemegi düýbünden ýatdan çykarypsyňyz. Näme diýse-ne, ugurdaş akymda hereket edýän perişdeler bilen habarlaş-da, beýik Söýgüniň adyndan aňrujy kabul edip boljak zatlary almaga, pevdalanmaga synanyş. Nämedir bir zat tap-how!
– Eger-de, nämedir bir zat saýlamaly bolsa…
Hudaýyň size peşgeş berýän bagtyny görmegi başaryň, ony peýdalanyň. Şonda Allanyň bagt paýlaýan perişdeleri iň soňky mümkinçilikleri gözläp kösenmeli bolmazlar.

Aşyrmät GARLY. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle