|

Bagt nirede?

Bagt nirede? BAGT NIREDE?


“Bagt nämede?” diýip soraýaň menden,
Diýýärsiň: “Hany, aýt, nirede bagt?!”
Küti-küti kitaplary agtarsaň,
Nagt, bu soragyň jogaby nagt!

“Bagt-jansaglykdyr” diýip gidipdir
Gadym eýýäm ýaşap geçen bir dana.
Ýazylypdyr iri-iri harp bilen:
“Päk zähmetdir bagt getirýän ynsana!”

“Agzybirlik — bagt”,
“Parahatlyk — bagt”,
Sanap gutarardan kän onuň yzy
Kitaby gürrüňe ynansaň, asyl,
Bagtdan ybarat dünýäniň özi!

“Bagt nämede?” diýip soraýaň menden,
“Bagt nirede?” diýip goýýarsyň derde…
Alymlara hergiz ynanma, janym,
Bagt — seň nazaryň eglenen ýerde!

Tirkeş SADYKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи