Bagtly maşgalanyň syry (Hekaýa)
Dogan JÜJEOGLY,
türk ýazyjysy
Bülent bir zatlar sorap elini uzadyp duran adama gahar bilen garady. Ýaşy elliden agan bu kişi daşyndan öňler gabat gelýän sal-sal eşikli dilegçilere meňzänokdy. Geýimleri könedi, ýöne arassady. Ýüz-gözi tämiz, tut ýaly sagdyn görünýärdi. Ol içinden: «Jany saga-da meňzeýär. Gidip işlemäge derek dilegçilik edýär, belki, mendenem baýdyr» diýip pikir etdi. Öňem gahary gelip, lapykeç bolup durany üçin birden gazaba mündi-de, kemsidiji äheňde:
— Çörek puly gerekmi?! — diýip sorady.
— Ýok, şokolad almak üçin gerek.
Gahary gelip duran Bülent muňa geňirgendi. «Wäşilik ukyby bolan dilegçiniň ýagdaýy başgaça bolýan eken» diýip içinden oýlandy.
— Näme, nan tapmadyk wagtyň şokolad iýýäňmi?
— Ýok, nan tapyp bilmedik günlerimiz, adatça, bulgur palawyny ( Bulgur palawy — ownuk we goňur tüwüden taýýarlanan türkleriň milli tagamlarynyň biri.) iýýäs. Ony-da tapyp bilmesek aç ýatýas.
Bülent garşysynda duranyň çynyny aýdýanyna ýa-da oýun edýänine düşünip bilmedi.
— Bu gün garnyň doýdy-da, üstüne süýjüje bir zat iýesiň geldimi?
— Süýjülik islär ýaly, garybyň göwni barmy, begim?!
— Bu näme, gizlin kamera oýny bolup, senem onuň wäşisimi?!
— Hiç birem däl. Men ýönekeýje garyp adam. Bu gün aýalymyň doglan güni, şoň üçinem oňa şokolad eltip bermek isledim.
— Bilşime görä, doglan günleri şirinnan alyp berýärler.
— Ol biziň ýalylar üçin däl-de, baýlar üçin. Durmuş guranymyza otuz ýyl boldy, emma ýeke gezegem aýalymyň doglan gününe bu diýen sowgadyňyzy edip bilmedim. Ýöne her doglan gününde hökman şokolad eltip berýärdim. Sebäbi ol şokolady diýseň gowy görýär.
Bu adamyň aýdýan zatlary Bülendiň ünsüni çekdi. Ol agşam aýaly bilen sene-mene edip, gapyny tersligine ýapyp çykyp gaýdyşydy. Ulagyna-da münmän, seýilgähe çenli ýöräpdi. Deňzi synlamak ony birneme rahatlandyryp, deňiz tolkunlary ähli gussasyny aýrypdy. Pukara adam bilen gürleşip durmagy onuň kellesindäki pikirlerini dargatdy.
— Dogrudanam, jübiňde şokolad alara-da puluň ýokmy?! — diýip, Bülent sorady.
Ol adam jübülerini daşyna çöwrüp görkezdi. Hakykatdanam, onuň jübüsinde pasportyndan başga hiç zat ýok eken.
— Men dilegçi däl, ýöne bu gün iş duşmady. Men iş dandap duramok, elimden her iş gelýär, näme tapsam ediberýän. Emma bu gün uzak günläp iş gözlesemem, şowsuzlykdanmy nämemi, iş tapyp bilmedim.
Bülent oňa ýanyndan ýer görkezdi.
— Oturyň, biraz dertleşeliň!
Ol adam çekinjeňlik bilen oturdy.
— Karz alar ýaly dogan-garyndaşyňam ýokmy?
— Pukara adamlaryň garyndaşlaram pukara bolýar, begim. Tapyp bilseler öz garynlaryny doýurýarlar.
— Aýalyňy dilegçilik eder ýaly derejede söýýäňmi?
— Örän söýýän, sebäbi ol meniň durmuşymyň otuz ýylyny nurlandyrdy.
— Hüm-m. Söýgi, onda-da otuz ýyllap dowam eden söýgi… Haýran galmaly! Onda näme adamlar: «Söýgiň ömri üç ýyl» diýýär?! Sen bolsa otuz ýyl hakda gürrüň edýäň.
— Geçip giden ýyllar söýgimi hasam artdyrdy.
— Onda, aýt, bagtly maşgalanyň syry näme-de? Aýdýan zatlaryňa seredeňde, sen bagtyň syryny tapana meňzeýäň. Toý edenime alty ýyl boldy. Söýen gyzym bilen durmuş gurdum. Emma bagtly däl. Ýygy-ýygydan tersleşýäs. Iki sagat mundan öň gapyny ýapyp, çykyp gaýdyşym. Öýüm, gowy ulagym, işim, ähli zadym bar, emma şonda-da bagtly däl. Seň bolsa hiç zadyňam ýok welin, örän bagtly görünýäň. Ýa-da bizi bagtsyz edýän zat baýlykmyka?!
— Hiç zadyň ýok diýýämiň?! Ýok, meniň ähli zadym bar, sebäbi aýalym meniň ähli zadym — söýgülim, dostum, ýanýoldaşym. Dünýäde bile ömür sürýän ýassykdaşyňdan has gadyrly, has eziz näme bolup biler?! Siziň ähli zadym diýip hasap edýän zatlaryňyz, aslynda, hiç zat…
— Beý diýme, şonça bollugyň içinde aýalym menden närazy. Eger garyp bolan bolsam, nämeleriň boljagyny kim bilýär.
— Sen zenanlaryň dünýäsine düşünmeýän ekeniň. Hiç bir aýal kaşaň jaýda oturany üçin ýa-da dürli-dümen iýeni üçin özüni bagtly duýanok. Ol ýoldaşynyň hany-manydygyny bilende bagtly bolar.
— Siziň bagtlylygyňyzyň syry şundamy?
— Bolup biler. Men aýalyma gymmat bahaly zatlary alyp beremok, emma onuň özüm üçin nähili gymmatynyň bardygyny duýdurýan. Ol şonuň üçinem bagtly.
— Zenana gymmatlydygyny nädip duýdurmaly?!
— Kiçijik gyzy söýüp.
— Kiçijik gyzy?! Haýsy kiçijik gyzy?
— Ýaşy näçe bolsa-da, zenan maşgalanyň içinde bir kiçijik gyz bar. Şol gyzy berk söýüp, bagtly etseň, ol hem şonça-da bagtly bolýar.
— O nähili?!
— Kiçijik gyz nämeleri halaýar, nämeleri gowy görýär, şol hakynda pikir edip gör. Kiçijik gyzlar hemişe halanylmagyny, özüne üns berilmegini isleýär. Owadandygyny eşitmek olaryň keýpini göterýär. Olar özüne şa gyzy ýaly çemeleşilmegine garaşýar. Olar hemişe şa gyzy bolmagy arzuw edýär, garaşylmadyk sowgatlardan lezzet alýarlar, biraz eljiremek isleýärler. Söýülmek, söýülýändiklerini hemişe eşitmek isleýärler. Hoş sözlerden doýanoklar, şeýle dälmi?
— Dogry aýdýaň! Aýlin atly dört ýaşly gyzym bar. Ol her gün agşam boýnuma böküp: «Kaka jan, meni nähili derejede gowy görýäň?» diýip soraýar. Täze geýim geýende bolsa, daşymda pyrlanyp: «Kaka, men ýaly owadan gyz ýok gerek?» diýýär. Men oňa aýdara owadan söz tapamok, şeýle-de bolsa: «Gyzym, sen şa gyzy ýaly ajaýyp görünýäň, dünýäniň iň owadan gyzy sen» diýýän.
— Ynha, zenanlar ömürboýy şeýle sözleri eşitmek isleýär, şonuň üçinem men elli ýaşyndaky aýalym bilen şeýle çemeleşýän. Biz segsen, togsan ýaşasak-da, oňa hemişe şeýle gadyry, gymmaty duýduryp durmaly.
— Siziň sözüňiziň azaşan wagty bolmadymy?!
— Uruş-sögüş maşgalanyň tagamy. Käwagtlar bizem sene-mene edýäs, ýöne soňundan ýaraşmagyň lezzeti başga bolýar. Aslynda, aýalym geçi ýaly hötjet. Onuň bilen ýaraşmak üçin sarp edilen wagtyňam üýtgeşik keýpi bar.
— Meniň aýalym agras zenan. Onuň köňlünde kiçijik gyz bardyr öýdemok.
— Kiçijik gyzlar ulalandan soň mähir islemäge utanýarlar. Iň agras, iň garry aýalyň ruhunda-da şol kiçijik gyz hökman bolaýmaly. Sen şol kiçijik gyzy aldaman, bagtly etmäni, şatlandyrmany başarmaly, ýogsa ol saňa ynanmaz. Näme etseň-de, içinde şübhe galar. Kiçijik gyzlar çalt bagtly bolup, derrewem ynjamak bilen bolýarlar.
— Bu maslahatlaryňyzy synap görerin. Emma hemişe şeýle edip biljegime ynanamok. Käwagt işlerim gaty agyr bolýar, onsoň öýe örän ýadaw barýan.
— Bu diňe bahana. Kiçijik gyzy bagtly etmek dünýäniň iň aňsat işi. Käwagt birki sany ýumşajyk söz aýdanyň ýeterlik. Soňra ol seni rahatlandyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaz. Aýaly bagtly bolmaýan erkek hiç wagt bagtly bolup bilmez. Eger bagtly bolmak isleseň, ilki ýanýoldaşyňy bagtly etmeli. Pikir edip gör, hemişe iňirdäp ýören bagtsyz, gaşy çytyk biri bilen syýahata çyksaň, nähili bolar öýdýäň?!
— Dogry aýdýaň, ýöne men maşgalam üçin tutuş gün işlemeli bolýan.
— Ýene pul, ýene-de daşky sebäpler. Hawa, pul zerur, emma zenanlar pul üçin söýenok. Pul diňe çalt tamamlanýan bagty berip biler. Aýallar sowgat almany halaýar. Elbetde, puluň bar bolsa sowgat et, emma eden sowgadyň bilen bagtly bolaryn öýtme. Sowgada söýgiňi gatmasaň, ol sowgadyň manysy bolmaz. Meniň hiç haçan pulum köpelmedi. Gündelik gazanjym bilen güzeranymy aýladym. Käwagt aç ýatan günlerimizem boldy. Ýöne aýalymyň gulagyna altyn gulakhalka dakyp bilmesemem, ony mähirli sözlerden doýurmagy başarardym — diýip, ol adam ýerinden turdy. — Rugsat etseňiz gideýin, gaýdara wagt boldy, aýalym alada edýändir. Senem öýüňe git-de, kiçijik gyzyň göwnüni awla, belki, ol şu mahal öýde aglap oturandyr.
Bülent hem ýerinden turdy.
— Siz bilen tanşanyma örän begendim — diýip, ol ýoluň garşysyndaky süýjülik dükanyny görkezdi. — Ýör, şol ýerden şokoladdyr şirinnan alaly.
Pukara adam ömründe ilkinji gezek aýalyna munuň ýaly sowgatlary alyp barýany üçin iki bolup bilmän, öýüne ugrady. Bülent hem süýjülik dükanynyň golaýynda ýerleşen gök-önüm satylýan dükandan aýalynyň iň halaýan miwelerini satyn aldy.
Ol öýüne gelen pursady aglamakdan ýaňa gözleri çişen keýwanysy aşhanada suw içip otyrdy. Bülent sesini çykarman miweleri bir tabaga salyp ýuwdy-da, onuň öňünde goýup:
— Bular dünýäniň iň bagty çüwen miweleri — diýdi. Inji jogap gaýtarmady. Näme üçindigini sorasana — diýip, Bülent aýalyna ýüzlendi.
Inji gahar bilen:
— Näme üçin? — diýdi.
— Sebäbi bulary dünýäniň iň owadan, iň mylaýym zenany iýer — diýip, Bülent batyrgaý gürledi.
Inji haýran galdy. Birden onuň ýüzüne mähir çaýylan ýaly boldy.
— Bular seniň iň gowy görýän miweleriň. Seniň üçin aldym.
— Geň galaýmaly! Sen hemişe öz gowy görýän miweleriňi alýanam bolsaň, meniň nähili miwe halaýanym ýadyňda galypdyr. Men seniň iň gowy görýän miweleriňi aldym diýeriňe çyn ýürekden garaşýardym. Emma indi bu zatlaryň gadyr-gymmaty ýok. Sebäbi sen göwnüme degdiň, meni ynjytdyň. Miwe satyn alyp, ýykylan göwnümi galdyryp bilmersiň.
— Göwnüňe degenim üçin bagyşla — diýip, Bülent dyzyna çökdi. — Nähili jezaň bolsa çekmäge taýyn, emma senden ýekeje zat isleýän. Ugruňda mejnun bolup ýören adamy özüňden mahrum etme!
Boýnuny büküp, dyzyna çöken Bülent daşyndan gülkünç görünýärdi. Inji kikir-kikir edip gülmäge başlady.
— Bagyşlamak beýle aňsat däl, ýöne, hany göreli, jezaňy çekip bilermikäň?!
Şol pursat Bülent aýalynyň içinde kiçijik gyzyň bardygyny duýdy hem-de içinden: «Mundan beýläk ähli zat düýpgöter başgaça bolar» diýdi.