Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam
Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala,
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam.
Müňde alkyş okap senli ykbala,
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam.
Garaňky gijeleň aýy sen janym,
Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym,
Seni maňa köp görmesin Hudaýym,
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.
Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip,
Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip,
Indi sensiz ýaşama ýok hez edip,
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.
Ýylgyrşyň barlygy saz edip biljek,
Barlygyň ömrümi ýaz edip biljek,
Mydam gujak gersin kalbyň deý geljek,
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.
Senli ömür sowulmajak döwrandyr,
Senli ömür bakylyga dowamdyr,
Seni maňa serpaý eden Allamdyr,
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam.
Bagtygül TEKÄÝEWA. Goşgular