«Bagşylara»
"Bagşylara"

Ýagyşdan soň köpelşi deý köpelýär,
Ululy-kiçili, dürli kömelek.
Was, Garagum, Pendi, Ahal… düzünde,
Ne hezillik, heýjan-elek, jan-elek.
“Bagşam” az däl kömelegiň sanynda,
Oglan-u-gyz, garry-juwan ýanyňda.
“Bagşy bolmak hemmeleriň aňynda”,
Daşymdan däl, gaýtaladym içimde.
Hany bagşy, dil bitiren dutara?
Ýa gyjaga, ýa sitara, gitara…
Köpüsiniň ýüzi şo-ol Günbatara,
Bagşysy az, walla, munuň içinde.
Her gün doýup içen ýaly çefirden,
Düşmeýärler ekrandan ýa efirden.
Horluk eken aşa düşseň zefirden,
Her hilisi bardyr munuň içinde.
Atlysy bar, atsyzy bar bir giden,
Aýdymlaryň işi görülýär neden.
Nämüçin diýemzok: “Ä-hä-heý, ýegen,
Gitsene, işiň ýok munuň içinde”.
01.01.2023.
• IKILEMELER
Görmegiň kemi ýok, ýöne akylyň
bilen deň gelmeýäe eken şekiliň.
02.01.2023.(03.31m.)
***
Kim geçmişde basybaljy atasyn,
Taryplasa, geçilmejek hatasyň.
02.01.2023. (03.36m.)
***
Danaň müň ýyldan soň sözi ýaşaýar,
Diýmek, ölmändir ol, özi ýaşaýar.
02.01.2023 (03.41 m.)
***
Göter-göter edip, göterdi biri,
Gerekmi ýasamak tilkiden şiri?
02.01.2023. (03.45 m.)
***
Ata zadyn saklap bilmese her kim,
Ýaşan ömri bolar, meger, it kimin.
02.01.2023. (03.57 m.) Goşgular