Ba­har gö­zel, ýö­ne güý­zem aja­ýyp…

Ba­har gö­zel, ýö­ne güý­zem aja­ýyp...

Nel­li Saak­ýan,
er­me­ni şa­hy­ry

Bahar gözel, ýöne güýzem ajaýyp,
Gyş dünýäsin diýsene!
Jana hoş ýakýan.
Tomus bolsa baýlyk baryn eçilip,
Bagra basyp, bize mylaýym bakýa.
Saklan, diňle, iň bolmanda bir eglen,
Şäher ýolagçysy — howlugyp barýan.
Çynlakaý ynamly bu Älem bilen,
Gürrüň et — gaýgyny ýatdan çykarýan.
Açylsyn mürşüpjik oturan gunça,hem döresin aýdyň pikirler şonça…

***

Dinara Baýmurzaýewa,
özbek şahyry

Suwuna ýuw meni durnagöz çeşmäň,
Sümmülleriň bilen köňlüm gandyryp.
Hemişe juwan bol hem-de gülle sen,
Aksyn derýalaryň suwun dolduryp.

Hasyllarňy ýaş nesliňe peşgeş ber,
Goý, olar tarypyn ýetirsin ýeriň.
Kalby baý söýgüden owaldan halkyň,
Hakydaňa ýazsaň, gaýgyrma zerin.

Meýmiräýin nuruna, ber erada,
«Güneş» atly ýyldyz suwuna düşüp.
Aýakýalaň ýöräp pagta meýdanda,
Daş guýyň suwuny ganaýyn içip.

Gadym ýol-ýörelgäň maňa miras goý,
Altyn ülkäm meniň, eý lälezarly,
Bolçulygyň, bereketiň mekany
Şadyýan tansly, gadym bazarly.
Bütin Aziýaň mähri, gülzar-gülüstan,
Sensiň, eziz Watanym Özbegistan!

***

Nikolaý Rubsow,
rus şahyry

Gyş aýdymy

Bu obada ojakda ot öçmedi,
Şoň üçin bilmersiň gaýgy-gussany!
Bezeýär näz bilen ýagty ýyldyzlar,
Ümsüm gyş gijesi tämiz asmany.

Ýuwaşjadan tolkun atýar täsinje,
Sesi gelýär akyp duran derýanyň…
Kän kynçylyk bolupdy meň ýolumda,
Nirde sen, eý gaýgym, sen nirä barýaň?

Edaly gyz maňa ýylgyryp bakýar,
Meniňem göwnüm hoş hemem çag keýpim!
Gören görgülerim ýadymdan çykýar,
Gökdäki ýyldyzlar süýşýärler seýkin!

…Bu obada ojakda ot öçmedi,
Sen bilmersiň munda gaýgy-gussany!
Näz bilen bezeýär ýagty ýyldyzlar,
Ümsüm gyş gijesi tämiz asmany…

***

Abaý Kunanbaýew,
gazak şahyry

Öz ýoluňy saýlap al

Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda,
Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň.
Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý,
Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň.

Gaçyp barýan diňe ýoluny görer,
Kowalaýan ylgap gider howluga.
Erk welin olary akyla tirkär,
Adalatlyk kalbyň gaplar gowluga.

Eger erkiň bolsa, ýaşar akylam,
Onsuz hakykat ýok, wepa ýok onsuz.
Öňde ot alawlar, yzyňda buzluk,
Nätjek, ýaşamak ýok, hasratsyz, şonsuz.

Nebsiň möwjemänkä sen ony sakla,
Öwgä mynasyp bol, ökünme soňra.
Kemçiligiň bilseň ýadyňda sakla,
Bu göreşde diňe ýeňşi et hemra.

Ätjek ädimleriň ynamly bolsun,
Şonda seň zähmetiň rehnetin berer.
Kimde-kim dil öwretse ýaş nesline,
Tohum deý şinelär, ýerde gögerer.

Mu­kad­das Ab­du­sa­ma­to­wa,
öz­bek şa­hy­ry

Sen nirede, çagalygym?

Ah, meniň çagalygym —
Sende bagtly çaglygym.
Şatlygym, bezzatlygym,
Gaýgydan azatlygym…
Bol meniň ýanymdajyk,
Iň bolmanda, şu günjük!
Çagyrsam gelmeýärsiň,
Hiç yza dönmeýärsiň.
Seni dogduk obamda
Yzladym Tagtapulda —
Benewşe gülli meýdanda,
Hem şaglawukly dagda.
Men hiç jogap tapmadym,
Barmyň şu ýerde dagy…
Öňki ýaly kesildi,
Ene söwüt baldagy.
Birwagt öz saçym bilen,
Olary örüpdim goşup.
Bosagada «Eje!..» diýip,
Gyzym çagyrýar joşup.
Meň balam şeýle bezzat,
Iň ýakyn ezizim meň.
Oň üçin çekmeli azap,
Hem bolmaly seresap.
Ah, çagalygym, şat men,
Men ahyr seni tapdym…
Gyzym meň çagalygym —
Munda bagtly çaglygym!

Rusçadan ter­ji­me eden Aý­na­bat ATA­ÝE­WA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle