| |

Azyl molla / satiriki hekaýa

Azyl molla / satiriki hekaýa AZYL MOLLA

Azyl molla / satiriki hekaýa

Mellek ýerini elinden aldyran Azyl molla çyny bilen ellerini göge göteräge-de, awuny aldyran tomzak ýaly gargamaga başlady.
― Hernä, azabyňyz reýgan bolsun! Gowaçalaryňyz tersine gögerip, aljak girdejiňiz çykdajy bolup, gäbiňizi azdyrsyn. Ak pagtaňyz açylsa-da, gap-gara bolup açylsyn. Azyl molla birden böwrüni diňşirgendirdi-de, içinden: «eger birden gara pagta gögeräýse, ony döwletiň gymmat alaýmagy mümkin. Bu gargynjy yzyna almak gerek» diýip, Azyl molla töweregine seredip, özüniň gargyşyny duran çaga-çugalaryň öňünde iki gepli bolmajak bolup, sözüni almady-da, içinden «aý diýenim bolup durmy?» ― diýdi.
Men işsizlikden bu mesele bilen gyzyklanyp, mollanyň öýüne bardym we özümi tanatman habar gatdym.
― Azyl aga, siz, gowaçalar başaşak gögersin diýip gargapsyňyz weli, gowaçalar-a siziň diýeniňize boýun sunmadyk ýaly ― diýip oýnakladym.
― Boýun sunman görsün. Haýsy birine boýun sunman bilerkä? Men oňa soň «karadrin degsin, wilit degsin» ― diýip, goşmaça gargyşlar hem etdim ahyry ― diýip, molla jalaýja gözlerini oýnatdy.
Men şu gürrüňlerden soň Azyl mollanyň kimdigini tanamak üçin Allatagala bilen telefonda ýörite gepleşdim.
― Essalawmaleýkim.
― Waleýkim essalam, gurgunmysyňyz?
― Size şükür, gurgundyrys.
― Ýagdaýlaryňyz nähili?
― Siz ýokarda oturyp, ol zatlary has gowy görýänsiňiz.
― Şu ýyl howa ýagdaýy öwerli däl, ara bulut düşýär-de, sizi görüp bolanok.
― Telewizor üsti bilen göräýiň.
― Bize-hä hokkeý bilen futbolam iş bolýar. Gapymyň agzynda «Hudaý ýok, ýedinji gata, arşa komandirowka gitdi» diýip, ýazgy asyp, futbol görüp otyrdym welin, birden bezzat kometajyklaryň biri ekranymy kül-pagyş etdi gidiberdi. Menem özüme şükür, şu daş börümi garaldyp gidiberen bolsa näderdim ― diýip oturyberdim. Näme hyzmat?
― Alla jan, biziň Täzebazar obamyzda Azyl molla diýen bir tip bar. Şol dogrudanam mollamy? Şonuň şahsy delosy bilen meni tanyşdyrmagyňyzy haýyş edýärin.
― Be, maňa kyn ýumuş buýurdyňyz-ow. Çünki häzirki döwürde mollasumaklar şeýle bir köpelýär welin, inkubatordan çykýan ýaly. Ählisiniňem häsiýeti pis. Ili aldap pul gazanyp bilseler, edil laureat bolan ýaly.
― Onsoň ýaňky Azyl molla nähili?
― Be, Azyl molla, Azyl molla hany kartotekanyň mollalar diýen bölümine seredeýin. Azyl molla, Azyl molla… Ol-a mollalaryň spisogynda ýok. Alo, alo meždugorodnyý. Ýer bilen meniň aramy nämüçin kesdiňiz? A gyz! Keýgim! Dewuşka!
― Alo-alo, gepläberiň. Ynha, ýer bilen ýene birleşdirdim.
― Alla jan, Azyl mollanyň delosyny tapdyňyzmy?
― Ýok, tapmadym. Hany S harpyndan başlanýan kartoteka-da seredeýin. Onda diňe sopularyň delolory saklanylýar. Trubkada bir salym ümsümlik bolýar. Soňra Allatagalanyň şu setirlere çalaja hiňlenýändigi eşidilýär.

Uzyn boýly derekler,
Ýaryş gurýar gerekler…

― Äl-aýt, şundanam bir aýdym bormy?
― Alo, alo, Ýer, Ýer… Redaksiýanyň işgäri, seniň ol diýýäniňiň ady sopularyň spisogynda-da ýok, pirleriň spisogynda-da. Men sizi kän garaşdyran-a däldirin?
― Ýok-la, on minut garaşdym.
― Dogry, ýöne sizdäki bir minut arş üçin üç güne barabar. Diýmek, men göni bir aý bäri elektron maşynlaryň kömegi bilen Azyl mollany gözleýän, tapamok. Men size ertir jaň ederin.
― Bolýar, bolýar.
― Ýekeje minut gyssanmaň, ynha, tapdym. Siziň ol diýýäniňiz asyl «K» harpynda bolsa nätjek.
― O nähili «K» harpynda?
― «K» harpynda. Özem kezzap Azyl diýlip ýazylypdyr.
Ynha diňle, «Azyl kezzap, №1 kezzap. Boýy 1,76, agramy 80 kg, sakgalynyň uzynlygy 68,7 sm, körsowat. Sogaby diýen grafika boş, deregine günäsi diýen grafikada boş ýer ýok. Mysal: Ol 1977-nji ýylda tutan orazasynyň 28 gününi ogrynça börek bilen arakdan kemsiz urup geçirdi. Diňe gaýynynyň ýogalan güni köpçülikden sypynyp bilmäni üçin aç geçirdi. Ýene-de mysal…
― Ýok, ýok, besdir mysal gerek däl…

Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle