|

Azgyna

Azgyna AZGYNA

Durmuş näme? Bilýändirin öýtme,
«Köp horluk görlendir“ diýýärsiň haşlap.
Ojagyňa niçe hasrat getirdiň,
Emedekläp, ýörjen-ýörjenden başlap.

Ataň gurup beren tagtyn ýumurdyň,
Şumudy, seň eýsem, durmuş diýýäniň?
Eneň gözlerinden siller döredi,
Zäher-zakgun, bal bolsa-da iýýäniň.

Seniň durmuşyňa kimler belet däl,
Şonuň üçin sen hiç kime gerek däl…

31.08-01.09.2016. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle