|

Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky ýeňşi

Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky ýeňşi AZERBAÝJANYŇ DAGLYK GARABAGDAKY ÝEŇŞI RUSSIÝANYŇ GÜÝJÜNIŇ ÇÄKLERINI ÄŞGÄR GÖRKEZÝÄR

Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky ýeňşi

Moskwanyň serişdeleriniň “mese-mälim çäkliligi” ony Bakuwyň barha artýan kuwwatyna görä “aýak uzatmaga” mejbur etdi.

Jedelli Daglyk Garabag sebitiniň üstünde uzaga çeken 35 ýyllyk çaknyşykda Azerbaýjanyň gazanan harby ýeňşi Ermenistanyň däp bolup gelýän hyzmatdaşy we ýarany Russiýanyň görnetin geopolitik şowsuzlygy bolup durýar.
Moskwanyň sowet döwründen soňraky strategiýasy köplenç özüniň ýakyn goňşularyny ejizletmek üçin olaryň arasynda çaknyşyklary tutaşdyrmak bolup, şunuň netijesinde Ukrainada, Moldowada we Gürjüstanda krizisler döredi. Emma bu sapar Kreml özüniň köne ýaranyny pida etmek hyýalyny jar edip, Azerbaýjanyň barha artýan kuwwayna görä “aýak uzatmaga” mejbur boldy.
Şu aýyň başynda, häzirki krizis entek başlanmanka Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan öz ýurdunyň Russiýanyň howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşy hökmünde oňa taryhdan gelýän “99.999 göterim” baglylygynyň strategik ýalňyşlyk bolandygyna ahmyr edipdi.
Çünki Russiýanyň Ukrainada batgalyga batyp galandygy, baryp SSSR dargaly bäri etniki ermenileriň elindäki anklawy öz ygtyýaryna almak isläp gelýän Azerbaýjanyň ahyrsoňunda ony ele geçirmegine indi Russiýanyň päsgel berip bilmejekdigi eýýäm haçandan bellidi.
“Russiýanyň serişdeleriniň çäkliligi mese-mälim – diýip, “Chatham House” seljerme merkeziniň Russiýa boýunça bilermeni Jeýms Niksi aýdýar – Garabag bolsa Moskwa üçin onçakly ähmiýeti bolan mesele däl, ol ýerden Krym ýa-da Siriýa ýaly güýç gönderip bolýan ýer däl”.
“Bir tarapdan seretseň, Russiýa saýlajak ýurdyny ýalňyşdy – diýip, Birleşen korollyk institutynyň pikirlenişme merkeziniň direktory Nil Melwin çaklaýar – Azerbaýjan Russiýa has ýakyn: olaryň umumy serhedi bar. Häzir Günorta Kawkazda kimiň güýjüniň zordugy açyk we, görnüşine görä, Russiýa hem şonuň bilen bile bolmak isleýär”.
Azerbaýjan Ermenistana garanda has uly hem-de baý ýurt, özem Russiýa ýaly awtokratik döwlet. Ýurduň uly nebit we ep-esli gaz gorlaryndan goldaw alýan ykdysadyýeti has güýçli goşuny saklamaga mümkinçilik berýär: Halkara strategik barlaglar institunyň maglumatya görä, onuň 2,64 milliard dollarlyk (2,16 mlrd. funt sterling) goranmak býujeti dollar hasabynda alnanda goňşusynyňkydan 3,5 esse köp.
Baku eýýäm Türkiýe bilen netijeli ýaranlyk gurup, onuň beren Baýraktar TB2 dronlary Azerbaýjana 2020-nji ýyldaky soňky uruşda ýeňmäge kömek edipdi; şol 44 günlük güýzki çaknyşykda Azerbaýjan asmanda gözegçiligi eýeläp, Daglyk Garabagda Ermenistanyň sowet döwründen galan tanklaryny we beýleki güýçlerini bomba tutupdy.
Ol 1994-nji ýylda elden gideren ýerlerini gaýdyp alyp, şondan soňraky ýaraşyk şertnamasyna görä, Daglyk Garabagyň diňe merkezini etnik ermenilere galdyrypdy, onuň serhetlerine gözegçilik etmek we Ermenistana gidýän Laçin dälizini goramak üçin 2000-e ýakyn rus parahatçylyk güýçleri goýlupdy.
Emma Ukrainadaky urşuň öňüsyrasynda Azerbaýjan hem Russiýa ýüz tutdy. Atasy KGB-niň emeldary we Syýasy býuronyň agzasy bolan Ylham Aliýew çozuşdan iki gün öň Wladimir Putin bilen ýaranlyk şertnamasyna gol çekişmek üçin Moskwa gitdi. Soň Azerbaýjan Russiýadan gaz satyn almaga hem ylalaşdy, bu onuň şol gazy Ýewrosoyuzyň öňündäki borçnamasyny ýerine ýetirmek üçin ulanandygy ýa-da däldigi barada soraglary ýüze çykardy.
Azerbaýjanyň Daglyk Garabaga geçen hepdedäki soňky hüjümi bary-ýogy 24 sagada çekdi. Hüjümde rus parahatçylyk güýçleriniň birnäçe esgeri öldürildi. Ertesi Aliýew ötünç soramak üçin Kremle jaň etdi we Moskwanyň açyk bir närazylyk görkezmänine görä bu mesele ýapylan ýaly görünýär.
Azerbaýjanyň günortasynda Russiýanyň az sanly ýakyn ýaranlarynyň biri Eýran ýerleşýär. Maýda bu üç ýurt Hazar deňziniň ugry boýunça täze demirýol dälizini gurmak barada gepleşdiler. Moskwa munuň Sues kanalyna bäsdeş söwda ýoluny döredip biljekligi hakynda optimistik beýanatlar berýär.
Şu iki arada bolsa Ermenistanyň premýer-ministri alty ýurtdan ybarat, Moskwanyň agalygy astynda bolan Köpçülikleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň (CSTO) özlerine kömege gelmänliginden zeýrendi, şonuň üçinem käbirleri indi bu ýurduň ýüzüni Günbatara öwürmegini umyt edýärler. Ýurduň parlamenti Halkara jenaýat kazyýetine birikmegiň meselesine seretmekçi bolýar, eger bu karar tassyklansa, onda Gaaga tarapyndan günäkärlenen Putiniň bu ýurda gelmegine yjaza berilmez.
Emma Ýerewanyň Ýewrosoýuza we NATO ýüzlenmesine entek ýol uzak. “Ukrainanyň Ýewrosoýuza we NATO birikmekde çekýän kynçylyklaryna bir serediň. Onsoň Ermenistan ýaly ýurduň munda asla şansy ýok” diýip, Niksi aýdýar. Ýurdy günbatarda Türkiýeden goraýan, birmahaldan bäri bar bolan Gümri rus bazasyny nazarda tutsaň, alaga-da täze düzgüne geçmek mümkin görünmeýär.
Russiýanyň Ermenistany gorap bilmezliginiň ýa-da muny islemezliginiň sowetlerden soňky doňup galan beýleki çaknyşyklar barada täsirli bir netijesi bolman biler, çünki bu çaknyşyklara dahylly ýurtlaryň Azerbaýjanyňky ýaly güýçleri ýok ýa-da olaryň Moskwa garşy duşmançylygy has az.
Žurnalist we Kawkaz sebiti boýunça bilermen Muhamet Toriýewiň aýtmagyna görä, Gürjüstanyň hökümeti “Russiýa tarap barha dostana” bolmak bilen, ol Günorta Osetiýany ýa-da Abhaziýany gaýdyp almaga çynlakaý gyzygyp baranok, özüniň trans-dnepr ýurtbölüjileri bilen aladasy ýetik Moldowanyň bolsa Kremle garşy meýdana çykyşmaga ýagdaýy ýok.
Siriýa ýaly ýurtlarda bolsa Russiýa bilen ýaranlyk olary dolandyrýan režimleriniň öz häkimiýetini goramaga kömek edýänligi sebäpli, eger Moskwa garşy gös-göni meýdana çykyşma bolmasa, ol bu ýurtlarda galmagyny dowam etdirjege meňzeýär. Emma, hünärmenleriň pikirine görä, üýtgän zat hem indi Ukraina we Azerbaýjan ýaly has güýçli ýurtlarda Russiýa bilen meýdana çykyşmaga öň hiç wagt bolmadyk islegiň we muňa ukybyň indi bar bolmagydyr.
“Hakykat şundan ybarat: munuň sebäbi Russiýanyň soňky döwürde gowşamagy” diýip, Melwin aýdýar.

Den SABBAG.

“The Guardian” gazeti, 25.09.2023 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle