Azerbaýjanda türkmenleriñ ýaşaýan ýerleri bilen baglanyşykly geografik atlar
Azerbaýjanda türkmenleriñ ýaşaýan ýerleri bilen baglanyşykly geografik atlar
■ Akgoýunly
Azerbaýjanyñ dürli raýonlarynda obalar. Akgoýunly tire ady. Gadym zamanlarda akgoýunlylaryñ baýdagynda ak goýnuñ şekili bolup, ol baýlygy, bolçulygy we güýji añladypdyr. Diýmek, akgoýunly, aslynda oñondan emele gelen atdyr.
■ Arabaçy
Barda we Kebelek raýonlarynda obalar. Bu ady «araba ýasaýanlar» diýip düşündirýärler, emma onuñ arabaçy taýpasy bilen baglanyşygynyñ bolmagy gaty mümkindir.
■ Baýat
Agjabedi, Guba, Neftçala, Ujar, Şamahy, Şuşa raýonlarynda obalar. Baýat — tire ady.
■ Çakyrly
(azerbaýjança Çahyrly) — Gökçaý, Jebraýyl, Masally raýonlarynda obalar. Çakyr (çakyrly) — tire ady. Şeýle etnotoponim Lebap welaýatynyñ Kerki etrabynda-da bar.
■ Çekirli
(azerbaýjança Çäkirli we Çäjirli) — Kürdemir, Şamahy we Şäki raýonlarynda obalar. Çekirli — tire ady. Çekir diýen obalar Lebap welaýatynyñ Halaç we Kerki etraplarynda-da bar.
■ Çendirli
Gazak raýonynda oba. Çendir (çandyr) — tire ady. (Ýurdumyzyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynda-da Çendir diýen oba bar -t.b.).
■ Çowdar
Daşkesen raýonynda oba. Bu at çowdur taýpasy bilen baglanyşykly bolsa gerek.
■ Deweçi
(azerbaýjança Däwäçi) — raýon, çeşme, demirýol menzili. Deweçi (düýeji) — taýpa ady.
■ Deweçibazar
Deweçibazar raýonynda oba. Oña bazaryñ, bazara bolsa şu ýerdäki deweçi (düýeji) taýpasynyñ ady dakylypdyr.
■ Dügerli
(azerbaýjança Düjärli) — Şamhor raýonynda oba. Düger (tüwer) — tire ady. A.Alyýew bu adyñ, ýagny dük («müñ) är sözüniñ «müñbaşy» manysynda ýüze çykandygyny belleýär.
■ Eýmir
Agdaş raýonynda oba. A.Alyýew bu ady, şonuñ ýaly-da Kedebek raýonyndaky Emir diýen obanyñ adyny eýmir taýpasy bilen baglanyşdyrýar.
■ Galaç
Niýal dag ulgamynyñ bir bölegi. Galaç (Halaç) — XIII asyrda Horasandan we Eýrandan Azerbaýjana geçen taýpanyñ ady.
■ Garagoýunly
Gazak we Kedebek raýonlarynda obalar. Garagoýunly — XV asyrda Azerbaýjana gelen oguz-türkmen taýpasy. Obalarda şol taýpanyñ wekilleri ýaşaýarlar. Öñ garagoýunlylaryñ baýdagynda gara goýnuñ şekili bolup, ol baýlygy, bolçulygy we gûýji añladypdyr. Diýmek, garagoýunly ~ oñondan emele gelen atdyr.
■ Garamandag
Agdam raýonynda dag. Bu at garaman tiresiniñ ady bilen baglanyşyklydyr.
■ Garamanly
Baku-Astara aralykda demirýol menzili; Gökçaý raýonynda oba. Garaman — tire ady. («Garaman» sözi adam ady görnüşinde we urug ady bolup ýurdumyzyñ Magtymguly etrabynyñ daglyk ýerlerinde ýaşaýan nohurly taýpasynda hem gabat gelýär -t.b.)
■ Gargarçaý
Stepanakertde we Gazak raýonynda çeşmeler. A.Alyýew bu adyñ düzümindäki gargar diýen etnonimi ärsarylaryñ düzüminde duş gelýän gargar tiresi bilen baglanyşdyrýar.
■ Halaç
(azerbaýjança Häläç) — Salýan raýonynda oba. Halaç — taýpa ady. (ýurdumyzyñ Lebap welaýatynda-da Halaç etraby bardyr -t.b.)
■ Kyryhly
Kasym Ysmaýylow, Tawuz, Hanlar raýonlarynda obalar. Kyryhly — mongollaryñ çozuşy döwründe Azerbaýjana gelen owşar türkmenleriniñ bir tiresidir.
■ Polatly
Azerbaýjanyñ günbatar raýonlarynda obalar. Polatly — tire ady. Şeýle tire Lebap welaýatynyñ Halaç etrabynda-da bar.
■ Salyr
(azerbaýjança Saler) — Şamhor raýonynda oba. Salyr — taýpa ady.
■ Saýatly
(azerbaýjança Saatly) — raýon, şäherçe, demirýol menzili. Saýatly (saatly) — XI asyrdan başlap Azerbaýjana göçen seljuk türkmenleriniñ bir tiresidir.
■ Türkmen
Gökçaý raýonynda oba. Şu töwereklerde akgoýunly we garagoýunly türkmenler ýaşaýarlar.
■ Türkmendüşen
Gah raýonynda ýer ady. Bu at türkmenler bilen baglanyşyklydyr.
# Soltanşa Atanyýazowyñ «Türkmenistanyñ geografik atlarynyñ düşündirişli sözlügi» kitabyndan. Taryhy makalalar