Azatmahy hakynda rowayat
Azatmahy hakynda rowayat
AZATMAHY HAKYNDA ROWAÝAT
Gadym zamanlarda ir döwürlerde,
Bir goja balykçy ýaşap geçipdir.
Bu balykçy ömrün deñze örkläpdir,
Balyk awlap, maşgalasyn ekläpdir.
Añzakly gyşda-da, deñze giripdir,
Jöwzaly yssyda suwda ýüzüpdir.
Ikindinler deñze torun atypdyr,
Ir säherler suwdan awun çekipdir.
Gaýtalap ýene-de öñki däbini,
Çekipdir balykçy suwdan awuny.
Bu gün geñ ahwala gözi düşüpdir,
Täsin gudrat oñ dilini tutupdyr.
Beýle ahwal balykçynyñ ömrune,
Hiç gabat gelmändir guran torunda.
Lowurdap duranmyş ol tylla ýaly,
Jemalyny görseñ şeýle enaýy.
Haýran galyp bu günki geñ ahwala,
Balykçy dözmändir ony tutmaga.
Täsin balyk dillenipdir şo bada,
Aýdypdyr balykça täsin hekaýa.
Eý adamzat! Adym men Azatmahy,
Meni goýberseñiz çekmersiñ ahy.
Meni gören kişä rysgal getirin,
Arzuwyna-maksadyna yetirin.
Bu deñizde men balyklaryñ şasy,
Öwrulip barmasam çekerler ahy.
Deñizde paýlayan ile ýagşylyk,
Mana berilipdir diñe şu gylyk.
Şa bolsamda-gursagyma kakamok,
Ýa bolmasa bigünäleri ýakamok.
Söygüde kop cekdik biz ahy-zary,
Dessandaky aşyk-magşuklar yaly.
Azat men, çyn aşyk ýigitleñ biri,
Mahy bolsa aý dek gözelleñ hüýri.
Bir-birekden söýgi andyn içipdik,
Gerek bolsa şirin jandan geçipdik.
Söýgimize böwet bolup durdular,
Aýyrmaklyk üçin hile gurdular.
Berjek bolup özge ýara Mahyny,
Çekdirdiler maña söýgi ahyny.
Şeýdibem oklapdyk özümiz deñze,
Ikimiz öwrüldik bir tąsin gowra.
Ýetişerin aşyk-magşuk dadyna,
Ýüzlenseler Azatmahy adyma.
Balykçy geñ galyp täsin hekaýa,
Balygy goýberýär öz mekanyna.
Balykçynyñ rysgy artyp gün-günden,
Eden arzuwyna ýetipdir birden.
Balykçy hic kime aýtman bu syry,
Üç günläp sadaka paýlapdyr göni.
Üç günden soñ, goñşylaryñ üýşürip,
Gören ahwalyny gürrüñ beripdir.
Şondan bäri aşyk-magşuklañ bary,
Çagyrsa ýetişýär Azatmahyny.
Ençe heññam ençe wagt geçse-de,
Aşyk-magşuklaryñ päk söýgüsinde.
Bu rowayat yrym bolup ýaşaýar,
Deñiz şalygynda-söýgiñ ruhunda.
Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA,
TDP-niñ Türkmenbaşy şäher komitetiniñ
bölüm müdiri.
Goşgular