Azaşan dogan (Gysgajyk hekaýalar toplumyndan)
Lýusi Mod Montgomeri,
kanadaly ýazyjy
Hanym Hanna bakjasyndaky astra güllerini gyrkyşdyryp ýördi. Demirgazyk-gündogar şemalynyň şor suwly serpindisi bilen ähli zady zer-zaýa etmeginden goraýan kiçijik, çal, pessejik haýatly howludaky bu oýtam ýerde hiç zat ösmejek ýalydy. Emma howly giň bolmasa-da, onuň tämizligi hemem owadan gülleri göreni haýrana goýardy. Goňras ýoda gaçan ýapraklar süpürilip arassalanandy. Inedördül şekilde bejerilen peljagazlaryň araçäklerinde ullakan, ak, balykgulak gabyklary bardy. Hatda süýji nohutlaryň şahalary hem hanym Hannanyň diýýän ugrundan başga ýana aýlanmaga het edip bilmezdi.
Hanym Hannanyň uly ýoluň ugrundaky öýlerden uzakda, kenarýakada ýerleşýän horaşaja külbesi aralykdaky depelikler zerarly hasam çolaryp görünýärdi. Bu ýerdenem şäheriň hiç bir öýüni görmek mümkin däldi. Öýüniň arka ýüzündäki, demirgazyk-günbatar tarapdaky depäniň aňyrsyndan ýalkym saçyp görünýän äpet, sönmeýän ýyldyz kimin, iň garaňky gijelerde-de öçmeýän maýak bolmadyk bolsa, bu ýagdaýy çekip-çydamagyň özüne hiç haçan başartmajakdygyny ol hemişe gaýtalardy.
Öýüň arkasyndaky Sankt-Laurens aýlagynyň tolkunlarynyň bir ujy hanym Hannanyň aşhana basgançaklary bilen «degdim-gaçdym» oýnaýana meňzeýärdi. Demirgazyk tarapdaky ägirt uly ýarymaý şekilli aýlagyň güwwüldisi bolsa Hannanyň bütin ömrüniň hüwdüsine öwrülipdi. Her gezek adamlar onuň şeýle ýalňyz durmuşa nädip çydam edip ýaşap ýörendigi barada soranlarynda, ýekeligiň iň söýýän zadydygyny, owadan maýagy hemem aýlagyň uzaklardan gelýän owazyny özüne hemişelik hemra edinmäge taýyndygyny, şol zatlaryň Ralf dolanyp gelýänçä, ýalňyzlygy ýeňmek üçin ýeterlik boljakdygyny aýdardy. Elbetde, Ralf gaýdyp gelende, onuň has şowhunly ýerde ýaşamak üçin şähere ýa-da ýurduň beýleki çetlerine göçmekleri hem mümkindi.
Hanym Hanna buýsançly ýylgyrardy-da: «Elbetde, baý adamyň kenaryň ýakasyndaky kiçijik, horaşaja hütdükde ýaşasy gelmez. Doganym maňa mülk alyp berer, köşk gurup berer, men muňa şeýlebir ynanýan. Ýöne ol gelýänçä, bolanja zatlar bilen oňňut etmeli bolaryn» diýerdi. Hanym Hanna şular ýaly gürrüňleri edende, adamlar biri-birlerine seredişip ýylgyrardylar. Ýöne olar muny bildirmezlige çalşardylar.
Hanym Hanna ak-mawy güllerini göwünli-göwünsiz gyrkyşdyrýan mahaly birwagtlar, heniz ýaşka öwrenen köne aýdymlarynyň birine hiňlenerdi.
Oktýabryň açyk howaly seýrek günleriniň biridi, hanym Hanna şeýle ajap günleriň aşygydy. Howa altynsow hrustal ýaly tämizdi, töwerekdäki ähli eňňitler biraz dumanlydy, ýöne güýz gününiň güneşine ýumşapdy. Şol güneşli eňňitleriň aňyrsynda gyrmyzy we altyn öwüşginli tokaýlar bardy. Her gezek köprüniň ýanynda ýaşaýan hassa Milli Starra astra güllerinden eltip bermäge gidende, Hanna şol tokaý ýodalaryny yzarlap gitmekden lezzet alardy. Hanym Hannanyň illere berip biläýjek ýeke-täk zady owadan gülleridi. Ol mähir siňdirip ýetişdiren güllerini çäksiz söýgi hemem hoşniýetlilik bilen gowşurardy.
Hanna ýaňy bir ýola hyýallanyp duran wagty, üsti ýapyk bir paýtun bärligine gelýän ýodadan aşak indi-de, onuň ap-ak bakjalygynyň bir çetinde sägindi. Onuň içinde Jeýkob Delansiý hem-de onuň şäherden gezmäge gelen owadan ýegençisi bardy. Gollary astra desseli hanym Hanna mawy gözlerindäki ýanyp duran bilesigelijilik bilen haýatdan üstaşyry bäri garady. Ol bu gelen nätanyş gyzyň gözelligi barada öň kän gezek eşidipdi. Barjamly adamlardan ep-esli wagt bäri habar-hatyr bolmandy. Hanym Hannany bu görmegeý gyz baradaky zelelsiz bilesigelijilik gurşap aldy. Ol elmydama owadan adamlary synlamagy halaýardy, owadan adamlaryň hem edil owadan güller ýaly göwnüňi açýandygyny ýaňzydardy.
— Gündiziňiz haýyrly bolsun, hanym Hanna! Görýän welin, siz adatdakyňyz ýaly gülleriňiz bilen başagaý öýdýän? — diýip, Jeýkob Delansiý oňa ýüzlendi.
— Aý, hawa-la. Bilýäň-ä, hä diýmän gyş düşer, aýaz geler. Şonuň üçinem güller barka bir olaryň arasynda bolasym gelýär — diýip, hanym Hanna gürrüň arasynda ýaş gyzy buýsançly nazary bilen synlamaga-da ýetişdi.
— Dogry edýäňiz — diýip, Jeýkob onuň aýdanlaryny makullady. — Umuman-a, hanym Hanna, meniň bu ýere gelmegimiň hem sebäbi şu güller. Şu gün agşam öýümizde ýaşlar üçin şüweleň gurnamakçy. Aýalymam bezeg üçin az-owlak şol güllerden bermegiňizi sorady.
— Elbetde. Siz alyp bilersiňiz — diýip, Hanna elindäki gül desselerini oňa uzatdy — Aslynda, men bulary Millä niýetläpdim, ýöne men onuň üçin gaýraky peldäki güllerden täze desse taýýarlap bilerin — diýip, hanym Hanna jogap berdi.
Ol derwezäniň kildini ýazdyryp, ony emaý bilen açdy-da, astra güllerini gowşurmak üçin paýtuna tarap ýöneldi. Hanym Delansiý olary Hannanyň bütin ömrüne ýadynda galjak ýylgyryş bilen kabul etdi.
— Ajaýyp gün?! — diýip, Jeýkob gözlerini güldürip aýtdy.
— Hawa, gowy gün. Ýöne şeýle günler maňa Ralfyň ýigrimi ýyl mundan ozal bu ýerleri terk edişini ýatladýar. Ýaňy bolan zat ýaly bolup dur. Ol gaýdyp geler gerek, Jeýkob? — diýip, Hanna umytly gürledi.
— Hawa-la, elbetde — diýip, bu barada başgaça pikirlense-de, Jeýkob baş atdy.
— Ýüregim onuň ýakyn wagtlarda gaýdyp geljegini duýýar. Şol gün meniň üçin ajaýyp güne öwrüler, şeýle dälmi, Jeýkob? Men bütin ömrümi ýalňyzlykda, pukara durmuşda geçirdim, ýöne Ralf dolanyp gelende, hemme zat başgaça bolar. Ýagdaýymyz düýpgöter üýtgär. Ol baý, gurply adam bolar, onsoň ýekeje uýasynyň arzuw eden ähli zadyny alyp berer. Öň maňa gowy jaý, ulag hem-de ýüpek köýnek sowgat ederin diýipdi. Onsoň biz syýahat edip, bütin dünýäni aýlanyp çykarys. Şol güne nähili garaşýanymy bir bilsediň. Men bularyň hemmesini, ähli etsem-goýsamlarymy, aljak-goýjaklarymy öňünden meýilleşdirdim. Hemem onuň örän ýakynda dolanjagyna ynanýan. Bir adam ýigrimi ýylyň içinde baýap biler gerek, şeýle dälmi, Jeýkob? — diýip, hanym Hanna joşgunly gürledi.
— Wah, ol-a şeýle — diýip, Jeýkob biraz ynjalyksyz äheňde gürledi. Ol hiç wagt ýyly umytdan doly ýüreklere sowuk suw serpmegi halaýan adam däldi, ýöne hanym Hannanyň boş göwün ýüwürtmelerine daňlyp ýaşamagyny hem islemeýärdi. — Siz bu pikirlere lükgeligiňiz bilen berilmeseňiz gowumyka diýýän, hanym Hanna. Nesibedir, belki, ol dolanmaz, kim bilýär, dolanaýanynda hem, artykmaç gurby bolman biler.
— Nädip beýle zatlary diýip bilýäň, Jeýkob?! — Hanym Hannanyň solgun ýaňaklarynda kiçijik gyrmyzy tegmiller emele geldi. Birden möwjän gazaby onuň sözüni böldi.
— Sen onuň her näme-de bolsa, dolanyp geljegini gowy bilýäň. Men şu ýerdekäm, muňa hiç hili şübhäm ýok. Ol hökman geler, özem baýap geler. Bilýän, beýleki adamlaram edil şu bolşuň ýaly maňa hemişe kakdyran bolýarlar. Ýöne men olara ünsem beremok. Berjegem däl…
Ol öwrüldi-de, howalasyny belent tutup, öz bagyna dolandy. Hut şol wagtam süýji nohutlaryň üstünden öwsüp, burnuna kokan anbar yslar onuň birden örňän gahar-gazabyny zym-zyýat etdi. Hannanyň göwni ýazylyp, ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol owadan gülleriniň muşdaklaryna hoşlaşýan şekilde gollaryny galgatdy-da, ýodadaky arabajygyna seredip ýylgyrdy.
Hanym Hanna içki pikirlerine çümdi: «Jeýkob bu zatlary nireden bilsin? Ýöne menem abyrdadyp, onuň ýüzüni almaly däldim… Ýanyndaky gyzyň owadanlygy hiç neneň däldi, men göýä, bir ajaýyp surata sereden ýaly boldum. Begenmek üçin şu-da ýeterlik. Diýmek, bu gün gowy gün. Meniň ykbalymda her gün diýen ýaly, hökman bir ýakymly pursat peýda bolýar. Şol owadan näzenin şu günüň iň ýakymly zady. Dünýäde şeýle owadan adamlaryň bardygy, meniňem olary görüp bilýändigim üçin men örän bagtly!» diýip pyşyrdady.
Ýegençisi bilen paýtunly ýodadan aşaklygyna inip barýan Jeýkob içini döküp başlady:
— Aslynda, onuň diýýänleriniň barysy ýöne bir boş hyýal-da… oňa nebsim agyrýar…
— Hiç düşünip bilmedim. Ýeri, nämeler boldy? — diýip, hanym Delansiý bilesigelijilik bilen sorady.
— Umuman, bu şeýleräk boldy. Hanym Hannanyň bir agasy bar. Oňa Ralf Uolwort diýilýär. Bu waka ene-atalary heniz dünýäsini täzelemänkä bolupdy, ýagny Ralf hojalygyň bar baýlygyny ýele sowrup ýören, başyna giden bir tetellidi, özdiýenli ýaş-ýetginjekdi. Ol Hannadan başga hiç kime gerek däldi, ata-enesi hem ondan bizar bolupdy, kakasy bilen asla düşünişip bilmeýärdi. Ýöne dogrymy aýtsam, Ralf hem uýasyny juda gowy görýärdi. Ahyry Ralf bu öýden çykyp gitjekdigini ýaňzydypdyr. Aslynda, ol gowy gazanç, ýeterlik hak-heşdek üçin şahtaçylar ýurduna işlemäge gidendir öýdülýärdi. Ol Hanna hoşlaşýandygy, özüniň baýamaga gidýändigi, baý adam bolup gaýdyp geljekdigi, köp zatlary sowgat etjekdigi barada hat goýup gidipdir. Ana, şondan bäri hem ondan habar-hatyr ýok. Şol gidişi-gidişi. Meň pikirimçe, onuň aýatda bardygy hem näbelli. Ýöne welin, görşüň ýaly, hanym Hanna onuň kisesinden altyn saçyp gaýdyp geljegine ynanýar. Hanna akylly, düşbüje gyz, emma ol şol howaýy pikirlere göwnüni bölene meňzeýär. Eger Ralf dolanyp gelmese, hanym Hanna bu umytlaryny hemra edinip, her niçigem bolsa, bagtly ýaşamagy dowam eder. Umytly ýaşaýyş — bagtly ýaşaýyş. Ýöne ol zompa bir ýerden çykaýsa, üstesine-de öňki kakabaşlygy, has beteri-de hor-homsulygy, garyp güzerany bolsa, ine, şol ýagdaý — umytlaryň ödelmezligi, lapykeçlik hanym Hannany heläk eder. Ol ähli zada örän ynanýar, agasyna buýsanýar, özi mähir-mylakatly, ýöne agasyna gaty-gaýrym diýilmegini hiç halanok, özüňem gördüň-ä, ýaňy men onuň baýamadyk bolmagynyňam mümkindigi barada aýdanymda nähili ugradandygyny. Eger Ralf sermagallak gaýdyp gelse, bu wagt Hanna näçe öwübersin, ony güler ýüz bilen garşylamasa gerek. Soňam agasyndan göwni geçip, başyny dik tutup bilmejegi hakykat. Şonuň üçinem Ralf Uolwort iki-üç araba genji-hazyna bilen dolanmajak bolsa, gowusy, onuň bu jelegaýlarda hiç görünmäni gowy.
Oktýabr geçip, noýabr gelende, hanym Hannanyň bakjasynyň şowhuny sowuldy. Gülleri bolmansoň, ol özüni has-da ýalňyz duýýardy. Bütin ýylyň dowamynda oňa ýekeligini duýdurtmadyk güllerini edil şu wagtlar hasam küýseýärdi. Gowy howaly günlerde ol ýodajykdan aşak ikibaka gezmeläp, tänip gaçýan ýapraklary gussaly synlaýardy. Şol gün, arka şemalynyň aýlag suwlaryny ak köpükli tolkunlara öwürýän mahaly, girelgede we çal aýmançanyň daşynda sygyryp köwsarlaýan wagty hem Hanna şol ýerdedi. Gamgyn bakyşlar bilen sowuk uran hrizantema gülleriniň altynsow eňejiklerinden sypalap duran wagty, ýoda bilen aşaklygyna bir adamyň agsaklap gelýändigi gözüne kaklyşdy. Hanna ony garşylamak üçin derwezä tarap ýöneldi. Ol adam eňňitleriň arasy bilen bir galyp, bir büdräp gelşine, Hannanyň garşysynda sägindi-de, naýynjar bakyşlar bilen ony synlamaga durdy. Ol halys garrap, tapdan düşen, eginbaşlary sal-sal biridi. «Bu kim bolup biler?». Hanna ony tanajak bolup huşuna agram saldy. Ýöne bäş ýyl mundan ozal dünýeden gaýdan kakasyndan başga hiç kim ýadyna düşmedi.
— Meni tanamadyňmy, Hanna? Men şeýle üýtgäpdirinmi? — diýip, nätanyş sorag berdi.
— Ralf!
Hanna derwezeden okdurylyp çykdy-da, doganyny bagryna basdy.
— Ralf! Mähriban doganjygym! Elmydama seniň geljegiňi bilýärdim. Sen meniň bu güne nähili garaşanymy bir bilsediň! — diýip, ol hem sojap aglaýardy, hem begenjinden ýylgyrýardy. Hannanyň ýüzünde mähirli şadyýanlyk uçganaklaýardy.
Ralf Uolwort uludan demini aldy-da, gamgyn halda başyny ýaýkady:
— Bagyşla meni, Hanna, men hiç zat gazanyp bilmedim. Seniň ýanyňa bir betbagt, garyp adam bolup dolandym, saglygymyňam ugry ýok, üstesine, görşüň ýaly, özümem şikesli. Dolanmaga ýüzüm bolmansoň, bu ýerlerde gaýdyp garamy görkezmerin öýdüp pikir edipdim. Diňe seniň güýçli bolanyňy görmek isläpdim. Edenim tersine boldy, uýam. Men halys lagşadym, Hanna!
— Diýýäniň näme… sen meniň gadyrdan doganjygym ahyry. Seniň baýdygyň ýa garypdygyň meniň üçin ähmiýeti bardyr öýdýärmiň?! Saglygyň ugry ýok bolsa, saňa ideg etjek ýene öz uýaňdyr, doganjygym. Sowukda saňňyldap durma-da, içeri girsene. Men saňa gowy edip gyzgynjak smorodinaly içgi taýýarlaýyn. Görýärmiň, geçen tomus gara smorodinalary biderek ýere köp ekmändirin. Bu gün, gör, nähili gowy gün, men doganjygyma duşdum! — diýip, Hanna begenjinden aglady.
Ralf Uolwortyň kör-köpüksiz hem-de maýyp-müjrüp bolup gelendigi baradaky habary ýigrimi dört sagadyň içinde uly ýoluň ugrunda ýaşaýanlaryň hemmesi eşidip ýetişdi. Jeýkob Delansiý stansiýadan Ralf Uolwortyň kiçijik köneje çemedanyny paýtunyna ýükläp, alyp gelýärkä başyny ýaýkady. Stansiýanyň gullukçysy ony hanym Hanna eltip bermegi haýyş edende, Jeýkob bu işi birbada unamandy. Ol hanym Hannanyň özüni oňaýsyz duýmagyndan gorkýardy, ýöne haýyş edip duransoň, başga näme diýjeginem bilmändi.
Hanna bakjasynda suwotulary serişdirip ýörkä, Jeýkobyň ýetip gelýändigini uzakdan saýgardy. Ony garşylamak üçin derwezä tarap ýöneldi.
— Jenap Delansiý, siz Ralfyň goşlaryny getirdiňizmi? Ine, munyňyz ullakan ýagşylyk. Ol stansiýa özi gidip görjegem boldy, ýöne biraz sowuklansoň, ony ertire çenli garaşmaga yrdym. Ol häzir dynç alyp ýatyr. Gaty ýadapdyr. Şu gün irden, ine, şu suwotulary meniň üçin deňizden getirdi, şolam onuň şeýle hala düşmegine, güýçden gaçmagyna sebäp bolandyr. Aýtdyma men saňa, ol hökman geler diýip. Sen bolsa şol wagt üstümden gülüpdiň, ýöne men onuň geljekdigini bilýärdim.
— Ýöne ol, seň aýdyşyň ýaly, gatybir baýam-a däl — diýip, Jeýkob degişdi. Hanym Hannanyň munuň üçin gaharlanmaýandygyny görensoň, biraz rahatlandy.
— Zeleli ýok. Özi barka, baýlyk hiç. Onuň meniň doganymdygynyň özi ýeterlik dälmi näme?! Ol gurply bolup dolanmadygam bolsa, men özümi baý duýýan. Sebäbi mende söýgi bar, şatlyk bar. Ýanymda doganym bar. Şonuň üçinem men bu wagt onuň baý bolup dolanmagyndanam has bagtly.
Bu dünýäde saňa degişli bolan biriniň bolmagy, onuň üçin bir zatlar etmek nähili gowy, hä? Men öňler gyş möwsüminde ýalňyzlykdan has gorkýardym, ümmüldeşer ýaly güllerimem, sypalar ýaly ýapraklaram ýokdy, indi welin bu meň üçin iň bir bagtly gyşlaryň biri bolar. Ralfyň durmuşy agyr geçipdir. Şowsuzlygyň üstesine ýarawsyzlygam tapynypdyr. Geçen gyş bolsa tokaýda aýagyny berçikdiripdir. Ýöne indi ol öýüne dolandy, indi biz ömrümiziň ahyryna çenli asla aýrylyşmarys. Men bagtlylykdan ýaňa aýdymam aýdyp bilerin, Jeýkob.
— Elbetde — diýip, Jeýkob başyny atdy, emma Hannanyň öňki pikirlerinden «el ýuwup», bu ýagdaýa begenç bilen bakyp bilşine juda haýran galdy. Üstesine, Hannany nähak ýere gaýgy edendigine hem düşündi. Ol gürrüňi başga ýana sowanyny kem görmedi:
— Men bir zady bilesim gelýär… Siziň güller bilen bagly nähilidir bir etsem-goýsamlaryňyz bar bolsa gerek…
— Güllermi… dogrusy, olar maňa uly kömek etdiler. Olar meni güýmediler, göwnümi göterip geldiler. Güller bolmadyk bolsa, düýpsüz pikirler meni heläk ederdi diýip aýdyp bilerin. Owadan güllerim meni owadan günlerime ýetirdi. Indi bolsa ähli zat meni rahatlandyrýar. Edil asmanda ganat kakyp ýören guş ýaly, men şeýlebir bagtly, Jeýkob!
— Tüweleme! — diýip, Jeýkob jogap berdi. Ol yzyna gaýdyşyn ýolboýy hem hanym Hanna hakda pikir etdi, ýöne kelebiň ujuny tapyp bilmedi. «Hanym Hanna bagtly hem göwnühoş, muňa hiç kimiň dahyly ýok. Ýöne şeýle süýji umytlara ýugrulan ynsan, nädip bir demde düýbünden başga ýagdaýa kanagat edip bilýär?! Megerem, dogan didary bar baýlykdan güýçli bolmaly» diýip, özüçe netije çykardy.