|

Aýşy-eşret çagynda

Aýşy-eşret çagynda AÝŞY-EŞRET ÇAGYNDA

Aýşy-eşret çagynda

Unudaly bu dünýäni ezizim,
Mekan tutup, serhowuzyň başynda.
Müň owaz eýlesin saýrak guşlaram,
Perwaz urup aşyklaryň daşynda.

Suw çüwdürlip, al-asmana ýaýraýar,
Soňam monjuk-monjuk bolup paýraýar,
Bu görnüşi görüp gözüň doýmaýar,
Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda.

Bagş edip bir-birege mähirin,
Gör, oýnuny Zöhre bilen Tahyryň.
Waspyn eýle, kesbiň söýle şahyrym,
Aşyklaryň aýşy-eşret dagynda.

Göwnüň götär öwsen Sumbar şemaly,
Her maýsada älemgoşar jemaly.
Görüp bolar diňe beýle jemaly,
Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda.

Gül gujagyn gerdi gülli Aýdere,
Bu gün bize tabyn beýik çaý-dere.
Gör-le, Aýam bu gün düşüpdir ýere,
Aşyklaryň aýşy-eşret çagynda.

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle