|

Aýralyk goşgusy

Aýralyk goşgusy AÝRALYK GOŞGUSY

Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,
Göreçler göreje bakmanka heniz.
Emma ne döw çaldy.
Bilmedik asla…
Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz.

Aýralykdan öňki ajaýyp günler,
Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa.
Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi,
Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa.

Nesibede bolsa duşuşarysam…
Ýollar saňa duşyr.
Duşyr ol, hökman!
Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,
Görmedik bolarys, gözlere bakman.

Belki, soň ýene-de duşuşarys biz
Bakaryn öýmeli başyňa ýarym.
Öňler otagymda açylmaly gül,
Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn…

Hakyda hoşlaşyk gününde galar,
Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi.
Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,
emma…
Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi.

Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle