|

Aýralyk

Aýralyk AÝRALYK

Ýüregimde okalmadyk adyň bar,
Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen
Göreçlerimde ahy-perýadym bar,
Okap bilmez, senden özge çem gelen.

Gözleň maňa penjiredi — bu dünýä,
Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym
Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?!
Müdümi uçjakdym,
ýelek deý gaýdym.

Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz — geçmişe gatnap durmalam.

Gussa ekler her şygryma, her ýere
Gözýaş damar yşgymyza bulutdan
Göçmesek-de ikimizem del ýere,
«Bizi» asla tapmarys biz — bu ýurtdan.

Aýralyk…
Ýolumyz gutarmaz emma,
Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar
Barybir «bagt» sözi ederis hemra
Tapawut — sende «ly», mende «syz» bolar.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.11 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle