|

Aýly gije

Aýly gije AÝLY GIJE

Seret, anha, asmanda Aý dogupdyr,
Gel, bu täze Aýy ýüze sylaly!
Hem arzuw edeli Aýa seredip,
Soňky deme çenli bile bolaly!

Her söýgiň ýolunda bir kötel barmyş,
Şeýle bolsa bize duşan köteller
Ejiz gelip sşýgimiziň zorundan
Ynanýaryn,
Ynan ýarym,
Bizden sowlup öterler.

Agdyk geläýse-de kötelleň güýji
Badymyz sähelçe sarsdyryp bilsin.
Söýgimiz täzeden güýçlensin ýene,
Ikinji arzuwmyz – ine, şu bolsun!

Täze dogan Aýdan ýene bir zady –
Esasy bir zady diläli, dünýäm:
Goý, şu aýda biziň toýumyz bolsun,
Sähedinem şu gün belläli, dünýäm.

18. 06. 2010 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle