Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar
Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar

Okyjylaryň okamagy, öwrenmegi üçin kitapcy.ru internet saýtynyň gerimi barha giňeýär. Awtorlaryň ýazýan temalarynyň dürlüligi saýty hasam bezeýär, muny gutlamak gerek. Ýöne biz bu saýtyň mynasyp okyjylary bolup bilýärismi?!
Bu sowala “hawa” diýip jogap bermek kyn bolsa gerek. Ýazylýan makalalar, şygyrlar erbet däl, dürli temadan makalalar bar. Emma teswir ýazmakda welin, iki aýagymyz bilen agsaýarys. Islendik temadan teswir ýazylanda, köplenç ol temadan çykylyp, başga zatlaryň gürrüňi edilýär. Ýazylýan teswirleriň käbiri diýäýmeseň, makala bilen baglanyşygam ýok. Tema bilen baglanyşykly teswir ýazsaň, seniň ýazan meseläň bilen baglanyşyklymy dälmi, ony aňşyrjagam bolanoklar. Seniň aýdýan zadyňy ýalana çykarýandyryn pikir edip, aýdan pikiriňe dahyly bolmadyk teswir baryny ýazýarlar. Sözüm gury bolmaz ýaly, anyk mysala ýüzleneýin: Täzelikde 28-nji noýabrda Saparmyrat Döwletowyň “Derman serişdeleriniň syry” atly makalasy saýtda çap edildi. Makalanyň beýan edilişinde kemçilik bolsa-da, mazmuny erbet däl, ýöne birtaraply. Bu makalanyň mazmunyny gaýtalap oturmaýyn. Makalanyň manysyndan çen tutsaň, asyl derman atmaly däl, medisinadan daşyrak durmaly. Emma hakyky durmuş beýle däl ahyry. Adamlaryň uly bölegi çala başy agyrsa, doktora ylgaýar, derman atýarlar. Köp adam medisinadan, lukmanlaryň salgy beren dermanlaryndan peýda-da tapýarlar. Aslynda keselli adamlaryň (asla lukmana barmaýan, derman atmaýan barmyka?!Milliondan bir adam bolmagy mümkin.) doktora ýüzlenmegi, keselini bejermek üçin derman atmagy adaty bir ýagdaý.
Men agzalan makalanyň birtaraply ýazylandygy üçin, okyjylar alasarmyk ýagdaýa düşmesin diýip, medisinaň hem derman senagatynyň gazanan üstünligini anyk maglumat bilen beýan edip teswir ýazdym. Şu makalada aýtjak bolýan pikirimi has anyklamak üçin, şol teswirimi sözme-söz şu ýerde mysal alaýyn: “Medisina, dermanlar hakynda kim näme ýazsa-da, medisinanyň ösmegi bilen adamzadyň ýaşy uzady. Mundan müň ýyl öň, adamlaň ortaça ýaşy 30, ýüz ýyl öň 40 ýaşdan ýokary däldi. Häzir adamlaryň ortaça ýaşy 60-dan az däl, ösen döwletlerde bolsa, ortaça ýaş 70-den geçdi. Adam ömrüniň uzamagy medisinaň, derman senagatynyň şek-şübhesiz üstünligi. Elbetde, ýerini bilip ulanmasaň, islendik zadyň zyýanyndan peýdasy azdyr. Derman öndürýänleriň käbiri päliýaman bolmagy mümkin, hatda öýkünilip ýasama derman ýasalýan bolmagam mümkin. Internetde ýalan-ýaşryk ýa sensasiýa üçin kim näme ýazylmaýar. Adam ömrüniň uzamagynyň kepili ösen medisina hem derman senagaty. Ot-çöpler goşmaça serişde. Goşmaça serişde hökmünde peýdasynyň bardygyny inkär edemok. Emma men pylan oty içip, agyr dümewden açyldym diýýän ýokdur, bar bolaýanda hem köpçülikleýin däldir. Açlyk bejergisiniň belli bir peýdasy bar. Emma açlygyň peýdasy belli-belli kesellere. Umuman, adamzat heniz-ä özüni keselden bejermek üçin, ösen medisinadan, derman senagatyndan gowy zady oýlap tapyp bilmedi”.
Okyjylardan şu teswirimi dykgatly okamaklaryny haýyş edýärin. Meniň ýazan teswirimi ünsli okasaňyz, Saparmyrat Döwletowyň “Derman serişdeleriniň syry” atly makalasyndaky maglumatlary bütinleý inkär edýän däldir, ýöne bu makalada, asla medisina hem derman senagatyna garşy internetde, metbugat sahypalarynda näme ýazylandygyna, sensasiýon pikirler beýan edilendigine garamazdan, ösen medisinaň hem derman senagatynyň adam ömrüniň uzak bolmagynyň kepilidigini dünýäde ykrar edilen anyk maglumatlary getirip, teswirimde beýan etdim. Teswirimde agzalan pudakda korrupsiýanyň, hatda ýasama dermanlaryň ýasalýan bolmagynyň mümkindigi ykrar edilýändir. Meniň şu teswirime garşylykly pikir aýtmagyň birnäçe ýoly bar. Ilkinjisi beýan eden pikirimi anyk maglumatlar bilen inkär etmek: Munuň üçin meniň adam ömrüniň uzaklygy barada getiren anyk maglumatymy inkär edýän, ykrar edilen maglumat getirilip, meniň adam ömrüniň uzaklygy medisina hem derman senagatynyň üstünligi diýýän pikirimi ýalana çykarmaly. Dünýä ýüzündäki şu mesele boýunça ykrar edilen maglumatlar hiç bir adama meniň şol teswirde ýazan pikirimi inkär etmäge mümkinçilik bermez. Şol sebäpli adam ömrüniň uzaklygy medisina hem derman senagatynyň üstünligi diýýän pikirimi maglumat esasynda ýalana çykarmak mümkin däl.
Ikinji, meniň teswirimde aýdan pikirlerimiň belli bir bölegi bilen ylalaşman pikir aýdyp bolar. Mysal üçin. “Siziň: “Adam ömrüniň uzaklygy medisina hem derman senagatynyň üstünligi” diýýäniňiz belli bir derejede ulalaytma” diýip, soňra öz deliliňi getirmeli. Mysal, dünýä ýüzünde ýa pylan ýerde, ýa biziň ýurdumyzda halk tebipçiliginde şular ýaly üstünlik gazanyldy ýa bolmasa pylan ot-çöp medisinada işläp bejermän şol durşuna ulanyp, agyr pylan keselleri bejerýär diýip, gazanylan üstünligi anyk mysal getirmeli. Ýöne beýle mysal getrilip bilinmejeginem anyk bilýän. Hatda özüni sylaýan, dünýä derejesinde ykrar edilen halk tebiplerem syrkawy müşderisiniň medisinaň anyklaýyş merkezinden geçip gelmelidigini aýdýarlar. Şondan soňra olaram azyndan 90% medisinanyň dermanlaryny ulanyp syrkawy bejerýärler. Ol halk tebipleri agyr keselleri bejerende, özleriniň ot-çöpden ýasan dermanlary umumy beren dermanlarynyň 10%-den geçenok. Garaz, ýazylan teswir bilen ylalaşmaýan bolsaň, islendik pikir baglanyşdyrylyp, logiki yzygiderlik saklanyp, jogap teswir ýazylmaly.
Ýazylan makalany, teswiri inkär etmäge ýa ulalatma diýip subut etmäge-de mümkinçilik ýok diýeliň, şu ýagdaýda hem paýhaslylyk bilen baglanyşdyryp, pikir aýdyp bolar.
Saýtyñ käbir agzasy 20-30 sahypalap ýazyp, «Sen nämäni aklajak bolýaň!» diýýän ýaly meni düşnüksiz bir zatda aýyplaýar. Ýöne ol öz pikirini düşündirip bilmändir. Onuñ ýazan teswiriniñ meniň teswirime baglanyşygy-da ýok.
Ol agzanyñ gymmatly wagtyny ýitirip, sahypalap eden terjime teswiriniñ ýekeje sözi-de meniň teswirim bilen baglanyşdyrylmandyr. Türkmençeläp aýdanyňda: “Men näme diýýän, dutarym näme diýýär bolupdyr”. Emma ol sahypalap ýazan, subut edilmedik (subut edilmedik sözi çintgäp aýdýaryn) aýyplama terjimesini ibermezinden öňürti, şu gysgajyk teswiri ýazan bolsa, meniň teswirimi inkär edip bilmese-de aýdýan pikiri, iñ bolmanda tasa gelerdi. Logika boýunça onuñ ýazmaly setirleri şeýle bolmalydy: “Döwletmyrat aga, adam ömrüniň uzaklygy medisinanyñ we derman senagatynyň üstünligi” diýseňizem, bu pudakda şular ýaly nogsanlyklaryň bardygyny bilýäňizmi?!»
Hormatly agzalar, islendik pikir barada garşylykly pikirleri aýdyp bolar, emma aýdylan pikire dahyly bolmadyk pikiri aýtmagyň näme zerurlygy bar?! Hakykatda, aýdyp bolmaýan pikir ýok, emma pikirini aýdyp bilmeýän adamlar köp. Dogry, siz maňa ýüzlenip, teswir ýazypsyňyz. Okyjylar maňa ýüzlenilip ýazylan teswirleri meniň ýazan teswirimiň ýanynda goýup okap görsünler. Özüňizem hiç hili baglanyşyk tapmarsyňyz?! Sahypalap iberilen terjime teswirler meniň ýazan teswirime jogap däl. Teswire laýyklap jogap ýazyp bilmeýän hallaryna nädip uly göwrümli makalalary terjime edip bilýärkäler?! Logikany, pikir dürslügini bilmeýän bir kişiniň terjimesiniň kämildigine ynanmaýaryn.
Halypalaryň biri “Öz pikirini aýdýan ýaşlar bilen jedelleşip durmak bize gelişmez…” diýip ýazypdyr. Ýöne, gynansagam, teswir ýazýan ýaşlaryň köpüsi pikir aýdanoklar, özleriniň ýalňyş düşünjelerini beýan edýärler.
Muny maña duýduran ýaşulynyñ özi aýtsyn, eýsem agzalan makalada meniň ýazan teswirime ugradylan sahypalap terjimeleriň baglanyşygy barmy?! Logika boýunça hiç kim baglanyşyk tapyp berip bilmez. Ýa başga bir mysaly alaýyn. Men hünärim boýunça filolog, žurnalist diýip ýazan teswirime işjeň teswir ýazýan okyjymyz şeýle teswir (sözme-söz däl-de manysyny alýaryn) ýazypdyr: “…Filolog-žurnalist diýen kär barmy? Hersi aýratyn kär dälmi?!»
Şu teswir meniň teswirime jogapmy ýa logiki baglanyşyk barmy?! Meniň-ä iki hünärimem ugurdaşyrak. Ýöne ilçilide bitinleý baglanyşygy bolmadyk iki-üç sany ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýan adamlar bar. Mysal, Hojamyrat Goçmyradow diýen žurnalist üç sany ýokary okuw jaýynyň diplomynyň eýesidi. Ol diplom alan hünäri boýunça agronom hem filolog. Onuň üçünji hünärini aýdybam oturmaýyn. Teswirler baradaky gürrüňe gaýdyp gelsem, şeýle baglanyşyksyz, özem seni utandyrjak bolup ýazylýan teswirleri okanyňda, dogrusyny aýdanyňda, näme diýjegiňi-de bileňok.
Islendik ýurduň ösüşi şol ýurduň raýatlarynyň ylym-bilim düşünjesine baglydyr. Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ylym-bilimiň ösmegi üçin uly şertleriň döredilendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmagymyz gerek. 2009-njy ýylda Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyň gaýtadan dikeldilmegi, ýörite bilim berýän orta mekdepleriň 12 ýyllyk edilmegi munuň aýdyň mysaly, bu sanawy hasam uzaldyp bolar. Ýöne şu saýtda ýazylýan teswirleri göreniňde, şu saýtyň okyjy ýaşlarynyň çen-çakly ýazylýan zatlara köp teswir ýazýandygyny görüp gynanýarsyň. Göwnüme bolmasa, ylym-bilim bilen ýazylan makalalara isleg az ýaly bolup dur. Dogry, içinde teswirleriň kämillerem bar, ýöne olar az. Men makalada, teswirlere-de üns berýän. Özüme dahylly sowal jemlense, makala ýazyp jogap bermäge çalyşýaryn. Emma okyjylaryň içinde özüni görkezjek bolup, teswir ýazýanlaram bar. Men aram-aram ürç edinip, teswirlere jogap ýazýan. Sebäbi käbir teswirleriň hakykat bilen hiç bir baglanyşygy ýok, şu internet saýtyny ýetginjekleriň belli bir böleginiň okaýandygynam bilýän. Ynha, şol ýetginjekleriň ýalan-ýaşryk, çen-çakly maglumatlara ynanmagynyň öňüni almagy men özümiň adamçylyk borjum hasap edýärin. Umuman, okyjylar köpçüliginiň ahyrsoňunda hakykat bilen ýazylan makalalara, teswirlere dogry baha berjekdigine berk ynanýaryn.
Ýaşlardan etjek haýyşym: Mynasyp okyjy bolalyň. Ýazylan makala, teswirlere logiki yzygiderligi saklap, akyl-paýhas bilen teswir ýazalyň. Bilmeýän zadymyz hakynda ýazmajak bolalyň. Şu hakda bir mysal getireýin. “Maýmynlary terbiýeläp bolarmy” diýen makala bir aýal doganymyz gysgajyk manysyny aýdanyňda, şeýle teswir ýazypdyr: “Şu makala hem Darwiniň ewolýusion teoriýasynyň ýalňyşdygyny subut edýär”.
Ýok, beýle däl, dogan!! Şol makala Darwiniň ewolýusion teoriýasynyň dogrudygyny subut edýär. Sebäbi Darwiniň ewolýusion teoriýasynyň şol makala degişli ýerini mysal alaýyn: “Adamzat akyl-paýhasy bilen gören-eşiden zadyny kabul edip, kem-kemden kämilleşýär”.
Makalada aýdylýan çagajyk köp wagtyny maýmyn bilen geçirendigi üçin, maýmynyň hereketlerini kabul etmäge meýilli bolupdyr. Bu Darwiniň ewolýusiýon teýoriýasynyň şeksiz dogrudygyny görkezýär. Eger çaga haýwanlaň arasynda ýaşasa, gepläp-sözläp, kämil pikirlenip bilmeýär. Gynansagam, adamzadyň ilkidurmuş umumy ýaşaýşyndan-şu günki kämil jemgyýetçilik gurluşa gelmegi üçin, müňlerçe ýyl gerek boldy. Adamzadyň ilkidurmuş umumy ýaşaýyşdan öňki gödeňsi durmuşda näçe müň ýyl, belki millionlarça ýyl ýaşandygyny Ýaradandan başga bilýän ýok. Näçe gynansagam, owalbaşda adamzadyň örän paýhasly ýaradylandygy baradaky aýdylýan rowaýatlaryň dünýä ýüzünde hiç bir subutnamasy ýok.
Adamyň haýsy ynançdadygyna garamazdan, ylma hormat goýmagy, bolmanda, her adamyň ynsanlyk borjy. Şonuň üçin ýaşlardan etjek haýyşym: Ýurdumyzda ylmyň-bilimiň ösmegi üçin döredilýän oňaýly mümkinçilikden peýdalanyp, döwrümiziň ylymly-bilimli nesilleri bolmaga çalşalyň. Siziň pikiriňizi aýtmagyňyz derwaýys. Ýöne ýazýan teswirleriňiz awtorlary oýlandyryp bilse, has gowy bolardy. Makalamy ýokarda aýdan bir pikirim bilen jemlemek isleýärin: Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar. Şonuň üçin, hormatly okyjylar, islendik pikirimizi akyl-paýhasa eýerip, ýürege jüňk bolar ýaly edip, owadan aýtmaga çalşalyň!
Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Edebi tankyt