|

Aýdylan söz

Aýdylan söz AÝDYLAN SÖZ

Aýdylan söz-käte naýza bolÿandyr,
Iññe batan ÿaly batýar kükrege.
Aýdylan söz-mähir bolûar käteler,
Enäñ mähri ýaly siñýär ýürege.

Düşünene uly hazynadyr söz,
Düşünmeze paý berilmeÿär ondan.
Onuñ hikmetinden, onuñ güýjünden,
Diñe geçen ganÿar akyl ýolundan.

Söz-ýürekden dömen syrly söýgüdir,
Näzik duÿgularyñ gulply sandygy.
Söz-şeýlebir güýçdir, bir şonuñ bilen,
Bagra basyp bolýar uly barlygy.

Her aÿdylan sözde uly jady bar,
Düşüneni jadygöý deÿ jadylar.
Ussatlaryñ sözi bilen aýdañda:
«Her bir sözüñ añyrsyna syn etseñ,
Ýaşalmadyk ömürleriñ ady bar»

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle