Aýalyma hat
Aýalyma hat
7.XI.1933. Bursa. Türme.
Sen — meniñ ýalñyzym!
Ýazypsyñ şeýle:
«Däli men, kelläm hem aýagym otda…
Seni asaýsalar dar agajyndan,
ýaşamaryn, muny bilsinler pugta…»
Ýaşarsyñ, ezizim. Çal dumanlaryñ
dargaýşy dek, dargar gider bar derdiñ.
Ýas baglap ýörmersiñ bir ýyldan artyk.
Bu döwür şeýleräk, bilýändir her kim.
Ölesim gelenok, boýnum syrtmakly,
Emma garagurt dek tüýlek gara gol
boýnuma syrtmagy ataýsa bir gün,
Nazymyñ gözünde görmersiñ dowul.
Soñky säherimiñ ümüş-tamşynda
görerin dost-ýary, seniñ özüñi.
Ýarym, şonda, bilgin, gynanaryn men
aýtmadym diýip aýdymymyñ yzyny.
Eý, ezizim, ak ýürekli syrdaşym,
ýarym, gözi baldan süýji aýalym,
Ölüm jezasyny berjek bolýarlar
diýip, neçün ýazdum saña men zalym?
Sud ýañy başlandy. Ruhdan düşme.
Ýolmazlar kellämi ýolan dek şalgam.
Oýlanmaly bolar jellatlar entek.
Entek belli zat ýok, ýarym, çekme gam.
Ýyly kalson iber, puluñ bar bolsa,
aýaklarym agrap, garşy aldym gyşy.
Tussagyñ aýaly ýagşy zatlary
göwnüne getirip ýaşasa ýagşy.
1938.
Nazym HIKMET.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular