|

Aýalsyzyñ ariýasy

Aýalsyzyñ ariýasy AÝALSYZYÑ ARIÝASY

Aýalsyzyñ ariýasy

«Hudaýym aýalsyzlygy,
Görkezmesin musulmana».
Magtymguly.

Zenan hyryn-dykyn ýerde,
Seredeňde saga, çepe.
Ýöne öz ýaryň bolmasa,
Ýekesiň sen, ýalňyz-ýeke.

Gelniň edende öý işin,
Oglyň minneti bar ýaly.
Gyzyň edende biş-düşiň,
Gudalaň gepi bar ýaly.
Nebereleň bilen ýaşan,
Giň jaýyň indi dar ýaly.

Çaý-naharyň goýulsa-da,
Kir-kimiriň ýuwulsa-da,
Sylag-hormat duýulsa-da,
Öz aýalyňka taý däldir.
Göwünjeň edilen hyzmat,
Asla göwnüňe jaý däldir.

Arzym, Älem Eyesine:
Oýarawer, her merdemiň,
Ýarynyň ýakyn sesine!
Hak söz bi: — aýalsyzlygy,
Görkezmesin bendesine.

2024 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle