Aýallar we erkekler hakynda
Aýallar we erkekler hakynda

Aýalyň iň ejizi garyp we pulsuz wagty ýanýoldaşyny taşlaýanydyr…
Erkegiň iň ejizi we namardy sebäpsiz ýere bigünä aýal maşgala el galdyrýanydyr…
Aýalyň iň merdi maşgalany ýykmajak bolup, ýanýoldaşynyň hemme günälerini bagyşlamagy başaryp bilýänidir…
Erkegiň iň merdi eklenjiň aladasyny aýala ýetirmeýänidir…
Aýalyň iň owadany çagalary üçin hemme zada taýýar ene bolmagy başarýanydyr…
Erkegiň iň görmegeýi beren sözünden dänmän, ýerine ýetirýänidir…
Aýalyň iň mähribany utanjaň häsiýetlisidir…
Erkegiň iň abraýlysy içgi içmeýänidir…. ( Sebäbi içgi bir ýerde bolmasa, bir ýerde hökman ýalnyş hereket etdirip, gözden düşürýändir. )
İň bagtly maşgala biri- birine edil özüne ynanyşy ýaly ynanyp bilýänidir… Sözler