Aýal gülküsi
Aýal gülküsi

Aýal gülküsinden owadan gülki
Tapmadym, gozledim ýeriň ýüzünde.
Göwni ýene joşa gelen dünýäniň
Nurdan doly ýagtylyk bar gözünde.
Aýal gülküsinden awuly gülki
Tapmadym, gözledim ýeriň ýüzünde.
Persala, lerzana, weýrana göwün,
Ýanýar göwün kerkaw oduň közünde.
• ÝEDI ARKAM
Ýedi arkaňy bilmek, belki-de, lazym,
Aýypdyr-ha, şejeräňi bilmezlik.
Nesilden-nesile dowam etmeli,
Ol dirilik suwy, baky ölmezlik.
Alyp gaýdýar gözbaş seni nireden?
Bu syrly sowalyň syrly jogaby.
Göm-gök asman, Aý, Gün, tebigat üçin,
Şol gözbaşa etmelisiň togaby.
Ýaşasyn şejeräm, dowamat dowam,
Ýollar bizi alyslara eltedir.
Ýedi arka diýilýäni, megerem,
Zürýat üçin ýaşamagyň şertidir.
• SENIŇ TANŞYŇ
Jan çekene jan çekmediň,
«Jan!“ diýip, aýak sekmediň.
Şeýtanyň raýyn ýykmadyň,
Şeýtandanam beter adam.
Hoş söz berdiň—boş söz berdiň,
Ýaraly göwne köz berdiň.
Tüýs hameleon, müň özgerdiň,
Ýylandanam hatar adam.
Günäsi nä? Atdyň töhmet,
Niçeleri aldy möhlet.
Baýram, Didar, Küren, Ahmet…
Menem senden heder, adam.
Allaþar ÇÜRIÝEW. Goşgular