Aý problemasy
Aý problemasy

Gitdigiçe ýakynlaşyp gelýär Aý.
Özem göni törümize gelýär Aý.
Bilýärsiňiz ahyr ähli şahyrlar,
Aýy öz ýaryna edipdirler taý.
Şoň astynda duşupdyrlar ýaryna,
Aý ýüzli marallar geýip keteni.
Indi görsek, Aý diýilýän «perizat»
Söýmedikleň ýüregi dek sop-sowuk,
Ýürek gysdyryjy boşluk ekeni.
Eger walla, ynanasyň gelenok!
Aý şeýle bor diýip kim etdi hetdi.
Ine, saňa ylmyň progressiwligi
Aý hakdaky pikirimizi üýtgetdi.
Ine, saňa gözelleriň taýy Aý!
Indi nädip ony gyza deňejek?!
Biz-ä keýpden çykdyk gyza deňäpler,
Senem günüň gör-dä, gyzyl enejik!
«Bolçulyk deňizi» gara daşa baý,
Aslynda, daş onuň belendi-pesi.
Gijesine sowugyna çydalmaz,
Gündizine şonça gradus yssy.
Men oýa batýaryn, Gama batýaryn,
Ýok pikirler çozýar üstüme onsoň.
Eý, sen meniň Aýa deňäp gelenim,
Senem şeýlemikäň ýakyna gelseň?
Gurbannazar Ezizow.
1971. Goşgular