Aý hakynda täsin maglumatlar
Aý hakynda täsin maglumatlar

— Ýer togalagynyñ ýeke-täk tebigy hemrasy bolan Aý Gün sistemasynyñ iñ uly bäşinji hemrasydyr. Ýere iñ ýakyn saýýaralardan bolan Aý bizden takmynan 384.403 km daşlykda ýerleşýär.
— Alymlaryñ aýtmagyna görä, Aýyñ mazamlar ýaly o diýen bir gowy taryhy gelip çykyşy ýok. Orta atylýan pikirler Aýyñ 3-5 milliard öñ uçursyz uly partlama netijesinde haýsydyr bir saýýaradan gopup emele gelendigini aýdýar.
— Aý aslynda togalak däl, ýumurtga şekilli.
— Aý 2,5 milliard ýyl öñ Ýere häzirki duran ýerinden has ýakyn eken we şol sebäpli häzirkisinden has uly görünipdir.
— Aýda atmosfera gatlagynyñ ýoklugy üçin Aýyñ howasynyñ gyzgynlygy 150°-a ýetýär.
— Gün sistemasynda ýerleşen iñ uly krater Aýdadyr.
— Aýa 2018-nji ýyla çenli bary-ýogy 12 adam aýak basdy.
— Aýyñ bütin gatlagy regolit diýilýän ezilen we tozgalaşan gaýa gatlagyndan döräpdir.
— Aýda haýsydyr bir howa ýagdaýynyñ ýoklugy üçin ol ýerde galan aýak yzy millionlarça ýyl saklanyp bilýär.
— Aýda dartyş güýji azlygy üçin eger Ýerde 90 kg bolsañyz, Aýda agramyñyz köp bolsa 15 kg bolýar.
— «Sowuk uruş» döwründe amerikan jeñbazlary Aýda bir atom bombasyny ýerleşdirip, ony partlatmagy hem meýilleşdiripdi. Munuñ sebäbi bolsa, SSSR-e «göz görkezmekdi».
— Aýda atmosfera ýoklugy üçin gije-gündiz diýen zat ýok.
— Ýer Aýdan 81 esse agyrdyr.
— Aýda waý-faý (Wi-fi) ýok. Häzirki waý-faý Ýerden dört gyzylötri teleskop bilen yşyklandyrylan ýol arkaly üpjün edilen.
— Aýda ilkinji bolup golf oýnan Alan Şepard atly kosmonawtdyr.
— Ilkinji bolup Aýyñ kartasyny çyzan Tomas Harriot atly iñlis kosmonawtydyr.
— Aý dolanda orak şekilli wagtyndakysyndan bäş esse ýagtydyr.
— Aýyñ üstündäki gaýa gumlarynyñ kükürt ýaly ysynyñ bardygy aýdylýar.
— Aýda jemi üç dürli gaýa bar. Olar: bazalt, abartozit, breş.
— Aýa ilkinji gezek uçan «Apollon-11» kosmos gämisi Ýerden Aýa barýança dört gün alty sagat ýol sökdi.
— Aý dolanda has ýagtydygyna garamazdan, ol hakykatda Gün şöhlesiniñ diñe 7%-ni Ýere saçýar.
— Yslam medeniýetiniñ başky döwürlerinde astronomlar yslam dini üçin möhüm ähmiýeti bolan orak şekilli ýarym Aýyñ (ýagny täze dogan Aýyñ) haçan görünjekdigini takyk hasaplap bilipdirler.
— Yslam astronomlary Aýyñ döwürleýin stadiýasynda adatdan daşary jadylaýjy güýjüñ barlygyna ynanypdyrlar.
— Orak şekilli täze dogan Aý Remezan aýyny we yslam kalendaryndaky beýleki aýlaryñ başlangyjyny añladýar.
— IX asyrda yrakly alym Al-Kindi daşky gabyklaryñ deregine sferalaryñ üstünde hasaplaýan trigonometriýany işläp düzüpdir.
— Dünýäniñ çar künjündäki adamlaryñ ýüzüni Mekgä gönükdirmegi üçin sferiki trigonometriýanyñ zerurlygy bardy.
# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
@ Kitapçylar. Geň-taňsy wakalar