Aý bilen teňňe (Roman) 2- bölek
(Soňy. başlangyjy shu yerde).
Wilýam Somerset MOEM,
iňlis ýazyjysy
19.
Men Strewa barýandygymy habar etmedim. Şonuň üçinem gapyny açan suratkeş birbada gözüne ynanmady. Soň bolsa joşgunly ses bilen gykylyklap, meni ussahanasyna tarap çekdi. Şeýdip höwes, şowhun bilen garşylansoň, dogrudanam, ýakymly bolýar.
Onuň aýaly pejiň gapdalynda bir zatlar tikip otyrdy. Ol maňa tarap ýöneldi, Mak meni onuň bilen tanyşdyrdy.
— Ýadyňdamy, men saňa bu hakda kän gürrüň berýärdim? — diýip, ol aýalyna ýüzlenensoň maňa seretdi. — Näme üçin gelýäniňi habar etmediň? Sen näçe wagt bäri bu ýerde? Uzak wagtlyk geldiňmi? Wah, bir sagat ir geläýen bolsaň, bile naharlanardyk.
Ol üstümi sowaldan doldurdy, kürsüde oturtdy, meni edil ýassyk kakýan ýaly kakyşdyrdy, erjellik bilen şerbet, köke hödürledi, rahatlyk bermedi, kofe taýynlady, maňa ýene nähili üns berjegini bilmedi. Begenmekden ýaňa onuň ýüzüne şatlyk alamaty urdy, göçgünli duýgy ony derletdi.
— Sen çigit ýaly-da özgermänsiň — diýip, men ony synladym.
Dirkiň henizem şol öňki tagaşyksyz görnüşidi. Ol kiçijikdi, aýaklary gysgajykdy, ýaşynyň otuz töwerekleridigine garamazdan, eýýäm saçy mazaly düşendi, açyk, ýagty ýüzi tep-tegelejikdi, hamy akdy, ýaňaklary gülgüne, dodaklary örän gyzyldy. Ol mydama daşyna altyn çaýylan çarçuwaly uly äýnek dakynýardy. Onuň gök gözleri tegelekdi, gaşlary şeýlebir seýrekdi welin, asla ýok ýalydy. Ol Rubensiň suratlaryny çekmegi halaýan keýpleri kök, semiz satyjylara meňzeýärdi.
Gözelligi kabul etmegi başarmak üçin suratkeşiň joşgunynyň içine aralaşmaly. Gözellik onuň bize çalyp berýän mukamy, ol sazyň biziň ýüregimizde ýaňlanmagy üçin, kabul ediş ukyby hem-de arzuwçyllyk gerek.
Parižde birneme ýaşajakdygymy, eýýäm kireýne jaýam alandygymy aýdanymda, ol geljegimi öňünden habar etmänim üçin üstümi iňirdi ýükünden doldurdy. Onuň özi maňa jaý tapjak, içini goş-golamlajakdygyny aýtdy, dogrudanam, jaý üçin çykdajy edendigimi gaýtalap-gaýtalap sorady. Meniň göçüp-gonmagyma-da kömek edip biljek ekendigini aýtdy. Ol özüniň hyzmatyndan peýdalanmazlygymyň dostluk nyşany däldigini çyny bilen nygtady.
Ýöne Strew hanym welin sesini çykarman, jorabyň ýyrtygyny çatmagyny dowam edip, adamsynyň aýdýanlaryny parahat ýylgyryş bilen diňläp otyrdy.
— Görşüň ýaly, men öýlendim — diýip, Dirk birden habar berdi. — Aýalyma nähili baha berýäň?
Ol aýalyna mähirli nazar bilen garap oturyşyna, derden ýaňa taýyp burnunyň ujuna gelýän äýnegini zol-zol ýokaryk galdyrýardy.
— Özüň aýt-da, men saňa nähili jogap gaýtarsamkam? — diýip, men gülüp goýberdim.
— Bes et, Dirk — diýip, aýaly gep atdy.
— Eýsem, ol keramat dälmi? Saňa aýdýan, dostum, wagt ýitirme-de, derrew öýlen. Başy ölümlileň arasynda iň bagtyýary men bolup galdym. Oňa seret ahyryn! Eýsem, ol taýýarja surat dälmi? Şardeniň çekenidir özem. Men dünýä gözelleriniň hemmesini gördüm, emma Strew hanymdan owadanyna gabat gelmedim.
— Dirk, sen köşeşmeseň, men gidýän.
— Mon petit ehouh ( Mon petit ehouh! — Naşyjam, sen meňki! (fr.).) — diýip, Dirk jogap berdi.
Adamsynyň sesindäki hyjuw aýalyny çalarak gyzartdy. Men onuň ýazan hatlaryndan aýalyny halys ýürekden söýýändigini bilýärdim welin, hatda ýazylanyň çyndygyny onuň aýalyndan gözüni aýyrman oturyşy hem tassyklaýardy. Aýalynyň ony söýýändigini aýtmak welin, maňa aňsat düşmez. Pantalone pahyryň hyjuwly söýgini ynandyrjak gümany barmydy, ýöne onuň gözleri welin, ýakymly ýylgyrýardy, onuň takatlylygynyň astynda hem inçe duýgynyň gizlenip ýatan bolmagy ahmaldy. Men Strew hanymda söýgä melul bolan adamsynyň gözüniň görýän gözelligini görmedim, ýöne onda haýsydyr bir parahat ýakymlylyk welin bardy. Gymmat däl matadanam bolsa, örän ussatlyk bilen tikilen çal köýnek onuň syrdam bedeniniň gözelligini gizläp bilmeýärdi. Ýöne ol syratly beden eşik tikýän üçin däl-de, heýkeltaraş üçin täsin boljakdy. Özüniň melemtil gaba saçlaryna aýratyn owadanlyk hem bermän darapdy. Onuň hemme zady ýerbe-ýer akýagyz ýüzi solgundy, sarymtyl gözleri parahatdy. Men oňa owadan-a däl, eýsem, oňatja-da diýmezdim. Emma Strewiň Şardeni ýatlamagy esassyz däldi. Ol geň bir halda beýik suratkeşiň dünýä baky beren aýagy şypbykly, öňlükli enaýyja öý hyzmatçysyny ýatladýar. Ol aladaçyl ýa-da akylly aýaldyr diýen çaklama-ha döretmeýär. Ýöne onuň parahat agraslygynda nämedir bir zat mende gyzyklanma döretdi. Onuň sabyr-takatlylygynda nähilidir bir syrly ýagdaý duýuldy. Onuň Dirk Strewe äre çykmagy-da geňdi. Özi iňlis maşgalasy bolsa-da, nähili terbiýe alandygyny, durmuşa çykýança niçigsi ýaşandygyny men çaklap bilmedim. Ol geplemän otyrdy, ýöne gürrüňiň arasyna birki söz goşmaly bolanda welin, sesi näzik çykýardy, gepleýiş äheňi tebigydy.
Men Strewden: «işleýäňmi» diýip soradym.
— Işleýäňmi diýýäňmi? Men suraty öňkülerimdenem gowy çekýän.
Ol molbertdäki entek gutarylmadyk surata elini salgady.
Dirk Kampanide ýaşaýan italýanlaryň eşigindäki, ybadathananyň eýwanynda dynç alyp ýatan birtopar daýhanyň suratyny çekýär eken.
— Umuman, bu ýeriň hem nusga alarlyk zatlary Rimdäkiden az däl.
— Dogrudanam, örän owadan, hä? ― diýip, Strew hanym hem dillendi.
— Aýalym pahyr meni beýik suratkeş hasap edýär.
Dirkiň edýän işinden lezzet alýandygyny utançly gülküsi bilen gizlemek isledi, ýöne bu jüpüne düşmedi. Onuň nazary molbertde saklandy. Geň zat, onuň beýleki suratkeşlere gezek gelende şeýle gönümel, anyk tankydy duýgusy, özüniň dereksiz, manysyz, täsirsiz işindenem kanagatlanma alýan ýalydy.
— Beýleki suratlaryňy-da görkez — diýip, Strew hanym adamsyna ýüzlendi.
— Göresiň gelýämi?
Mydama öz suratkeş egindeşlerine üstünden güldürip ýören, öwgä suwsan Dirk Strew samsyk göwnühoşluk bilen maňa täze işlerini görkezmäge häzir boldy. Ol iki sany buýra saçly italýan oglanjygynyň suratyny öňümde goýdy.
— Bu, dogrudanam, ajaýyp zat, hä? — diýip, hanym Strew tolgunyp sowal berdi.
Ol ýene birtopar surat görkezdi welin, men Dirkiň Parižde-de Rimde çeken, lenji çykan mazmunly, galp sungat önümi bolan zatlara üns berýändigine göz ýetirdim. Olaryň hemmesi-de ýasama, ýürekden çykmadyk bolgusyz işlerdi. Oňa garamazdan, jemgyýet şol işleri çeken suratkeş Dirk ýaly kalby päk, açyk, adyl adama gabat gelenok. Beýle gapma-garşylykdan nähili many çykarmaly?
— Haýsydyr bir Çarlz Striklend diýen suratkeş-ä saňa gabat gelen däldir? — diýen sowaly bermegiň nädip birden kelläme geleninem bilmedim.
— Eýsem, sen ony tanaýaňmy? — diýip, geňirgenen Dirk çasly gygyrdy.
— Ol haramzada — diýip, Strew hanymam gepe goşuldy.
Dirk güldi.
— Ma pauvre cherie! ( Ma pauvre cherie! — Sen meň naşyjam! (fr.).)
Ol atylyp bardy-da, aýalynyň iki elindenem ogşady.
— Aýalymyň Striklendi sulhy almaýar. Seniň ony tanamagyň gaty geň ahwalat.
— Ýaramaz gylykly adamy görsem, meňki bolmaýar — diýip, hanym öňki aýdanynyň üstüni ýetirdi.
Henizem gülmegini dowam edýän Dirk maňa tarap öwrüldi:
— Nämäň-nämedigini häzir saňa düşündireýin. Bir gezek ony öz işlerimi görkezmäge çagyrdym. Ähli işlerimi orta çykardym. — Strew sakyndy-da, az-kem dymdy. Onuň ahyryna çenli aýtsa ýüregi bulanjak habaryny näme üçin maňa-da ýetirjek bolýandygyna düşünmän galdym. — Ol meniň suratlarymy synlady, ýöne hiç zat diýmedi. Men ol öz aýtmaly pikirini duşuşygyň ahyryna goýýandyr öýtdüm. Soň men: «Bary şular. Şulardan başga işim ýok» diýdim welin, ol: «Men sizden ýigrimi frank karz dilemek üçin geldim» diýdi goýberdi.
— Dirkem ony beripdir! — diýip, aýaly närazylyk bilen dillendi.
— Dogrymy aýtsam, men aňk boldum. Onsoňam men dilegçini boş goýbermegi halamok. Ol puly jübüsine salyp: «Minnetdar» diýdi-de, baş atyp çykyp gitdi.
Dirk Strew bu wakany gürrüň berende, onuň tegelekden samsyklaç ýüzünde yzy üzülmez geňgalyjylyk alamaty peýda boldy welin, ony görseň gülmän saklanmak aňsat däldi.
— Eger ol meniň işlerime ýaramaz diýen bolsa, gaty görmezdim, ýöne hiç zat diýmedi, bir sözem.
— Ýene sen ol hakda gürrüňem berýäň — diýip, Dirkiň aýaly belledi.
Iň esasy meniň gülkimi tutduran Striklendiň kärdeşini salan güni däldi-de, Dirkiň aljyraňňy ýüzüdi.
Strew hanym ýene gepe goşuldy:
— Men şol adamy hiç mahal görmen diýip umyt edýän.
Dirk güldi-de, eginlerini gysdy. Adaty mylaýymlygy ýene oňa dolanyp geldi.
— Nähili bolsa-da, ol uly suratkeş, örän uly suratkeş.
— Striklendmi? — diýip, men geňirgendim. — Beýle bolsa ol meniň diýýän Striklendim däl.
— Uzyn boýly, gyzylymtyl sakgally ýigit. Çarlz Striklend, özem iňlis.
— Men ony göremde sakgaly ýokdy. Ýöne sakgal goýberen bolsa, gyzylymtyl diýip, göz öňüne getirmeli bolar. Meň diýýän Striklendim surat çekme bilen bäş ýyl mundan öň meşgullanyp ugrady.
— Şol, şol. Ol beýik suratkeş.
— Mümkin däl.
— Öňde-soňda meň ýalňyşan ýerim barmy? — diýip, Dirk sowal berdi. — Saňa diýýän. Ol beýik suratkeş. Men oňa asla müňkürlik edemok. Ýene ýüz ýyldan kimdir biri ikimizi ýatlasa, diňe Çarlz Striklendi tanandygymyz sebäpli ýatlar.
Men hem haýran boldum, hem çakdanaşa tolgundym. Birdenem Striklend bilen bolan iň soňky gürrüňimiz ýadyma düşdi.
— Oň çeken suratlaryny nirede görüp bolar? Üstünligi barmy? Ol nirede ýaşaýar?
— Gazanan üstünligi-hä ýok. Henize çenli ol ýekeje işinem satan däl bolaýmasa. O hakda kimiň ýanynda gep açsaň, gülmek bilen bolýar. Ýöne men welin onuň beýik suratkeşdigini bilýän. Ony diýjek bolsaň, öz wagtynda Maneň hem üstünden gülüpdirler. Koro özi dirikä ýekeje suratynam satyp bilmedi. Men Striklendiň ýaşaýan ýerini-hä bilemok, ýöne ikiňizi duşuryp biljek. Ol her gün agşam sagat ýedide Klişi köçesindäki kafe gelýär.
— Striklend meni görmek islemäýmese. Men onuň ýatdan çykarmak isleýän zadyny ýatlamagyna sebäp bolaryn. Ýöne, barybir, men oň bilen duşuşmaga giderin. Onuň işlerini görüp bolarmy?
— Onda iş ýok. Ol saňa hiç zat görkezmez. Ýöne men bir täjiri tanaýan, şonda Striklendiň iki ýa-da üç işi bolmaly. Emma sen mensiz gitme. Ýanyňda men bolmasam, sen onuň işlerine düşünmersiň. Özüm görkezeýin.
— Sen meň kanagat damarymy üzýäň, Dirk! — diýip, Strew hanym hüňürdedi. — Şol bolan wakadan soň sen nädip onuň işlerini öwüp bilýäň? — Ol maňa tarap öwrüldi. Bilýäňizmi näme, bir gezek surat satyn almak üçin bize gollandlar geldi welin, Dirk olary Striklendiň işlerini almaga yrjak boldy. Onuň işlerinem şu ýere getirtdi.
— Ol suratlary siz nähilidir öýdýäňiz? — diýip, men ýylgyryp soradym.
— Barypýatan aýylganç zatlar.
— Sen meň begenjim, guwanjym. Ýöne ol işlere sen asla düşüneňok ahyryn.
— Onda nämüçin gelen gollandlar senden gaty gördüler? Olar seni öz üstlerinden gülýänsiň öýtdüler.
Tolgunmakdan ýaňa onuň ýüzi öňküsindenem gyzardy.
— Eýsem, sen gözellik, dünýäde bar bolan gözellikler, geçip barýan ötegçi hem alyp ötägider ýaly, ýolda pytrap ýatandyr öýdýäňmi? Gözellik diýilýän zat suratkeşiň jahanyň bulam-bujarlygyndan ruhy ezýet çekip döredýän geň hem elýetmez önümi bolmaly. Ol döredilenden soň her öňýeten ony tanamaz. Gözelligi kabul etmegi başarmak üçin suratkeşiň joşgunynyň içine aralaşmaly. Gözellik onuň bize çalyp berýän mukamy, ol sazyň biziň ýüregimizde ýaňlanmagy üçin, kabul ediş ukyby hem-de arzuwçyllyk gerek.
— Men seň işleriňi näme üçin ajaýyp diýip kabul etdim, Dirk? Sebäbi ol işler gören badyma meni haýran etdiler.
Dirkiň dodaklary titräp gitdi.
— Sen ýorgana gir-de, ýat, ezizim. Men dostumyzy ugradaýyn, derrewem yza dolanaryn.
20.
Dirk Strew şol günüň ertesi agşamlyk Striklendiň barýan kafesine gitmek üçin yzymdan gelmäge wada berdi. Meni geň galdyran zat, Pariže özi bilen gepleşmäge gelemde, biz Striklend bilen şol kafede şerbet içipdik. Henize çenli hem bu ýere gatnamagy, onuň endigine wepalydygyna şaýatlyk edýärdi. Şony hem özboluşlylyk hasap etdim.
— Ana, ol! — diýip, kafe girip-girmänkäk Strew habar berdi.
Oktýabr aýydygyna garamazdan, howa maýyldy. Şonuň üçinem daşarda goýlan stoljuklaryň başynda oturanam kändi. Men şol tarapa üns bersemem, Striklend gözüme ilmedi.
— Burça seret, küşdüň başynda otyr!
Men küşdüň başynda oturan adamy görsem-de, uly şlýapa bilen gyzyl sakgaldan başga zady saýgarmadym. Biz torlaryň arasyndan zordan geçip oňa golaýladyk.
— Striklend!
Ol ýüzüni galdyrdy.
— Hello! Näme, çişik?
— Men köne dostumy getirdim. Ol sizi görmekçi.
Striklend ýüzüme seretse-de, çaky meni tanamansoň, ýene küşt tagtasyna ünsüni gönükdirdi.
— Oturyň, ýöne galmagal etmäň — diýip, ol hümürdedi.
Striklend pyýadany öňe sürdi-de, derrewem oýnuň içine aralaşdy. Strew biçäre maňa keýpsiz nazaryny aýlady, ýöne men ojagaz sebäp bilen özümi kemsidilen hasaplamadym, şerbet buýrdum-da, Striklend oýnuny tamamlaýança garaşaýmaly etdim. Men ony kesesinden synlap oturanymy kemem görmedim. Ýok, ol meniň tanan adamym däl. Öňi bilen-ä daralmadyk, bulaşyk gyzyl sakgal ýüzüniň esli bölegini ýapyp durdy, onsoňam saçy gaty ösgündi. Ony ozalky Striklende meňzetmeýän ýene bir zat, aýylganç arryklygydy. Onuň ullakan burny hasam öňe çykypdy, ýaňaklary çöküpdi, gözleri ulalypdy, çöken çekgesi çukur bolup durdy, göwresi deri çekilen süňki ýatladýardy, egnindäki köne, ýyrtyk keltekçesi bäş ýyl mundan öňküsidi, ýöne özüniňki däl ýaly bolup görünýärdi. Men onuň aşagy kirden doly ösgün dyrnakly uly hem gujurly ellerine uzak wagtlap syn etdim. Ol elleriň şeýle owadandygyny düýpden unudypdyryn. Men oýna çümüp oturan Striklende seretdim-de, ol garny aç adamdan nähili güýjüň çogup çykýandygy barada oýlandym. Ýöne onuň näme üçin diňe indi göze ilýändiginiň manysyna welin düşünmedim.
Göçüm eden Striklend oturgyçda arkan gaýşarylyp, öňe dykgatsyz nazar aýlady. Sakgally garry fransuz garşydaşy oýnuň ýagdaýyny uzak seljerip, birdenem çalarak gatyrgandy-da, tagtadan döken mallaryny gutusyna salyşdyrdy. Ol Striklende käýinip deminden düşensoň, hyzmatçyny çagyryp, şerbediň bahasyny töledi-de, turup gitdi. Strew öz oturgyjyny stola golaý eltdi.
— Indi bize gepleşmäge maý döredi.
Striklend oňa nähilidir bir içigaralyk nazary bilen garady. Men onuň Dirki kemsitmek üçin tutaryk gözleýändigine, hiç zat tapmansoňam, gaharly dymýandygyny açyk aňdym.
— Men köne dostumy siz bilen duşurmaga getirdim — diýip, gülümjirän Strew ozal aýdanyny gaýtalady.
Striklend maňa (belkem, bir minut çemesi) oýlanyp seretdi. Men dymdym.
— Dünýä inip gören adamym däl — diýip, ol ahyr dillendi.
Näme üçin beýle diýenine düşünmän galdym, barybir, onuň gözlerindäki uçgun gizlenip bilmedi — ol meni gürrüňsiz tanady. Menem bu gezek öňki duşuşygymdaky ýaly, utanjyrap oturmadym.
— Men birki günlikde siziň aýalyňyz bilen gürrüňdeş boldum. Ol baradaky täze habarlary eşitmek size-de täsin bolman durmaz.
Jogaba derek ýeňiljek gülki sesi geldi. Striklendiň gözleri lowurdady.
— Şol gezek biz gowy oturypdyk. Şol duşuşyk näçe ýyl mundan ozal bolupdy? — diýip, ol sowal berdi.
— Bäş ýyl.
Ol ýene şerbet buýurdy. Strew biziň nähili duşuşanymyzy, gürrüň arasynda tötänden diýen ýaly Striklendiň adynyň tutulanyny, ikimiziňem ony tanaýandygymyzy uzyn-uzyn sözler bilen gürrüň berdi. Striklendiň ony diňlänini-diňlemänini welin, aýdyp biljek däl. Iki gezek dagy ol maňa pikirlenip seretdi, ýöne öz hyýaly bilen gümradygy görnüp durdy. Elbetde, Strewiň ýaňramasy bolmadyk bolsa, maňa onuň bilen gepleşmek ýeňil düşjek däl eken. Ýigrimi minut çemesi geçensoň, gollandiýaly ýoldaşym sagadyna seretdi-de, özüniň gitmelidigini aýtdy. Ol menden özi bilen gitjegimi-gitmejegimi sorady. Men ikiçäk bolsam Striklende syr düwünçegini açdyraryn diýen pikir bilen, ol ýerde galmaly diýen netijä geldim.
Çişik gideninden soň men oňa:
— Dirk Strew sizi beýik suratkeş hasaplaýar — diýdim.
— Ol pikir meni, al kakmyş, näme üçin gyzyklandyrmalymyş?
— Siz maňa öz işleriňizi görmäge rugsat berermisiňiz?
— Bir ýetmezim şoldy!
— Belkem, men olaryň käbirini satyn almak islärin.
— Satasymyz gelmezligem mümkindir.
— Siz suratkeşlikden oňat gazanýan bolmaly-da? — diýip, men ýylgyryp soradym.
Ol üsgürinjiredi.
— Siz meniň daş sypatyma seredip şeýledir öýdýäňizmi?
— Siz daş sypatyňyzdan-a düýpden aç galan adama meňzeýärsiňiz.
— Ol şeýle-dä.
— Beýle bolsa, ýörüň, nahar edineliň.
— Näme üçin siz meni çagyrýaňyz?
— Nähili-de bolsa nebsim agyrmakdan-a däl — diýip, men sowukganlylyk bilen jogap gaýtardym. — Siz aç ölýäňizmi-öleňzokmy, maňa, dogrudanam, parhy ýok.
Onuň gözlerinde ýene uçgun peýda boldy.
— Eger şeýle bolsa, ýörüň. — Ol ýerinden turdy. — Tagamly nahar iýmek erbetlik däl.
21.
Restoran saýlamak meselesini onuň özüne goýup, ýolugra men gazet satyn aldym. Nahara oturanymyzsoň, men gazeti açdym-da, şerbet çüýşesine ýaplap, okamaga başladym. Biz nahary sesimizi çykarman iýýärdik. Wagtal-wagtal Striklendiň maňa nazar salýandygyny duýsam-da, özüm oňa garamaýardym. Nähili ýol bilenem bolsa, ony gepledesim gelýärdi.
— Gazetde nämedir bir gyzykly zat barmy? — diýip, ol sowal berdi.
Onuň äheňinde az-kem janyýangynlyk duýuldy.
— Men teatr barada ýazylan felýetonlary okamagy halaýan — diýip, gazeti epleşdirip otyrkam jogap berdim.
Ol:
— Hezil edinip naharlandym — diýdi.
— Şu ýerde kofe-de içäýsek bolmazmy?
— Garşy däl.
Sesimi çykarman otyrkam maňa seredýän mahaly onuň gözlerinde gülki alamatynyň dörändigini gördüm. Men kanagatyma daýanyp garaşdym.
— Şunça ýyllap siz näme iş etdiňiz? — diýip, ahyrsoňy, ol maňa sowal berdi.
Men özüm barada näme aýdyp biljekdim. Ol ýeňil gözlegleriň agyr zähmetiniň, kä onda, kä munda edilen synanyşygynyň, kem-kemden kitaplara aralaşmagyň, adamlary tanamagyň ýazgysy bolmalydy. Striklendden işleri, ýagdaýy barada gyzyklanýandygymy sähelçe-de äşgär etmekden ägä boldum. Ýöne ahyrynda welin, boş galmadym. Ol öňürti gepläp başlady. Geplemäge ökdelik ukybyndan mahrum bolany üçin geçen ýolunyň diňe käbir pursadyndan üzlem-saplam aýdyşdyrdy. Şonuň üçinem, görnüp duran ýetmezleri öz göz öňüne getirmelerim bilen doldurmaly boldum. Düşen ýagdaýym tantal ezýeti (golaýyňdaky ýetip bolýan islegiňe ýetip bilmezlik) diýen ýaly bir zatdy. Ol hem özi bilen çyndan gyzyklanýan adama ýagdaýy barada azda-kände ýaňzytma bilen habar berýärdi. Ol gürrüňleri diňlemek düşnüksiz hem harplarynyň reňki solup ugran golýazma okan ýaly ejirlidi. Umuman, onuň durmuşynyň tükenmez göreş, dürli kynçylyklar bilen geçendigi aýan boldy. Emma men adamlaryň köpüsi üçin çakdanaşa aýylganç bolýan kynçylygyň hem ony asla gorkuzmaýandygyna düşündim. Striklend öz kärdeşlerinden tapawutlylykda rahat, ýakymly durmuşa göwnübirlik bilen garaýar. Ol gapysyndan garar ýaly däl hütdükde hiç zady piňine alman ýaşaýar, daş-töweregini owadan zatlar bilen bezemek diýen zat onuň üçin ýat. Jaýynyň diwaryna owadanlyk üçin ýelmenen kagyzyň niçigsi derejede hapadygynam görýän däldir öýdýärin. Ol ýumşak kürsä-de höwes etmän, aşhananyň gaty oturgyjynda oturýardy. Ol hajymelik ýaly iýýärdi, ýöne bokurdagyndan näme geçýäni bilen işi ýokdy, nahar diýilýän wajyp närse onuň üçin aşgazany sorup barýan açlygyň azaryndan dynmak üçin ulanylýan zatdy. Iýmäge zat tapylmaýan mahaly bolsa ol, çäresiz, açlyk çekýärdi. Men onuň tutuş ýarym ýylyň dowamynda iýmit diýip aňyrsyna geçireniniň her gün bir döwüm çörek bilen bir çüýşe süýt bolandygyny bildim. Tebigat tarapyndan duýgurlyk berlen ol adam, duýgurlygy oýarýan zatlaryň hemmesine biparh garaýar eken. Mätäçlik ony gynamandyr, beýle ýagdaýyň geňdigine garamazdan, ol tutuşlygyna ruhuň durmuşy bilen ýaşapdyr.
Londondan alyp gaýdan sähelçe pulunyň yzyndan ýetiberende-de, Striklend ruhdan düşmändir. Onuň suratlaryny satyn almandyrlar. Aslynda, ol çeken suratlaryny gazanç üçin satmak islemändir, satmagyň çyny bilen aladasyny hem etmändir. Ol Londondan gelen, täsinlikler bilen gyzyklanýan syýahatçylary, Parižiň gijeki ýolbeledi bolup gazanç eden döwrüni gyzyksyz degişme ýaly gürrüň berdi. Beýle güýmenje onuň ahlagyna azda-kände gabat hem gelensoň, ol nähilidir bir ýol bilen Parižiň halys «sandan çykan» etraplaryndaky gijeki durmuşy gaty inçelik bilen öwrenipdir. Striklend gadagan tomaşa höwesgär iňlisleri gözläp, Madlen bulwarynda telim sagatlap entemeli hem bolupdyr. Käte ol lomaýja pul hem gazanypdyr, ýöne ahyrynda, beýle işiň azabyndan ýaňa halys lagşansoň, onuň daş sypaty syýahatçylary düýrükdiripdir, onsoň eşikleri sal-sal ýolbelediň yzyna düşjek batyr tapylmandyr. Soň onuň işi ýene çüwýär: Angliýa iberilýän rugsatly dermanlaryň düşündirişlerini terjime edýär, bir gezek iş taşlaýyş mahaly suwagçy bolup gazanç edýär.
Nähili-de bolsa, ol öz sungatyny taşlamaýar, diňe studiýa gatnamasyny goýup, özbaşdak işleýär. Surat çekilýän kendir bilen reňke gerek pul onda mydama tapylypdyr. Striklende bolsa şolardan gaýry zat üçin puluň geregi hem bolmandyr. Many çykaryşyma görä, işlemek oňa örän kyn düşýär eken, hiç kimden hiç hili ýardam almak islemän, baryp-ha, geçen nesiller tarapyndan işlenip düzülen tehniki meseläni çözmek üçinem gaty kän wagt ýitiripdir. Ol bir maksada ýetmek isläpdir, ýöne onuň nähili maksatdygyna welin, düşünmän galdym, oňa özüniňem düşünen bolmagy gümanadyr. Öňümde oturanyň gaýduwsyz adamdygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Dogrudanam, ol ähli zady doly ýerbe-ýer adam däl ýalydy. Mende hatda ol çeken suratlaryny özi-de halamaýandygy sebäpli görkezmek isleýän däldir diýen çaklama-da döredi. Ol arzuw bilen ýaşaýardy, hakyky durmuşyň onuň üçin gadyry ýokdy. Çaky, çogup duran güýjüni sarp edip işlände, ol öz içki göreşiniň öňünde durandygyndan başga, dünýäniň ähli zatlaryny unudýardy. Soňra bolsa işi tamamlaman (mende Striklend şekili gutarman goýýandyr diýen çaklama döredi), özüni köýdürip barýan hyjuwy gutaransoň, surata bolan höwesini ýitirýärdi. Ol öz eden işinden hiç mahal kanagat tapmaýardy, elinden çykan iş ahyryna ýetirilmedikdi, bigadyrdy, özüniň ruhy nazaryna gije-gündiz görünýän zatlar bilen deňeşdirerligi ýokdy.
— Öz işleriňizi nä sebäbe görä sergilerde goýmaýarsyňyz? — diýip sowal berdim. — Eýsem, il-günüň ol işler hakyndaky pikirini siziň bilesiňiz gelenokmy?
— Men bilesigeliji däl.
Onuň gaýtaran jogabyndan beýan edip bolmajak ýigrenç äheňi duýuldy.
— Eýsem, siz şöhrat hakynda arzuw edeňzokmy? Ýekeje suratkeşem şöhrata göwnübirlik bilen garaýan däldir,
— Oglanlyk! Bir adamynyň pikirini ýarym teňňä almaýan halyňa, üýşmeleňiň pikirine gulak gabartmak bolarmy?
Men gülüp oňaýdym.
— Beýle pikir ýöretmäge hemme kişide ukyp ýok.
— Şöhraty kim döredýär? Tankytçylar, ýazyjylar, birža dellallary, aýallar.
— Aslynda, bir gezek gözüne garap görmedik adamlaryňyň seniň eliňden çykan zady synlap tolgunyşlaryny, alada galyşlaryny, oýlanyşlaryny nähili kabul etmeli? Eýsem, adamlaryň ýüregini gorkudan ýa-da gynanmadan ýaňa gürsüldemäge mejbur edýän häkimlikden täsin häkimlik barmy?
— Melodrama.
— Oňat ýa erbet çekeniňize sizem biparh garaýan dälsiňiz ahyryn?
— Pikirinem edemok. Maňa gören zadymyň suratyny çekmek wajyp.
— Haýsydyr bir ýaşalmaýan ada düşüp, eden işimi bolsa özümden başga hiç kimiň görmejegine gözüm ýetýärkä men-ä zat çekip bilerin öýdemok.
Striklend uzak wagt dymdy, ýöne gözlerinde welin, kalbyny joşgun bilen dolduran bir zat gören ýaly, geň uçgun çakyp gitdi.
— Käte-käte deňiz giňişliginde ýitip giden ada gözümiň öňüne gelýär. Şol ýerde heniz görmedik agaçlarym ösýän gizlinje bir jülgede parahat ýaşap bilerdim. Özüm ähli isleýän zadymy şol ýerde taparyn öýdýärin.
Ýok, ol edil meniň ýazyşym ýaly geplemedi. Görünmeli zatlary söz bilen däl-de, el hereketleriniň, sakynmagyň üsti bilen beýan etdi.
— Soňky ýyllara göz aýlap, eden işiňiz çeken azabyňyzy ödändir öýdýäňizmi?
Ol näme diýýänime düşünmän, ýüzüme garansoň, düşündiriş berdim:
— Siz bagtly ýaşaýyş hasap edilýän ýerbe-ýer öýüňizi, parahat durmuşyňyzy taşladyňyz. Özüňizem gurply adamdyňyz. Bu ýerde — Parižde bolsa, ýagdaýyňyz ýeňil däl. Eger ömür yzyna aýlansa, siz ýene soňky hereketiňizi edermidiňiz?
— Gürrüňsiz.
— Bilýäňizmi näme, siz menden asyl aýalyňyz, çagalaryňyz hakda-da soramadyňyz… Ýa-da siz olar barada hiç wagt pikirem edeňzokmy?
— Ýok.
— Dogrymy aýtsam, beýle gysgajyk jogap bermegiňizi islemezdim. Käte siz maşgalaňyza iýdiren hupbatyňyz üçin wyždan ezýetini çekýänsiňiz ahyryn?
Striklend giň ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady.
— Men-ä siz ýedi-sekiz ýyl mundan öňki däl-de, mahal-mahal has aňyrrakdaky geçmişi, aýalyňyz bilen ilkinji duşuşygyňyzy, aşyk bolşuňyzy, öýlenişiňizi ýatlamaga borçlumykaňyz öýdýän. Eýsem, siz ony ilkinji gezek bagryňyza basanyňyzdaky şatlygy-da ýatlamaýarsyňyzmy?
— Men geçmişi ýatlamaýaryn. Diňe şu günde hemişelik many bar.
Men bir minut ýaly oýa batdym. Jogap garaňkydy. Ýöne, barybir, men onuň manysyna çalarak düşünýän ýalydym.
— Siz bagtly adammy? — diýip sowal berdim.
— Hawa.
Men dymdym-da, pikire gidip oňa seretdim. Ol meniň agyr garaýşymyň öňünde ýan bermän durdy, ýöne soň welin gözlerinde kineli yşyk ýandy.
— Meň ýagdaýym gowy däl, siz meni günäkärleýän ýaly.
— Ugursyz gep — diýip, men kesgitli gepledim. — Konstruktory günälemeli däl, tersine, onuň ruhy ýagdaýy gyzyklanma döredýär.
— Diýmek, siz meň bilen arassa hünärmen hökmünde gyzyklanýaňyz-da?
— Hawa, diňe hünärmenligim üçin.
— Siz meni günäli hasaplap bilmeli däl. Belki, özüňizem menden ibaly dälsiňiz.
— Mümkin. Sebäbi siz özüňizi meň ýanymda erkin duýýaňyz — diýip, men oňa gaýtawul berdim.
Ol guraksy ýylgyrdy, ýöne hiç zat diýmedi. Wah, onuň ýylgyryşyny ýazyp beýan edip bilsedim! Ony ýakymly hasap edip boljak däldi, ýöne onuň ýüzüni welin ýagtyltdy, oňa adaty çytygam däl, başga, mekirligiň manysyny berýärdi. Ol çekgeden başlanýan, belki-de, şol ýerde gutarýan örän duýguly, gatybir gazaply hem däl, mähirli hem däl, haýsydyr bir adamyňka meňzemeýän, satiriň (mifologiýadaky şerbet hem şatlyk hudaýynyň hemrasy) ýylgyryşy ýaly ýylgyryşdy. Şol ýylgyryş hem meni:
— Siz Pariže gelip bir gezegem zenana öýlenmek islemediňizmi? — diýen sowal bermäge mejbur etdi.
— Mende biderek zada sarp eder ýaly wagt ýok. Ömür gysga närse. Ol hem sungata, hem söýgä ýetmeýär.
— Siz terkidünýä-hä meňzeş däl.
— O zatlaň hemmesi meň üçin ýat.
— Adam erbet oýlanylyp ýasalypdyr.
— Siz näme üçin meň üstümden gülýäňiz?
— Sebäbi men size ynanmaýaryn.
— Beýle bolsa, siziň özüňizem menden ibaly däl.
Men ony derňeýän ýaly seredip dymdym.
Ahyrynda hem:
—Sizi oýnamakdan meniň utýan zadym barmy? — diýdim.
— Düşünemok.
Men ýylgyrdym:
— Häzir düşündireýin. Ynha, siz aýlarboýy hiç bir zat hakda pikir etmeýärsiňiz-de, şol sebäpli hem işler ömürlik gutardy diýip, özüňizi ynandyrýarsyňyz. Siz erkinlikden keýp çekýärsiňiz, indi ruhuňyzy, janyňyzy diňe özüňize degişli hasap edýärsiňiz, depäňizi ýyldyzlara degirýänsiňiz öýdýäňiz. Soňam siz beýle durmuşa çydam edip bilmejekdigiňizi birden aňyp, aýagyňyzyň mydama hapalygy depeläp durandygyna göz ýetirýärsiňiz.
Ol maňa seretdi, ýüzüniň welin, ýekeje damary-da gymyldamady. Men onuň nazaryndan nazarymy aýyrman howlukman gepledim:
— Ynha, ýene bir zat: ýagdaý geň bolup görünse-de, hemme zat geçensoň, siz özüňizi päkize ruh hökmünde duýýarsyňyz, şonlukda tensiz ruh bolup, göýä, ol ten bilen duýulýan zat ýaly, derrew gözellige ýanaşaryn öýdýärsiňiz. Siz özüňizi derýanyň ýakymly suwy bilen üsti güberçeklän toprakda ýeňil şemal bilen, agaçlar bilen utgaşandyryn öýdýärsiňiz. Özüňizi hudaý hasaplaýarsyňyz. Belki-de, düşündirersiňiz — näme üçin?
Gepläp bolýançam ol menden gözüni aýyrmady, soňam ýeňsesine öwrüldi. Striklend dymýardy. Men ikimiziň gepleşigimiz gutardy hasap etdim.
22.
Parižde ymykly ýerleşenimden soň, pýesa ýazyp başladym. Örän kadaly ýaşaýyş alyp barýardym: irden-ä işleýärdim, gündizem Lýuksemburg bagynda gezim edýärdim, köçelerde aýlanýardym. Dünýädäki iň ýakymly, oýlanmaga mejbur edýän Luwr galereýasynda köp wagt geçirýärdim, ýa-da kenardaky köne kitaplar satylýan dükanlardaky satyn almagyň pikirini-de etmeýän eserlerimiň sahypalaryny waraklaýardym. Bu ýerde bir sahypa, o ýerde bir sahypa okap, ýene aňryk ýöreýärdim… Ýakyndan tanşasymam gelip durmaýan gaty kän kitaba göz gezdirip çykýardym. Agşamlaryna dost-ýarlaryň ýanyna barýardym, Strewlere ýygy-ýygydan aýlanýardym, olaryň onçakly üýtgeşik bolmadyk agşamlyk naharyny paýlaşýardym. Dirk Strew italýan tagamlaryny taýýarlamaga ökdedigi bilen öwünýärdi. Dogrusyny aýtsam, onuň taýýarlaýan spagettisi çekýän suratlaryndan gowudy. Ol ullakan tabagy dolduryp, üstüne pomidor goýaltmasy dökülen aşy getirende, stoluň üsti şa saçagyna meňzeýärdi. Biz tagamly el çöregi bilen uzyn aş iýip, oňa ýanabam gyzyl şerbet içýärdik. Men Blanş Strewi ýakyndan tanadym. Ol öz watandaşlary bilen seýrek gabatlaşýardy. Menem iňlisdim, belki, şonuň üçindir ol meniň öýlerinde peýda bolmagyma mydama begenýärdi. Ol az geplegen bolsa-da, salam-heliklidi, göwnaçykdy, sadady. Men näme üçindir, onuň ýüreginde bir syr bar ýaly hasaplaýardym. Belkem, ol diňe dogabitdi takatlylygyň netijesidir. Ýaňra adamsynyň ýanynda onuň az gepleýän ýaly bolup görünýän bolmagy-da ahmaldyr. Dirk başyndan geçiren horlugyny örän agras görnüşe girip aýdanda, güle-güle meniň içegelerim gyryldy, Strew hanym bolsa gaty utandy.
— Özüni samsyjak edip görkezmekden adamyň näme utýanyna düşünmeýärin — diýip, hanym ýagdaýa berýän bahasyny dile getirdi.
Strew aýalynyň öýke edýändigini bilende, onuň tegelejik gözleri öňküsindenem tegelenip, gaşlary ýazylyp gitdi.
— Janjagazym, sen närazymyň? Beýtjek bolsaň, men gaýdyp iç sürýän derman içmen. Ol öt haltaň oýny. Hereket etmän oturmakdan. Köp ýöremeli. Oýlanyp gör, men gidilýän ýere üç günläp gitmedim ahyryn…
— Hudaýyň haky üçin diliňi saklasana! — diýip, gözleri ökünç gözýaşly aýaly onuň sözüni böldi. Onuň käýelen çaganyňky ýaly ýüzi süýnüp, dodaklary pökgerdi. Strew maňa kömek sorap ýalbaryjy gözlerini aýlady. Men bolsa gülmekden ýaňa özümi ele alyp bilmeýärdim.
Bir gezek ikimiz suratkeşleriň işlerini satýanyň dükanyna bardyk. Çişigiň aýtmagyna görä, ol ýerde Striklendiň iki ýa üç işi bolmalydy. Ýöne satyjy bize Striklend işlerini birki gün mundan öň yzyna aldy diýip habar berdi. Näme üçin beýdendigi-de belli däl eken.
— Dogrusyny aýtsam, oňa men gynanybam durmadym. Ozalam men ol işleri mesýe Strewiň göwni üçin, başa barsa sataryn diýen pikir bilen alypdym. Ýöne welin, hudaýym saklasyn… — Ol eginlerini gysdy. — Men ýaş suratkeşleri goldamagyň, elbetde, aladasyny edýän, ýöne bu ýerde jenap Strew, özüňiz bilýäňiz, bir teňňeligem zehin ýok.
— Biziň günlerimizde şondan ukyply suratkeşiň ýokdugy barada anyk söz berýän. Siz örän bähbitli işi eliňizden giderýäňiz. Meň şu sözümi unutmaň. Wagty geler welin, onuň bir işi siziň dükanyňyzdaky hemme işlerden gymmat bolar. Öz işlerini birnäçe ýüz franka-da satyp bilmedik Moneni ýatlaň. Häzir ol işleň bahasy nähili?
— Ol aýdýanyňyz dogry. Ýöne şo mahallar Moneden pes däl onlarça suratkeşler öz işlerini satyp bilmeýärdiler. Şol işleri häzirem satyn alýan ýok. Bu ýerde näme many bar? Many — eýsem, üstünlik ukyba görä peýda bolmaýarmy? Bolgusyzlyk. Du reste (üstesine-de), jenap Strew, siz o dostuňyzyň üstünlige mynasypdygyny adamlara-da ynandyrmaly… Sizden başga hiç kim ony beýledir öýtmeýär.
— Siz onda kimiň mynasypdygyny nähili seljerýäňiz? — diýip, gahardan ýaňa gyzaran Dirk sowal berdi.
— Diňe bir ýol bilen — üstünlik bilen.
— Düşünjesizlik! — diýip, Dirk gygyrdy.
— Siz geçmişiň beýik suratkeşlerini ýatlaň — Rafaeli, Mikelanjelony, Engry, Delakruany. Olaryň hemmesi hem öz wagtynda üstünlik gazanypdyrlar.
— Gideli — Strew maňa tarap öwrüldi. — Gideli, ýogsam men bu adamy öldürýän.
23.
Men Striklend bilen, umuman, ýygy-ýygydan duşuşýardym, käte ikimiz küşt hem oýnaýardyk. Ol birsydyrgyn häsiýetli adam däldi. Kä hiç kimi aňşyrman, aljyraňňy ýaly bolup oturandyr, birdenem keýpi göterilip, adaty bolşy ýaly sakawlap, sözleriniň arasyny kesip-kesip gepläp başlar. Men onuň agzyndan bir gezegem akylly-başly gep eşitmedim, ýöne onuň ýowuz gülküsi käte özüne çekýärdi. Ol näme pikir edýän bolsa, şony hem diline getiräýýärdi. Adamyň göwnüne gödek degmegem onuň üçin hiç zatdy, özünden öýkelense welin, diňe begenýärdi. Mysal üçin, ol käte Strewiň şeýlebir göwnüne degýärdi welin, ol gaýdyp şunuň bilen duşuşman diýip, gaçyp gidýärdi. Emma onuň gujurly dünýäsi çişik gollandlyny gürrüňsiz özüne çekýärdi. Şonuň üçinem ol ýene göwnüne degiljegini öňünden bilse-de, eýesiniň öňünde ýalňyş hereket eden köpek ýaly guýrugyny bulaýlap gaýdyp gelýärdi.
Nämedendigini aýdyp biljek däl, ýöne Striklendiň meniň bilen-ä jyny-jyňkyryşýardy. Biziň gatnaşygymyzam özboluşlydy. Bir gezek ol menden elli frank karz pul diledi welin:
—Berjek däl, bermegiň pikirinem etmen — diýdim.
— Näme üçin?
— Men näme esas bilen size karz pul bermeli.
— Häzir elim gaty ýuka.
— Beýle tutaryk maňa täsir edenok.
— Eger men aç ölsemem, täsiri ýetmezmi?
— Siz nähili öleniňizde maňa parhy näme?
Ol bulaşyk sakgalyny barmaklary bilen daraklap, birki minut maňa seretdi. Men ýylgyrdym.
— Nämäniň gülkiňizi tutdurýandygyny bilesim gelýär. — Onuň gözleri gaharly uçganaklady.
— Eýsem, siz şeýle sada adammy? Siz il öňünde borjuňyz ýok hasap edýärsiňiz. Şoňa görä-de, siziň öňüňizde-de hiç kim özüni borçly hasap etmeýär.
— Jaýyň kireýini tölemäge pulum bolmany üçin köçede galmaly bolýan. Şonuň üçinem özümi heläkläýsem size nähili bolar?
— Hiç hili hem bolmaz.
Ol üsgürýän ýaly etdi.
— Ýerliksiz öwünýäňiz. Men özüme kast etsem, sizi wyždanyňyz çeýnär.
— Heläkläň, şonda bellisi bolar.
Gözlerinde ýylgyryş alamaty peýda bolan Striklend sesini çykarman, öz şerbedini ahyryna çenli içdi.
— Küşt dikäýsek nädýär? — diýip sowal berdim.
— Bolmanam durmaz.
Ikimiz mallary dikenimizde ol küşt tagtasyna hoşamaý nazar bilen garady.
— Siziň esgerleriňiziň söweşe taýyndygyny görmek gowy zat.
— Siz, dogrudanam, özüňize pul berler öýdüp hyýal ýüwürtdiňizmi? — diýip, men sowal berdim.
— Siz näme üçin bermeli däl?
— Meni geň galdyrýaňyz. Sizden eden tamam çykmaýar.
— Nädip?
— Asyl, siz, çuň yzarlaberseň, aşa ýüregi ýuka adam ekeniňiz. Siz meniň duýgularymy beýle ýüzleý ynam bilen kabul etmeli däl ahyryn.
— Eger ýumşan bolsaňyz, men sizi ýigrenerdim — diýip, ol açyk jogap gaýtardy.
— Şeýle bolsa gowy-da.
Bir göçüm edenimizden soň, ikimizem oýnuň humaryna gark bolduk. Oýun gutaransoň:
— Men size şeýle zat teklip edýärin — diýdim. — Ýagdaýyňyz beýle agyr bolsa, öz işleriňizi maňa görkeziň. Belki, olaň käbiri maňa ýarar. Belki, men satyn alaryn.
— Güm boluň! — diýip, ol kesgitli aýtdy.
Ol ýerinden turup, gapa tarap ýörejek bolanda, men melgunlyk bilen:
— Siz içen absendiňiziň bahasyny tölemediňiz! — diýdim.
Ol maňa gargyndy-da, stoluň üstüne teňňe zyňyp çykyp gitdi.
Şondan soň men ony telim günläp görmedim. Ýöne bir gezek agşamlyk kafede gazet okap otyrkam, ol ýanyma gelip ornaşdy welin:
— Görýän welin, siz entek özüňizi asman ekeniňiz-ow! — diýdim.
— Ýok, iki ýüz franklyk iş buýurdylar. Garry demirçi ussaň şekilini çekmeli.
(Ol surat Stokgolmyň Milli surat galereýasynda saklanýar).
— Beýle zat size nädip başartdy.
— Meni oňa çörek alýan ýerimde işleýän aýal hödürledi. Garry ol aýala «Meň suratymy çekip biljek suratkeş gözleýän» diýipdir. Ol aýala iş tapany üçin ýigrimi frank bermeli boldum.
— Demirçiň sypaty nähili?
— Diýseň oňat-da. Gyzyl, goýnuň aýagy ýaly ýagly ýüz, sag ýaňagynda-da äpet, gylly siňňili bar.
Striklendiň keýpi diýseň oňatdy. Ýanymyza Dirk Strew gelip oturanda, Striklend zabun hoşgöwünlilik bilen neressäniň üstüne çozuş etdi. Ol hatda bagtygara gollandda bar bolan, ýöne meniňem bilmeýän ejiz taraplarymy ussatlyk bilen tapyşdyrdy. Bu gezek Striklend ýaňsyly gülkiniň naýzasy bilen bizar-peteňiňi çykarman, ony paýyş sözleriň tokmagy bilen ýençdi. Ol şeýlebir tebigy hüjüm boldy welin, gapyl galan Strew iki tarapa çarp urýan ürküzilen goýna meňzedi. Ol şeýlebir aňk bolup azara galdy welin, hatda ahyrsoňunda, ýaňagyndan gözýaş togalandy. Bu ýakymsyz wakanyň iň gamgyn ýeri-de, Striklendi ýigrenýän her bir şaýat hem gülmän saklanyp biljek däldi.
Nähili-de bolsa, meniň şol Pariž gyşy baradaky ýatlamalarymyň iň ýakymlysy Dirk Strew hakynda bolup galdy. Onuň sada ojagy özüne çekiji duýgudan doludy. Iki çatynjanyň ýakymlylygy kalbyňa şatlyk salýardy, Dirkiň aýalyna bolan sada söýgüsi hem näzik alada ýugrulandy. Onuň hyjuwynyň kütek açyklygy biygtyýar hoşuňa gelýär. Zenanyň adamsyna nähili derejede duýgy beslemelidigine men düşünýärdim, onuň mähirli ysnyşygyny görüp guwanýardym. Eger onuň wäşilik duýgusy bar bolsa, adamsynyň öňünde baş egip, özüni şeýle ýokary derejä ýetirişinden maza tapýar diýip oýlanýardym. Çünki ol gülýän bolsa, lezzet almaýan, tolgunmaýan bolup bilmez ahyryn. Dirk diňe bir aýaly söýýän adam. Eger ol häzirki aýaly garrasa-da, şu mahalky dolmuşrak, saldamly ýakymlylygyny, görmegini ýitirse-de, Dirk üçin ol barybir, älemiň iň ýaş hem ajaýyp zenany bolup galar. Olaryň ýaşaýşy başgalaryňkydan rahatlygyň sazlaşygy bolup tapawutlanýardy. Olaryň öýi ussahanadanam başga, bir-ä ýatyşhanadan, bir-de darajyk aşhanadan ybaratdy. Strew hanym hojalygyň ähli işini öz eli bilen dolandyrýardy, Dirk özüniň bolgusyz suratlaryny çekýän wagty hem ol bazara gidýärdi, tikin-çatynda edil garynja ýaly işeňňirlik görkezýärdi, agşamlyk ýene tikin-çatyn işini alyp, ussahanada aýalynyň başy çykmajak sazlary gowy görýän adamsynyň roýal çalşyny diňleýärdi. Ol sazy oňaryp çalýardy, ýöne oňa çakdanaşa kän duýgy siňdirýärdi, netijede, onuň päk, sada, söýgüden doly kalby owaza goşulýardy.
Olaryň durmuşy ajaýypdy, dawa-jenjelsiz, asuda, süýji durmuşdy. Dirk Strewiň daş-töwereginiň hemme tarapyna basylýan gülkünç möhür ol durmuşa az-kem özboluşly äheň, haýsydyr bir sazlaşygyň bozulmaýan äheňini goşup, ony has häzirkizamanlyga getirýärdi. Ýöne ol sahna çykarylan gödek degişme ýaly bolup, gözellige hökmany suratda goşulan ajyny has-da ajy edýärdi.
24.
Roždestwonyň öň ýany Dirk Strew ýanyma gelip, baýramçylygy olarda bile garşylamagy teklip etdi. Geljekki dabara onuň mylaýymlyk eçilýän damarlaryny eýýäm herekete getiripdi, ol dabarany şeýle ýagdaýda edilýän ähli däp-dessurlary berjaý edip, dost-ýarlary bilen geçirmek isläpdir. Ikimizem Striklend bilen bir aý töweregi görüşmändik. Men-ä esli salymlyk Pariže gelen tanyşlarym bilen gümra boldum, Strew bolsa adatdakylaryndan has gaty öýkeläni üçin Striklendiň bolan ýerine barmazlygy özüne pent etdi. Striklend aýylganç adam, Strew ony mundan bu ýana görmek islänok. Ýöne ýetip gelýän baýramçylyklar onuň kalbyny ýumşatdy. Şonuň üçinem Striklendiň baýramçylygy täk özüniň geçirmeli boljakdygyny ýatlanda, ol titräp gitdi. Strew öz duýgusynyň täsirine görä ölçäp, baýramçylykda dost-ýarlar bir ýere jem bolýarka, Striklend neressäniň diňe öz gorkunç oý-pikirleri bilen ýalňyz oturmagyna dözüp biljek däldi. Ol ussahanasynda arça goýdy. Men öz ýanymdan biziň her birimize mynasyp däl sowgatlaryň hemmesi eýýäm bezelen arçanyň şahalarynda asylgy durandyr öýdüp çak etdim. Düýpli öýkäni beýle ýeňillik bilen bagyşlamagyň özüň üçin kemsitme boljakdygynyň pikirini eden Dirk, Striklend bilen duşuşmaga juda ýaýdanýardy. Şonuň üçinem sahnada ýaraşyk pursady amala aşanda, meniň oňa hökman şaýat bolmagymy isleýärdi.
Strew ikimiz Klişi köçesine bile gitdik, ýöne barýan kafesinde Striklend ýok eken. Daşary sowukdy, içerik girdik-de, dymyk hem çilim tüssesinden ýaňa gök öwüsýän eýwanda gaýyş diwanda ornaşdyk. Striklend gara bermeýärdi, ýöne soň onuň bilen käte küşt oýnaýan fransuz suratkeşine gözümiz düşdi. Çagyrdym welin, ol gelip stolumyzyň başynda oturdy. Strew ondan Striklendi nä mahal görendigini sorady.
— Striklend näsag — diýip, suratkeş garaşmadyk habarymyzy aýtdy. — Siz ondan bihabarmy?
— Ýeňil-ýelpaýmy…
— Men-ä ýeňil näsaglyk dälmikä öýdýän.
Strewiň reňki agardy.
— Näme üçin ol maňa hat ýazaýmadyka? Öýkeleşmedigem-dä. Men nähili akmak. Häziriň özünde onuňka gitmeli. Oňa idi-yssuwat edýänem ýok bolaýmasa. Ol nirede ýaşaýar?
— Bilemok — diýip, fransuz jogap berdi.
Asyl hiç birimiziňem Striklendi tapjak gümanymyz ýok eken. Dirk näme etjegini bilmedi.
— Onuň ölenini hem adam ogly bilmän galar. Beýle pikir etmegem aýylganç. Ony tizden-tiz tapmak biziň borjumyz.
Belli salgysyny bilmän, tutuş Parižden çaklap adam tapjak bolmak, manysyz pişe. Öňürti etjek hereketlerimizi seljermeli.
— Gaty gowy pikir. Onuň eňek atyp ýatan bolmagam ahmaldyr. Tapsagam, giç bolaýmasyn birden.
— Gapylsana! Oýlanmaga beri goý — diýip, men onuň üstüne gygyrdym.
Bilýänim ýeke salgy — «Otel de Belž». Ýöne Striklend ol ýerden bireýýäm gidipdi. Otelde ony ýadyna düşürip biljegem ýok bolaýmasa. Üstesine, onuň bolýan ýerini ýaşyrmak endigini hem göz öňüne tutsaň-a, myhmanhananyň işgärine salgyny goýandyr diýip, umyt etmäge-de onçakly ýapyşalga galmaýar. Onsoňam ondan bäri bäş ýyldanam kän wagt geçdi ahyryn. Ýöne ol şol kafede garbanmagyny dowam edýän bolsa, ýaşaýan ýeriniňem «Otel de Belžden» uzakda däl bolmagy ahmaldyr.
Birdenem çörek dükanynda işleýän, oňa portret çekmek tabşyrygyny tapan aýal ýadyma düşdi. Onuň nirede ýaşaýandygyny şol aýalyň üsti bilen bilmek mümkindi. Men sowal-jogap kitabyny getirdip, şol çörek dükanyny gözläp başladym. Şu töwerekde-de bäş sany çörek dükany bar eken. Biz şolaryň hersine maňlaýymyzy diräp görmelidik. Strew onçakly höwesli bolmasa-da, yzyma düşdi. Onuň Klişi köçesinden uzalyp gidýän hemme köçelerdäki jaýlardan sorap çykmak meýli bar eken. Meniň çylşyrymly bolmadyk çaklamam özüni ödedi. Biz ikinji çörek dükanyna baranymyzda, ol ýerde işleýän aýal Striklendi tanaýandygyny aýtdy. Işimiz oňuna bolup, ilkinji gabat gelen jaýyň gapy garawuly Striklendiň otagynyň iň ýokarky gatdadygyny aýtdy.
— Ol näsaglan ýaly-la? — diýip, Dirk sowal berdi.
— Herki zat bolup biler — diýip, gapy garawuly göwnübirlik bilen jogap gaýtardy. — Ynha, birnäçe gün bäri ol meň gözüme ilenok.
Strew meniň öňüme düşüp, basgançak bilen haýdap ugrady. Men ahyr ýokaryk çykamda, ol eýýäm gapyny açan, egni ýeňsiz gursakçaly bir kişi bilen gepleşip duran eken. Ol goňşy gapyny kakmalydygyny aýtdy. Goňşy jaýda ýaşaýanyň suratkeş bolaýmagynyň ahmaldygyny bellän kişi, onuň bir hepde bäri görünmeýändigini habar berdi… Strew gapyny kakmak üçin barmagyny epledi-de, derrewem aljyraňňy görnüşde maňa tarap öwrüldi.
— Birden ol öläýen bolsa…
— Kim ölse-de, Striklend ölmez.
Men gapyny kakdym. Jogap bolmady. Eltutary basdym. Gapy gulply däl eken. Girdik. Men öňde, Strew yzymda. Otagyň içi garaňkydy. Men giren ýerimiziň aýna üçegiň astyndaky mansarddygyny zordan saýgardym. Üçekden düşýän öçügsi yşyk garaňkylyga çala täsirini ýetirýärdi.
Men:
— Striklend! — diýip gygyrdym.
Jogap bolmady. Indi ýagdaý maňa-da geň göründi. Yzymda duran bolsa ysytma tutýan ýaly sandyraýardy. Men çyrany ýakmaga-da ýaýdandym. Burçda duran ýatalgany çala saýgardym. Men gorkdum. Çyrany ýaksam, birdenem ýatalganyň üstünde jansyz jeset ýatan bolsa.
— Näme, siziň kükürdiňizem ýokmy, akmaklar?
Striklendiň alagaraňkynyň içinden çykan haýbatly sesi meni tisgindirdi.
— Eý, Hydaý! — diýip, Strew gygyrdy. — Men sizi eýýäm ölensiňiz öýdüpdim.
Men kükürt çyzyp, şem agtaryp durkam, bir mahalyň özünde hem ussahana, hem ýaşalýan otag bolup hyzmat edýän darajyk jaýy görmäge ýetişdim… Jaýyň içinde diňe ýatalga, ýüzi diwara bakdyrylyp goýlan çarçuwa çekdirilen kendir, molbert, stol hem oturgyç bardy. Ne düşek bardy, ne diwarpeç. Başly-barat ýatan reňklerden, suratkeşiň malasyndan, süplükden doly stoluň üstünden bir bölejik şem tapyldy. Şemi ýakdym. Striklend bioňaý ýagdaýda ýatan eken. Onuňam sebäbi ýatalga oňa kelte gelýärdi. Ol geýim-gejimleriňem hemmesini üstüne basan eken. Onuň gyzgynynyň gaty galandygy ilkinji bakyşda aýandy. Strew onuň ýanyna atylyp bardy-da, tolgunmakdan ýaňa gyrlan sesi bilen:
— Ah, meň biçäre dostum, size nämeler boldy? — diýip samyrdady. — Siz kessellänsiňiz diýip, kelläme-de gelmedi. Näme üçin maňa habar ýetirmediňiz? Siz üçin elimden gelenini gaýgyrmajakdygymy bilýäňiz ahyryn. Şol gezek aýdan zadymam ýadyňyzdan çykaryň. Men ýalňyşypdyryn. Meň öýkelemegimem akmaklyk.
Striklend:
— Gümüňizi çekiň bu ýerden! — diýdi.
— Birneme paýhasly bolaýyň ahyryn. Rugsat beriň, men size rahat ýataryňyz ýaly kömek edeýin. Size esewan bolar ýaly bu ýerde adam ýokmy, eýsem?
Ol uly howsala bilen garyp çatmanyň ýokarsyna garady. Ýorgany, ýassygy düzedişdirdi.
Agyr dem alýan Striklend gazaply görnüşe girip dymdy. Soňra ol maňa gaharly nazar bilen seretdi. Men parahat durşuma, öz gezegimde oňa seretdim.
— Maňa ýagşylyk etmek isleýän bolsaňyz, süýt getirip beriň — Men iki gün bäri jaýdan çykamok.
Onuň gapdalynda süýtden boşan çüýşe, gazet bölegine dolanan çörek galyndylary bardy.
— Şu mahala çenli siz näme iýdiňiz? — diýdim.
— Iýen zadym ýok.
— Näçe wagt bäri? — diýip, Strew gygyrdy. — Iki güni siz nädip iýmän-içmän geçirdiňiz? Bu aýylgançlyk bolýar.
— Suw içdim.
Onuň nazary elýeterde duran ullakan kürüşgede eglendi.
— Men häzir nahar getirmäge ylgaýyn — diýip, başagaýlyga düşen Strew dillendi. — Işdäňiz näme alýar?
— Gyzgyn ölçeýän guralam almaly — diýip, men hem gepe goşuldym. — Birazrak üzüm hem çörek getirmeli.
Aladasynyň nepi degjegine begenen Strew basgançakdan aşak ýumak bolup togalandy.
— Şeýtan ogly! — diýip, Striklend samrady.
Men onuň damarynyň urşuny barladym. Damar çalt urýardy, çala duýulýardy. Ol meniň sowallaryma jogap bermedi, sowallarymy talabedijilik bilen gaýtalanymda bolsa, gahar bilen aňyrsyna öwrüldi-de, ýüzüni diwara tarap öwrüp ýatyberdi. Maňa diňe takat edip garaşaýmak galdy. On minut çemesi geçensoň, has-has edip, Strew gaýdyp geldi. Agzalan zatlardanam başga ol şem, spirt çyrasyny, bulýon getiripdir, özi-de ol ýetişikli öý hojalykçysy ýalydy, derrew süýdi gyzdyrmaga durdy. Men Striklendiň gyzgynyny ölçedim. Ölçeýji gural kyrk üçi görkezdi. Onuň ýagdaýy agyrdy.
25.
Kän wagt geçmänkä, biz ony ýeke goýduk. Dirk naharlanmak üçin öýüne gitmelidi, menem Striklende lukman getirjekdigimi aýtdym. Biz dar jaýyň kapas howasyndan soň açyk howaly köçä çykan badymyza Dirk meni, gaty çyny bilen özelenip, ussahanasyna çagyrdy. Onuň bir matlaby bar, nämedigini welin, şu mahal aýtmak islemeýär. Men gürrüňsiz ýany bilen gidäýmelimişim. Men häzirki pursatda lukman alyp gelenimde-de, onuň Striklend üçin biziň edenimizden kän iş etmejegine gözüm ýetýäni sebäpli, Strewiň haýyşyny goldamaly etdim. Biz baran mahalymyz Blanş Strew myhman garşylamak üçin gowy taýynlyk gören eken. Dirk aýalynyň ýanyna bardy-da, onuň elini eline aldy.
— Ezizim, senden nämedir bir zat barada haýyş etmek isleýän.
Ol bar bolan gowulyklarynyň iň esasysy diýseňem boljak agras hem aýdyň özboluşly nazary bilen adamsyna seretdi. Strewiň derlän gyzyl ýüzi ýalpyldap durdy, görnüşi gülkünç derejä ýeten biynjalykdy, emma onuň tegelek, mydama geňgalyjy alamatdan doly gözleriniň nazary hyjuwlydy.
— Striklend gaty näsag, belkem, ölüm ýassygynda ýatandyr. Ol hapa üçekde, örän garyp ýaşaýar eken. Hatda oňa göz-gulak bolýanam ýok. Ony bize getirmäge rugsat ber.
Ol elini äriniň elinden derrew çekip aldy. Men henize çenli onuň beýle çalt hereket edenini görmändim. Blanşyň aksowult ýüzi lowurdap gitdi.
— Ýok, ol bolmaz.
— Maňa garşy çykma, ezizim. Striklend ol ýerde ýeke galsa, men o hakda pikir ede-ede, gözümem ýumup bilmen.
— Ýanyna git-de, göz-gulak boluber, men garşy däl. — Onuň sesi sowuk hem gedemlik bilen ýaňlandy.
— Ol öler.
— Goý, ölsün.
Strewiň hatda äňi ýazan ýaly boldy. Soňra ol ýüzüniň derini syldy-da, haraý isleýän ýaly bolup maňa tarap öwrüldi. Ýöne men näme diýjegimi bilmedim.
— Ol beýik suratkeş! — diýip, Strewiň özi geplemeli boldy.
— Beýikligi, pesligi meň işim däl. Men ony ýigrenýän.
— Ezizim, söýgülim, beý diýmesene. Towakga edýän, ýalbarýan, ony öýe getirmäge rugsat et. Bärik getirip, belkem, biz onuň ömrüni halas ederis. Ol saňa ýük bolmaz. Hemme aladany özüm ederin. Ýorgan-düşegini ussahanada ýazaýarys. Eýesiz it ýaly ölüp galsa, biziňem adamçylykdan çykdygymyz bolar.
— Ony näme üçin hassahana ibermeli dälmişin?
— Hassahana! Ol adam şekilli, ýürekden üns berilmegine mätäç.
Blanşyň beýle tolgunmasy meni geň galdyrdy. Ol stoluň üstüne iýer-içer ýaly zatlary goýmasyny dowam edýärdi, ýöne elleri welin sandyrap durdy.
— Meň kanagat damarymy üzjek bolma. Özüň näsaglaýsaň welin, seniň ojagaz Striklendiň kömek etjek bolup barmajygynam gymyldatmazdy.
— Gymyldatmanda näme? Maňa sen hossarlyk ederdiň. Maňa onuň kömegi geregem bolmazdy. Onsoňam men başga gep. Mende nä agram barmy? Men kimmişim?
— Sen hut aňy ýok güjük ýaly. Ýere ýazylyp ýatýarsyň-da, öňýetene üstüňden depgiläp geçmäge ýol berýärsiň.
Strew hikirdedi. Ol aýalynyň gazaplanmagynyň sebäbine düşünendirin öýtdi.
— Eýjejigim, sen henizem onuň bu ýerik meniň suratlarymy görmäge gelenini ýadyňdan çykaraňok. Ol suratlary halamady. Halamanda näme. Aslynda, meniň olary görkezmegimem akmaklyk ahyryn. Ondanam başga, olar dogrudanam, gowy suratlar däldi.
Ol ussahana tukat nazar aýlady. Molbertdäki entek tamamlanmadyk işde ýylgyryp duran italýan işçisiniň şekili bardy: ol garagözelek gyzyň kellesiniň ýokarsynda üzüm hoşasyny tutup durdy.
— Suratlar göwnünden turmadygam bolsa, ol sypaýyçylygy elden bermezlige borçludy. Ol seni näme üçin kemsitdi? Ýigrenýändigini tekrarlamak üçinmi? Sen bolsaň, onuň elinden ýalamaga taýyn. Men ony ýigrenýän.
— Naşyjam, ol geniý ahyryn. Elbetde, menem şeýle bolmak islärdim. Ýöne men genini bir göremde saýgarýan hem tutuş durkum bilen öňünde baş egýän. Jahanda şondan geň zat ýok… Ol kime nesip eden bolsa, götermegem hyllalladyr. Genial adamlara geçirimli bolmaly, olary goramaly.
Men bir gyrada maşgalanyň dartgynly wakasyna utanyp gulak asýardym hemem Strewiň meni bu ýere getirjek bolup dyzamasynyň manysyna düşünmäge çalyşýardym… Blanşyň gözleri bolsa eýýäm ýaşdan dolupdy.
— Ony öýe getirmek üçin saňa ýalbarýanym, onuň geniligi üçinem däl, ol hem näsag, hem garyp.
— Men ony hiç mahal öýüme goýbermen, hiç mahal!
Strew ýene maňa tarap öwrüldi.
— Gepiň ölüm bilen ömre degişlidigini sen bir muňa düşündir ahyryn. Striklendi ol näletsiňen hütdükde goýup bolmaz ahyryn.
— Näsagy bu ýerde saklamak, onuň özi üçin, elbetde, gowy bolardy.
— Söýgülim, seniň aladasyndan gaçyp näsag adama ýardam etmezligiň mümkin däl.
— Eger ol bu ýere gelse, men öýden gidýän! — diýip, Strew hanym gazaba mündi.
— Men seni tanamajak bolýan. Sen mydama ýüregi ýuka, rehimdardyň ahyryn.
— Hudaýyň haky üçin meni erkime goý. Sen meni däliredýäň.
Hanymyň ýaňaklaryndan gözýaş togalandy. Ol kürsä özüni goýberdi-de, ýüzüni eli bilen tutdy. Onuň eginleri titredi. Dirk göz açyp-ýumasy salymyň içinde aýalynyň aýaklarynyň öňüne baryp çökdi, ony gujaklady, ellerinden ogşady, ýakymly sözler aýtdy. Dirkiň towakgasy gözýaşa öwrülip ýaňaklarynda göründi. Onuň gujagyndan sypan Blanş gözýaşyny süpürdi-de:
— Maňa degme — diýdi, hemem indi birneme ýumşap, zoraýakdanam bolsa ýylgyryp maňa ýüzlendi. — Indi siz men hakda nähili pikir edip bilersiňiz?
Strew bir zat aýtjak bolsa-da aýdyp bilmän, aýalyna aljyraňňy nazar aýlady. Onuň maňlaýy gyzardy, dodaklary pökgerdi. Ol maňa näme üçindir deňiz doňuzjygyny ýatlatdy.
— Diýmek, barybir, «ýok» jogap alýan-da, mähribanym?
Halys lejigen Blanş diňe ýadawlyk bilen elini hereketlendirdi.
— Ussahana seňki, içindäki zatlar seňki. Sen ony bu ýere getirmekçi bolsaň, men saňa nädip garşylyk görkezip bilerin?
Dirkiň tegelek ýüzi birden ýagtylyp gitdi:
— Sen razymyň? Men soňunyň şeýle boljagyny bilýädim! Sen meň mähribanym ahyryn.
Birdenem Blanş özüni ele aldy-da, jebir alamatyndan doly gözlerini adamsyna tarap öwürdi, yzyndanam ýüreginiň urgusyny haýallatjak bolýan ýaly, ellerini döşünde goýdy.
— Dirk, men tutuş ömrümboýy senden hiç zat haýyş etmändim.
— Dünýäde seň üçin etmejek zadymyň ýokdugyny sen bilýäň ahyryn.
— Ýalbarýan, Striklendi şu öýe getirme. Kimi isleseň getir, ýöne şol gelmesin. Ogry-jümrini getir, süpük arakhory getir, gabat gelen, köçede öýsüz-öwzarsyz kaňkap ýöreni getir, men şolara begene-begene hyzmat etjekdigime wada bereýin. Ýöne şol Striklendi getirme. Men saňa ýalbarýan, Dirk.
— Näme üçin beýle?
— Men şondan gorkýan. Ol meni aýylgançlyga itekleýär. Ol bizi erbetligiň üstünden elter. Şony meň süňňüm syzýa. Sen ony öýe getirseň, ýagdaý gowulyk bilen gutarmaz.
— Bu nähili telbelik boldy!
— Telbelik däl. Men agzymyň näme gepleýänini bilýän. Biz bir aýylgançlygyň üstünden bararys.
— Adama ýagşylyk edenimiz üçinmi?
Blanş gepiniň arasyny bölüp dem aldy, gorky onuň ýüzüni özgertdi. Men onuň kellesinde nähili pikirleriň at salýandygyny aýdyp biljek däldim, haýsydyr bir näbelli gorky ony özüne mahsus däl herekete ýüz urmaga mejbur edýärdi. Ol adatça parahatdy, özüne erk etmegi başarýardy, häzirki howsalasyna welin, akyl ýetirer ýaly däldi. Strew esli salym oňa geň galmakdan ýaňa doňan ýaly bolup seretdi.
— Sen meň aýalym, sen meň üçin dünýäde iň gymmatly adam. Seň razylygyň bolmasa, adam ogly bosagadan bärik ätlemez.
Hanym bir minutlap gözlerini ýumdy welin, özünden gidäýermikä öýtdüm. Men ony beýle ganygyzmadyr öýtmeýärdim, şonuň üçinem bolýan ýagdaýa kalbymda gizlin janyýangynlyk döredi. Soň Strewiň dymyşlygy birhili geň bolup bölen sesi eşidildi.
— Medet bermek üçin el uzadanlarynda sen çykgynsyz günde dälmidiň? Onuň uly netijesiniň bolandygy henizem seň ýadyňda. Eýsem, özüňde kömek etmäge pursat dörände, başga birini kyn günden gutarmak islemezmiň?
Ol sözler iň adaty sözlerdi, ýöne meniň gulagyma welin, öwüt beriji äheň bilen eşidilensoň, ýylgyrman zordan saklandym. Ol sözleriň ýetiren täsiri meni haýran etdi. Blanş Strew tisginip gitdi-de, uzak wagtlap adamsyna dikanlap seretdi. Dirk ýere bakdy, göwnüme bolmasa, ol aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Blanşyň ýaňaklary al öwüsdi, ýöne derrewem onuň ýüzüne öliniň reňki urdy, göwresindäki ganyň hemmesi damarlarynda doňup galan ýaly boldy, hatda elleri hem solgun reňke boýaldy. Ol sandyrady, ussahanadaky ümsümlik has agraldy, onuň täsiri bedeniňe gelip degýän ýaly bolup duýuldy… Men aljyradym.
— Striklendi öýe getir, Dirk. Men oň üçin elimden gelen ýagşylygy gaýgyrmaýyn.
— Mähribanym! — diýip, Dirk oňa elini uzatdy, ýöne Blanş bir tarapa süýşdi.
— Men keseki adamlaň ýanynda näziklik görkezmegi halamok, Dirk. Bu akmaklyk.
Ol ýene öňki Blanşa öwrüldi, hiç kim birki minut mundan ozal ony aýylganç tolgunma heläk edendir diýip, aýdyp hem biljek däldi.
26.
Ertesi biz Striklendi Dirkiň öýüne alyp geldik. Oňa özüniň, dogrudanam, örän näsagdygyny ynandyrmak üçin erjellik bary, ondanam beter kanagat gerek boldy, şeýle hem ol Strewiň ýalbarmalaryna, meniň aýgytly hereketimiň garşysyna goýmaga güýç tapmady. Geýindirýänçägem ysgynsyz sesi bilen paýyş-paýyş sögünýärdi. Basgançakdan aşak düşdük, ulagly Strewiň ussahanasyna getirdik. Şol eden hereketlerinden hem ýadan Striklend garşylyk görkezmän, özüni ýatalga goýberdi. Onuň näsaglygy aý ýaryma dagy çekdi. Kä günler biz ony ýene birnäçe sagatdan uzak ýaşamasa gerek diýip çak etdik. Men onuň şol agyr ýagdaýdan çykmagyna Strewiň taýsyz erjelliginiň sebäp bolandygyna ynanýan.
Men tutuş ömrümde olar ýaly agyr häsiýetli näsag görmedim. Ol ynjygam däldi, tersine, hiç mahal şikaýatam etmeýärdi, mydama diýen ýaly dymýardy. Ony diňe biziň yhlas bilen edýän aladamyz gaharlandyrýan ýalydy. Saglygyň nähili, gerek-ýarak zadyň barmy diýen sowala ýa ýaňsyly ýylgyryş ýa-da gahar bilen jogap gaýtarýardy. Men ony ýöne ýigrenýärdim. Şonuň üçinem janyna abanýan howp sowlan badyna, özüne ol barada aýtdym.
Onuň gaýtaran jogaby:
— Gümüňi çek! — boldy. Bary şol.
Dirk Strew işinem başyndan gutarnykly aýlap urup, Striklende wepaly eneke ýaly bolup hyzmat etdi. Ol näsagyň ýorgan-ýassygyny dagy şeýlebir ussatlyk bilen ýygnaşdyrýardy hem meniň onda bardyr öýdüp çak hem etmeýän mekirligim bilen ony derman içmäge mejbur edýärdi. Hiç hili kynçylyk, zähmet ony ýolundan sowup bilmeýärdi. Onuň edýän gazanjy aýaly ikisine hor-homsy bolman ýaşamaga maý berýänem bolsa, aýratyn bol-telkilikde ýaşap, iýmit dannaýan näsag Striklendiň agzyna ýaraýjak gyt zatlary almaga ýetmeýärdi. Strewiň köpräk iýdirjek bolup kanagatly salykatlylyk bilen höre-köşe edişini men hiç mahal ýadymdan çykarman. Özi üçin edýän aladasyna gödek jogap alsa-da, Dirk ony duýmadyk bolýardy, eger gatyrak gitse-de, gülüp ýeňäýýärdi. Striklend birneme özüne gelenden soňky gowuja keýpi hem Dirkiň üstünden gülmäge gönügýärdi. Ol hem näsagyň keýpini göterjek bolup, arasynda ýagdaý oňatlaşýar diýen manyda maňa-da gizlin begenjini görkezip, özüni bilgeşleýinden degişgen edip görkezýärdi. Umuman, Strew zordy.
Ýöne ondanam beter meni Blanş haýran galdyrýardy. Ol özüni diňe bir näsaga hyzmat etmäge ukyply zenan däl, eýsem, oňa wepaly hossar bolmak tarapyndanam görkezdi. Onuň adamsynyň näsag Striklendi ussahanasyna getirmek islegine gazaply garşylyk görkezendigine-de, indi ynanar ýaly däldi. Ol näsaga Dirkiň hyzmat edişi ýaly hyzmat etmek isleýärdi, ýorgandaşyny, ýassykdaşyny-da eýesine päsgel bermän çalşyrmagyň aladasyny edýärdi, onuň el-ýüzüni ýuwdurýardy. Bir gezek men onuň näsaga hyzmat etmäge elleriniň gelşip barýandygyna geň galýandygymy ýaňzydamda, ol özüniň sadaja hem mylaýym ýylgyryşyny edip, ozal bir wagt hassahanada işländigini aýtdy. Gepiň keltesi, ol ne söz bilen, ne-de ýakymsyz hereketi bilen Striklendi halamaýanyny bir gezegem ýüze çykarmady. Ol näsag bilen az gepleşýärdi, az gepleşse-de, onuň ähli islegini soraman bilýärdi. Iki hepdäniň dowamynda näsagy gije-de ýeke galdyrar ýaly bolmady. Şol döwürde Blanş adamsy bilen gezek-gezegine Striklendiň ýanynda nobatçylyk etdi. Ol garaňky jaýda sagatlap näsagyň başujunda oturanda näme pikir etdikä? Striklende seretmegem ýakymsyzdy. Öňkülerindenem horlanan, bulaşyk sary sakgally näsag, ýellenen gabaklaryny boşluga tarap öwrüp ýatyrdy. Onuň näsaglykdan ýaňa şöhlesi öçüşen gözleri öňküden has uly ýaly bolup görünýärdi.
Bir gezek men Blanşdan:
— Ol gijelerine siz bilen gepleşýärmi? — diýip soradym.
— Agzynam açanok.
— Siz henizem ony öňkiňiz ýaly halamaýarsyňyzmy?
— Öňkimdenem beter ýigrenýän.
Ol maňa aýdyň gözlerini aýlady. Onuň ýüzi şeýle parahat bolany sebäpli, beýle ýagdaýa özüm şaýat bolanam bolsam, şular ýaly aýalyň ýigrenç joşgunynyň girdabyna çümmäge ukybynyň bardygyna ynanar ýaly hem däldi.
— Siz şeýdip alada baryny edip ýörsüňiz welin, ol size bir gezek dagy minnetdarlyk bildirdimi?
— Ýok — diýip, Blanş ýylgyrdy.
— Geň adam!
— Hem geň, hem ýigrenji.
Şeýle agyr ýüki gerdenine alyp, ynjyk näsagy çyny bilen kabul edeni üçin Strew aýalyna nähili ýol bilen minnetdar boljagyny bilmeýärdi. Ony diňe Blanş bilen Striklendiň bir-birine garaýşy biynjalyk edýärdi.
— Biler bolsaň, olar telim sagatlabam agyzlaryndan ýeke söz çykarman oňýarlar.
Bir gezek Striklend ýorgandan çykar ýaly derejede gowulaşan mahaly hemmämiz ussahanada otyrdyk. Dirk bir zat gürrüň berýärdi, Strew hanym Striklendiň köýnegini çatyp otyrdy, Striklend hem geplemän arkan düşüp ýatyrdy. Onuň Blanşa ýaňsyly ýylgyryş bilen garaýandygyna meniň tötänden gözüm kaklyşdy. Ony aňan Blanş gabaklaryny galdyrdy, birnäçe sekundyň dowamynda olaryň nazary duşuşmaly boldy. Hanymyň nazaryndan nähili many okamalydygyna doly düşünip bilmedim. Onuň nazarynda geň aljyraňňylyk hem näme üçin dörändigi bir hudaýa belli howsala bardy. Striklend derrew nazaryny üýtgetdi-de, ýene öňküsi ýaly ýokaryk manysyz garap ýatdy. Blanş bolsa oňa tarap düşnüksiz hem syrly many bilen seretmesini dowam etdi.
Birnäçe gün geçensoň, Striklend jaýyň içinde gezmeläp başlady. Ol diňe süňk bilen ham bolup galypdy, egnindäki eşikleri-de agaç asgyja ildirilen ýalydy. Bulaşyk gyzyl sakgal, ösgün saç, bolşundan ulalan ýaly ýüz, keselden ýaňa göreji çüý ýaly bolan göz oňa geň görnüş berýärdi. Ol ýöne geň hem däldi-de, näsagy ýigrenji edip görkezýän geňlikdi. Şol gelşiksizlikde-de düýpli äpetlik duýulýardy. Onuň özümde döreden täsirini anyk beýan edip biljek däl. Onuň bedeni aňyrsy görnüp duran örtük bilen örtülen ýaly bolup, ruhulyk içinden parran geçýän bolmasa-da, ýüzüne ýazylan duýgy gözüňe mazaly urýardy. Meniň häzirki aýtjak bolýan zadymyň gülkünç bolup duýulmagy-da ahmaldyr, ýöne ol duýgy ylham siňen duýgudy. Striklendden grekleriň ýarym adam ýarym haýwan şeklindäki görnüşlerine goşan gara güýçlerinden hem bölek bar ýaly, tebigylyk howasy gelýärdi. «Iblis bilen il bolan adam — diýip, ýene içimi gepletdim. — Ol iblis gahar-gazabyň ruhy däl, sebäbi ol gahar-gazapdan öň dörän ilkidurmuş güýji».
Entek keselden doly saplanmadyk Striklende surat çekmekden irdi. Şonuň üçinem ol ussahanada arzuw-hyýallara gark bolup oturýardy ýa-da kitap okaýardy. Men onuň elinde asla garaşylmadyk kitaplary gördüm: Mallermeniň goşgulary — ol çagalaryň okaýşy ýaly sessiz, dodaklaryny gymyldadyp okaýardy. Men ol ajaýyp heň öwrümleriň — kadensileriň, ýapyk setirleriň onda nähili duýgy döredýändigini aňyp bilmedim. Başga bir gezek bolsa Gaborionyň detektiw romanyny okap oturandygyna gabat geldim. Meni onuň okamaga kitap saýlamagynda iliňkä meňzemeýän gapma-garşylykly häsiýetiniň özboluşly täsir edýändigi gyzyklandyrdy. Bedeni gurpdan gaçanam bolsa, onuň öz diýenini gögerdýändigi täsindi. Strew içeriniň goş-golamynyň ýerbe-ýer bolmagyny halaýardy, ussahanasynda-da iki ýany ýumşak çuň kürsi bilen uly diwan bardy. Striklend ýasama kanagatlylyk görkezmek üçinem däl-de, hakykatdanam, ol zatlaryň ýanyna barmak islemeýärdi. Bir gezek men oňa ussahanada üç aýakly oturgyçda otyrka gabat geldim. Sebäbi ol oňaýlylygy, rahatlygy islemeýärdi, islendik ýumşak kürsüden gaty oturgyjy ileri tutýardy. Onuň beýle ýagdaýy meniň gaharymy getirýärdi. Men töweregini gurşap alan ýagdaýa beýle göwnübir, biparh garaýan ikinji bir adama asla gabat gelmedim.
(Eser gysgaldylyp çap edildi).