|

Awuna garaşyp…

Awuna garaşyp… Orazguly ANNAÝEW

▶ AWUNA GARAŞYP…

Awuna garaşyp,
Gizlenip ýatan
Goşa sally gapan
Öñden gurulgy
Tisginip ýazdy-da gysdy dişini.
Ene möjek aldananna geñ galyp,
Sypjak bolup ikiýana urundy,
Dyzady,
buruldy…
Ýöne gapan gören eken işini.
Mejbur bolup,
aw agtaryp çykypdy,
Ene möjek muña gelmändi seýle.
Ömür ätiýaçly,
Eserdeñ möjek
Bolar öýdüp beýle
Ýatsa-tursa pikir etmändi ozal.
Häzir on erkini dişläp ýatyrdy
Ajala öwrülen bir sowuk demir.
Ahmyrña bäs gelmän,
Gemir
Dişle,
Çeýne…
Ak garyñ üstünden göterler tozan.
Namys edýär möjek
Belki, beýle güne düşmezdi häzir,
Öz işdäsi bilen oñşan bolsady.
Ýa-da ýazan gapan
Onuñ aýagny
Gaty garysyndan jontan bolsady.
Demre dişi ötmän,
Şol demden şeýläk
Möjek sypjak boldy
Bendilige düşen aýagny çeýnäp.
Hiç zatdan gaýtjak däl öljegem bolsa,
Bu ýagdaýy görüp nebsiñ agyrýar,
Möjegem bolsa…
Ysgyny gaçansoñ gapana garap,
Gördi oñ sypatyn özüne meñzeş,
Meñzeş häsiýeti.
Diñe häzir aýan boldy möjege,
Ömür gulluk eden arzuwy ~ neti.
Möjek-möjekligin ýitirenokdy,
Ajalyñ agzyna jaý gelen wagty…
Ýöne düşünmek kyn,
Häzirki pursatda kim ejiz,
wagşy?!
Aranly gapanmy aslyşyp duran
Ýa möjekmi,
Ýa wagşymy gelip gapany guran?! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи