|

Awtoportrete ştrihler

Awtoportrete ştrihler AWTOPORTRETE ŞTRIHLER

1.

Anektodmy,
degişmemi,
nämemi,
Bir zatlar-a sebäp bolýan käte men.
Ýöne onuň üçin örtäp bu jany,
Özümi oklaman ýanar oda men.
Goý, aýtsynlar
degişmesin,
ýenesin,
Agzyboşdur,
nätjek,
gepläbersinler.
Diňe setirlerdir sözleň seresin
Meniň üçin aýap saklawersinler.

2.

Adamyň aýbyny ýüzüne aýdyp,
Ýeňsesinden öwmek söýgüli pişäm.
Bir kişiň göwnüne degäýsem sähel,
Agyr oýlanmada geçýändir gijäm.

Eselmek,
peselmek –
wezipä bagly
Diýýänlerdir
meniň ganym duşmanym.
Ýel barka parlatgyn adalat tugun.

«Soň giç bor,
Peýdasy degmez puşmanyň!
Şol baýdaga sygyn,
Hor bolmarsyň sen,
Kiçini uly bil,
Ulyny beýik…»
Her dem öz-özüme akyl berýärin,
Öz-özümi köşeşdirýän şeý diýip.

3.

Hiç mahal söz başlamadym «men» bilen,
Gürlemedim, wagt tapsam, diňledim.
Öz aýbyny gizlän,
II aýbyn gözlän
Näkesleri ýigrendim hem geňledim.

4.

Ne uzyn, ne kelte – orta boýly men,
Ne dymma, ne ýaňra – şeýleräk bolşum.
Ne mekir, ne sada hem däl aýny men,
Hemişe bir durkum, şol bir dem alşym.

5.

Sakgallar agarýar,
Saçlar agarýar,
Ýaşlaram alakjap barýandyr öňe.
Şindem käbir dostum arzuw ýüwürdip,
Geljege göz dikip ýatandyr diňe.

Maňa welin,
ynan,
seniň göwnimden
Turmagy başarsam besdir, döwürdeş.
Ýola gitjek,
ýola düşmezden ozal
Taýynlap goýýandyr özüne ýoldaş.

Sen wepadar ýoldaş,
Ynamdar ýoldaş,
Ýüregňi, syryňy ynansa boljak.
Seniň bilen bir deňizde gark bolup,
Bir oduň howruna ýylansa boljak.

Biz bile gideris…
Bu ýolda ykbal
Biziň aramyza çöp atan güni,
Sensiň meni bu dünýäde ýaşatjak,
Sensiň ýok etjegem dünýäden meni.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle