|

Awtoportret

Awtoportret AWTOPORTRET

Gam-gussa bile birikdim
Bolubilsem satirikdim
Bilýän üçin materikdim
Bilmedige ada boldum

Kyny tutdym, amady däl
Kalbyn gördüm, kamaty däl
Kimler üçin adaty däl,
Kimler üçin kada boldum

Şeýtana boýun bolmadym
Il-güne oýun bolmadym
«Hä» diýip, goýun bolmadym
Boldugymdan sada boldum

Mätäç bolup, el sermedim
Yhlas etdim, el çermedim
Ýakyn üçin göz görmedim,
Bolsam mydam ýada boldum

Duranok, durmazam günler
Ak bagta atarar daňlar
Bagtyna gowuşdy kimler
Men ortada «ýa-da» boldum

Haram iýsem, ýansyn bagrym
Bozman asla iman çygrym
Düşmedige labrint şygrym
Düşünene ýoda boldum

Ylham GURBANALYÝEW.

2021. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle