Awtobusy kowalaýan gyz (Hekaýa)

Kemalettin TUGJU,
türk ýazyjysy
Awtobus ugrajak-ugrajak bolup durka aňyrdan bir garryja daýza haýdap geldi. Ýanynda-da kiçijik agtyjagy bardy. Sürüji awtobusyň gapylaryny gaýtadan açdy:
— Daýza jan, çaltrak münüň, ýogsa gijä galýas.
Ýolagçylar kümüş saçly enä awtobusa münmäge kömek etdiler. Aýna ýakyn oturan ýaş ýigit ýerinden turup:
— Geliň daýza, şu ýerde oturaýyň — diýdi.
Agtyjagyny öňüne salan garry daýza duranlaryň arasyndan sagy-solundaky tutawaçlardan ýapyşyp gidişine görkezilen ýerde jaýlaşykly oturdy:
— Taňryýalkasyn, oglum!
Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn bolansoň, awtobusyň içinde dem alar ýaly howa ýokdy. Ýolagçylardan biri:
— Sürüji dogan, indi bir duralgada durman geç. Şonsuzam aýak basara ýer galmady munuň içinde — diýdi.
— Münmeselerem düşjekler bardyr ahyry, olary nädeýin? — diýip, sürüji hor-hor etdi.
— Bolmasa duralgadan biraz geçibräk saklan.
— Bolýar onda, düşjek ýeriňizi aýdarsyňyz-da.
Awtobusyň içi şeýlebir dyknyşykdy welin, edil urlup dykylan ýalydy. Ulag hernäçe silkinse-de, adamlaryň ýykyljak gümany ýokdy. Birdenkä yzky gapynyň golaýynda oturan ýolagçylardan biri:
— Sürüji, yzymyzdan bir gyzjagaz ylgap gelýär, özem elleri bilen bir zatlar-a düşündirýär — diýip gygyrdy.
— Häzir awtobusda gyzjagaz beýlede dursun, bir pişige-de ýer ýok, başga ulaga müner-dä — diýip, ýene bir kişi hüňürdedi.
Emma ol ýolagçylaryň bilesigelijiligini oýaryp ýetişipdi. Ýolagçylar başlaryny öwrüp, ylgaşlap gelýän gyzy görjek bolup dert-azara galdylar.
Ilki gürlän hälki ýolagçy:
— Bäh, gaty keçjal gyz eken-aý — diýdi. — Keýik kimin towsaklaýar. Hakykatdanam, ulagyň yzyndan ýeterin öýdýärmikä?!
— Belkem, münjek bolandyr, ýöne ýetişen däldir.
— Başga awtobusa münse bolmaýarmyka — diýip, başga bir ýolagçy gaharly gepledi.
— Onçasyn-a bilemok, ýöne henizem ylgap gelýär. Elinde-de bir guty bar. Bir zatlar satýan bolaýmasa.
Aralykda gyz has yza galyp, gözden gaýybam boldy. Awtobus duralgadan az-owlak geçibräk säginip, iki ýolagçy düşürdi. Soňra-da çakganlyk bilen gapylaryny ýapyp, ýoluny dowam etdirdi. Duralgada duran ýolagçylar gykda-bak boluşdylar.
Garryja daýza içi iki sany çüýşeli örülen torbasyny ýerde goýup, agtyjagyny gujagyna aldy.
Ýolagçylaryň biri:
— Bu gyz halys akylyndan azaşypdyr öýdýän — diýip hoňňuldady.
Gysga ýoldan ylgap gelen gyzjagaz özüni tasdanam ulagyň öňüne oklapdy, ýöne sürüji durarly däldi.
Awtobus gaýtadan tizligini artdyrdy. Adamlar yranyşyp-iteleşip barýardy. Ýolagçy hetdenaşa köp bolansoň, ulagy ýakymsyz der ysy tutdy. Içlerinden biri halys çydamadyk bolarly:
— Aý, sürüji dogan, gapylaň birini açsaň nädýä, ýogsam dem alar ýaly bolmady-la — diýdi.
— Ulag hereket edýärkä gapy açylmaz. Bolmasa ýokardaky howa gapagyny açyň.
Olar sürüjiniň aýdyşy ýaly hem etdiler. Awtobusyň içine sähelçe-de bolsa arassa howa girdi. Emma ondan diňe açylan yşyň edil aşagynda duranlar dem alyp bildi. Beýlekilere henizem arassa howa ýetmezçilik edýärdi.
Hälki gyz häzirem ylgap gelýärdi. Wagtal-wagtal ol garaşylmadyk ýerden awtobusyň öňüne çykýar, sesine bat berip elleri bilen birgeňsi yşaratlar edýär, soňra ýene yza galýar, emma hiç ylgawyny ýazdyranok. Ýolagçylar ýerli-ýerden: «Bu gyz halys akylyny ýitiripdir öýdýän» diýişdiler. Ýene biri:
— Bir zatlar-a diýýär. Elinde näme saklap durka? — diýdi.
Awtobus welin badyny gowşatman, şol myçyp barýar. Ol ýene bir duralgadan geçibräk säginensoň, bada-bat ýoluny dowam etdirdi. Ulaga münüp ýetişmedikler hyrçyny dişleşip galdylar.
Bu gezek gyzjagaz awtobusyň öňünden iki köçäniň çatrygynda çykdy. Ylgamakdan ýaňa halys surnugansoň, kynlyk bilen gepledi:
— Daýza, başy ýaglykly daýza-a…
Ahyrsoňy garryja daýzaň gujagynda oturan çagajyk:
— Mama, o gyz saňa gygyrýar öýdýän. Elinde gyzyl bir zad-a bar. Seniň düwünçegiň dälmi o? — diýdi.
Garryja daýza eýlesine-beýlesine garap, bir zatlar gözlemäge durdy. Soňra-da bogazyna sygdygyndan gygyrdy:
— Pulum, waý pulum, nepagam ýok, elýaglygyma dolap goýupdym. Üç aýlyk nepagam şonuň içindedi…
Gyzjagaz halys tapdan düşüpdi, indi onuň awtobusyň yzyndan ylgamaga mejaly galmandy.
— Sürüji duraweri! — diýşip, ýolagçylar ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Sürüji welin:
— Durup bilemok — diýip, perwaýsyz jogap berdi.
— Aý-how, agam jan, şu daýzaň puly ogurlanypdyr.
Garryja daýza:
— Ýok, gaçyrypdyryn, şol gyzjagaz maňa gygyrýar — diýdi.
Sürüji ahyrsoňy awtobusy saklady, gyzjagaz ulaga tarap ýöneldi. Ýolagçylardan biri penjireden elini çykaryp, gyzyň uzadan gyrmyzy düwünçegini aldy. Garryja daýza begenjine bäs gelip bilmän gepledi:
— Taňryýalkasyn! Wah balam, nireden tapdyka muny? Dur, şujagaz gyza azajygam bolsa pul bereýin-le.
— Daýza jan, o gyz bireýýäm gitdi.
Garryja daýza gyzjagaza berip bilmedik puluny elinde saklap durşuna gözünden boýur-boýur ýaş dökdi.
