|

Awtobusda

Awtobusda AWTOBUSDA

Awtobusda

Çoganlyñ deñinde bazara barýan
Aýallar elem-tas bolup mündüler.
Goşlary kän eken ýarar-ýaramaz,
Biriniñ elinde bardy kündügem.

Kän gürrüñ etdiler
tanyş-bilişleñ,
Bolan hem bolmadyk hatasy hakda.
Soñam bir geliniñ Türkiýä gidip,
Getiren üýtgeşik hatasy hakda.

Hormat goýmasamam, endige görä,
Birine ýer berdim, çalarak süýşüp.
Her kim öl-suw bolup, derläp-daljygyp,
Gapa seredişip, durdular üýşüp.

Beýle gapdalymda durdy bir gelin,
Elinde tor, içinde-de mürepbe.
Aýagyma basdy, yza duýmadym,
Gaýta çäksiz şatlyk duýdum ýürekde.

Sebäbi şobada «Bagyşlañ!» diýdi,
Uýatly ýylgyryp, bakdy edaly.
Towşantüý-ä däldim, ekabyrrakdym,
Şonda welin, birden gaçdy mejalym.

Taýyn-la ýüz gezek bagyşlamaga,
Ýüz gezegem ogşamaga dabanñy.
Biler bolsañ ýañy, göwnüm gitdi-de,
Seni hut öz äriñdenem gabandym.

«Bagyşla» diýseler söýýän sebäbi,
Düşün, köşek gözli, saçlary syýa.
Ýogsam, diñe şu gylygym üçinem,
Durmuşda gaty kän çekdim men zyýan.

Meni kän urdular, gizlinlik bilen,
Ýüreginse yz goýdy şol depgiler.
Soñ bolsa, özümi günäkär saýyp,
Ýaramyñ üstüne narpyz sepdiler.

Goý, basylan aýak bolsun hemişe,
Aýakda däl, başda bolar mertebe.
Eger sen «Bagyşla!» diýmekçi bolsañ,
Müñ gezek bas, kaýyl beýle şerte men.

Aýakda agyry-yza duýmadym,
Emma çäksiz şatlyk duýdum ýürekde…
Keşbiñi hiç haçan ýatdan çykarman,
Awtobus,
tor,
içinde-de mürepbe. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle