|

Awtobus we ýolagçylyk hakda henekler

Awtobus we ýolagçylyk hakda henekler AWTOBUS WE ÝOLAGÇYLYK HAKDA HENEKLER

Doly awtobusda orta ýaşlaryndaky bir ýolagçy aýagaldygyna hüňürdeýär:
— Bi adamlaram, nähil-aý?! Tükenen-aý barysy! Özünden ululara dagy sapsym ýer bermelidirem öýtmiýäler.
Onuň hüňürdisine gapdalyndaky oturdaşynyň ünsi çekilýär. Ol oňa bakýar-da diýýär:
— Bagyşlaň, siz nämüçin gatyrganýarsyňyz? Özüňiz otyrsyňyz-a?!
— Oturamda näme?- diýip gaharjaň ýolagçy geňirgenýär: — Ine bü aýalym dik dur-a-how!

* * *

Biri irden işe gelende gözüniň aşagy göm-gökmüş.
— Nämmolly?-diýip kärdeşi soraýar.
— Äý,-diýip, şikesli ýüzüni sapajak-supajak edýär:-düýn işden soň gaýdanymda hyryn-dykyn awtobusa münmeli boldy-laý.
— Ýeri, bolanda nä? Dyknyşykda depeleselerem aýagyňa basarlar-da, gözüňe depesleri ýog-a?!
— Äý,- diýip, şikesli hasam ýüzüni bukýar: — durkam syrtym gijedi weli, özümiňkidir öýdüp ýanymda duranyň mähnet pyýadaňkyny gaşaýypdyryn :-).

* * *

Depme dykyn awtobus duralgadan ugrap, ýola düşenem şol welin, birdenkä semiz hatyn gözüne urlan ýaly, ulili bilen gygyrmaga başlaýar:
— Wä-ä-ä-k-k!
Derrewem arkan gaňrylýar-da, ejesiniň elinden tutup duran dört-bäş ýaşlyja bezzadyň üstüne heňkirýär:
— Wah, sen ýerýuwdanjyk!
Oglanjygyň ejesi aňk-taňk bolýar-da, oň ýüzüne howsalaly äňedýär:
— Oglum, bi daýza näme etdiň?
Garagol özi zerarly turan goh-galmagala jinnek ýalam myzaýyk etmän, göwnübir jogap gaýtarýar:
— Ol-a meň aýagymy basdy, menem oň syrtyndan dişledim :-).

* * *

Dyknyşyk awtobusda çar tarapyndan gysylyp, mäjerlenip duran arryjak, çöpe janbitdi erkek kişi, zordan boýnuny gyşardýar-da, yzyna bakýar. Arkasynda duran, nusgawy şygryýetde: “göwsi meýdanly” diýilýän, mähnet býustly hatyna alarylýar-da, igençli hümürdeýär:
— Aýal dogan, gaýrat et-de ýagyrnydan iteklemesene! Görýäň-ä öňe süýşmägä-hä ýer ýok, özümem zordan durun!
Hatyn gözüni petredýär-de, gatyrganýar:
— Itekleýän bamy gyz, seni?! Dem alýan-a, gyýw! :-).

* * *

Şeýhiň köşgüniň öňünde ýolagçy awtobusy saklanýar. Içi dolam daýaw-daýaw daýzalar.
— Bi turisler nirden?-diýip balkondan garap duran şeýh, nägilelik bilen dodagyny çöwrüp, hyzmatçysyndan soraýar.
Hyzmatkär ýüzünem üýtgetmän jogap berýär:
— Jenap, bular siziň gaýynlaňňyz :-).

* * *

Biri dostuna gürrüň berýär:
— Düýn, işden gaýdyp gelýärkäm, awtobusda pully gapjyk tapdym.
— Onsoň nätdiň, äkidip polisiýa tabşyrdyňmy?
— Jykk.
Onuň jogabyny halamadyk dosty, ýüzüni kürşerdýär:
— Nämüçin?
— Özümiň halalhonlygymy ile görkezip, öwünýän ýaly bolmaýyn diýdim :-).

* * *

Günbatarpisint geýinmegi halaýan gyzlaryň biri jorasyna gürrüň berýär:
— Şü ýerçekmiş oglanlaram ýaman köpbilmiş bolupdyrlar. Düýn awtobusda barýan welin, ýanymda duran bisyratlaň biri maňa tarap çala egildi-de, ýuwaşjadan: “A gyz, şwenzaň sypypdyr” diýip pyşyrdady. Menem çym-gyzyl bolup, ilk-ä jalbarymyň syrmasyny barladym. Açyk däl. Soň köýnegimiň arkasyndan göwünbendimiň ildirgijini elleşdirip gördüm. Diňe şondan soň telimi çykaryp gugllamda “şwenza” diýilýän zadyň, gulakhalkaň ildirgijidigini bildim. Ýeriçççeken! 🙂

* * *

Bir gyz awtobusda oturan ýerinden dyzynyň üstündäki pişigi emaý bilen sypalaýarmyş. Onuň oturdaşy bolan ýaş ýigit çylkasyzlyk bilen gyza lak atýar:
— Wah şumat şu gujagyňdaky pişigiň ýerine “men bolaýsam” diýip arzuw edäýşimi bir bilsediň, gözel gyz…
Gyz oňa alarylýar-da, hüňürdeýär:
— Men ony weterinara biçdirmäge äkidip barýan-da, şumat. 🙂

Toplan Serdar ATAÝEW. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle