|

Awçy, atma jereni!

Awçy, atma jereni! AWÇY, ATMA JERENI!

Awçy, atma jereni!

Awçy, atma jereni!
Onda uly arzuw bar.
Intizar ol, gör ony,
Ol kanala garaşýar.

Gör, injigi inçejik,
Suw diýip köp ýörmekden.
Mahrum etjek sen niçik,
Ony kanal görmekden?!

Sanalgyja gün galdy,
Arzuwyna ýeterne.
Kanal çöle ýol saldy,
Gelýär jerenleň ýerne.

Kanal gumy boýn edip,
Geçsin, çöli suwarsyn!
Owlaklaryn oýnadyp,
Jeren-de suwa barsyn.

Awçy, atma jereni!
Onda gowy arzuw bar.
Gowy arzuwy seni
Etsin oňa rehimdar!

Rehmet SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle