|

Atyr

Atyr ATYR

Bu nätdigiň boldy, sertaraş ogul,
Depämden, ýakamdan guýýarsyň atyr?
Göreňokmy, seniň oturgyjyňda
Togsan ýaşly Jambyl Jabaýew otyr.

Birmahallar menem daýaw ýigitdim,
Indi bolsa, ynha, büküldi bilim.
Häzir sen agtarsaň deň-duşlarymy,
Eliň çyraly-da tapmarsyň birin.

Gijesi-gündizi ýonsaň-da näçe,
Gylyç ýasap bolmaz köne demirden.
Bir lagar ýabyny münseň-de näçe,
Bedewe öwrülmez ömür-ömür hem.

Sen bolsa Jambylyň dik depesinden,
Sakgalnyň üstünden guýýarsyň müşki.
Wah, sertaraş ogul, beýdeniň bilen
Göterilermikä gojanyň yşky?

Kartlaryň kerpiçhal koroly ýaly,
Küteldim men, indi päkiligim ýok.
Suwa düşürseň-de atyr suwuna,
Göwnüm ýaş,
Ýöne, wah, öňküligim ýok.

JAMBYL JABAÝEW.

Terjime eden Kerim Gurbannepesow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle