ATSYZ GOŞGY
ATSYZ GOŞGY
Hasapsyz zat bolmaýarmyş dünýede,
Çyn söýgiň üçinem bermeli jogap.
Ertire bakmaly, ýöne düýnde-de,
Bolanlygyň üçin etmeli togap.
Bolanlygyň üçin etmeli togap,
Ýakanlygyň üçin ýürekde yşgy.
Edenligiň üçin şeýlekin sogap,
Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy.
Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy,
Ýer alanyň üçin kalbyndan ýaryň.
Çekenligiň üçin abrsyz keşgi,
Ýaşamanyň üçin durmuşda ýarym.
* * *
Jigerme sünjüp hanjarňy,
Sogurman saklapjyk dursuň,
Beýle lezzet berýän bolsa,
Aýyrma ýerinde dursun.
Ahyr bir gün elleň ýadar,
Ana, şonda nätjek gülüm,
Bilmeseň özüm aýdaýyn,
Diliň bilen etgin zulum.
Ýöne, sözlerem gutarar,
Hak ajala sabyr berse,
Şonda Ezraýylny ibär,
Meniň düşen halym görse,
Näderin nebsiň agyrsa. Goşgular