|

Atlar, itler, eşekler

Atlar, itler, eşekler ATLAR, ITLER, EŞEKLER

Atlar, itler, eşekler

Ýelden ýyndam, gaýyş gulak bedewim,
Dört aýakly etmez seniň edeniň.

Säpjede-säpjede geçerin ýolum,
Ykjada-ykjada ýel oýnar ýalyň.

Ýolda-yzda gabat gelip bir güjük,
Jöw-jöwlap topulsa ses edip mojuk.

It bilen deň bolup, ony gapaýma,
Ýa bir ýerni maýyp edip depäýme.

Atym, ýüwrük atym, owadan atym!
Bakma jöw-jöwüne bolgusyz itiň.

Gar-da git, toýnagyň tozuna ony,
Alyp git ýakyndan uzaga meni.

Öňde aýlaw, pelehana öňmüzde,
Öňde rysgal, öňde ojak-öýmüz-de.

Ýol ugrunda gabat gelse bir eşek,
Oň bilen deň bolma aýagňy peşäp.

Atym, ýüwrük atym, owadan atym,
Bileňokmy eşekleriň häsiýetin?!

Garny doýsa, päli azýan bisyrat,
Oň bilen deň bolup kiçelme, gyr at!

Gar-da git toýnagyň tozuna ony,
Alyp git toýlardan-toýlara meni.

Gitmeli giň menzilleri gulaçlap,
Näçe ömrüň bolsa baryn bagyşlap.

Atym, bedew atym, owadan atym!
Arman, käte köpriň astynda ýatyp,

Gorkuzjak, ürküzjek bolýanam bardyr,
Ýol — köteldir, ýol — hatardyr, ýol — dardyr.

ýaýdanma, güýmenme, öňe eňeli,
Ýoluň ýowuzlygny ýolda ýeňeli.

Hanha, gülli baýyr, howaly baýyr
Hem biri-biriniň dowamy baýyr.

Şol ýere, gel, bizem bereli zynat,
Sen çaman däl, sen ýaman däl, sen — gyr at.

Boş haýbata, myş-gybata, zenzelä
Güýmenmäli, ýüwür, ajap menzile!

Gowşut ŞAMYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle