| |

Ätiýaçlyk üçin tanyşlyk

Ätiýaçlyk üçin tanyşlyk ÄTIÝAÇLYK ÜÇIN TANYŞLYK

Ätiýaçlyk üçin tanyşlyk

Menden gorkmaň –
Ýüz-gözümiň gögünden,
Bulaşyk saçymdan, tüýlek çekgämden,
(Aý, tötänden bolaýandyr, elbetde!).
Endigime görä ygyp ýörün men,
Endigime görä çilim çekýärin,
Ýöne welin keýpim juda erbet däl.

Göwnüm ýuka. Özüm biraz öýkeçil.
Ýörmäň sypatyma daşdan gynanyp
Hemem maňa bakyp geçmäň gorkuly.
Nädeýin men: birmahallar keýp edip,
Melekleriň allaryna ynanyp,
Boş sözlere paýlapdyryn görkümi…

Menden gorkmaň!
Gorkmaň menden –
Tisginmäň!
Öňküler deý hoş sözüňiz gysganmaň!

Döwlet GARKYN Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи