Ätiýaçlyk hekaýaty
Ätiýaçlyk hekaýaty
Guşlar üýşüp sorag beren Jikjikä:
“Aýagyň galdyryp ýatmaň nämekä?
Näme üçin biziň ýaly ýatmaýaň?
Syryn sorasagam hergiz aýtmaýaň.
Guşlaryň bolmaýar ýassyr-bussury,
Senem bize aýan eýle bu syry!
Jikjiki olara beripdir jogap:
“Biläýmeli zady dursuňyz sorap.
Birden asman hopup, gaçaýsa aşak,
Bilmeris ahyryn biz munda ýaşap.
Şoň üçin aýagym galdyryp ýatýan,
Gögüň hoparyndan howatyr edýän.
Ony saklap bilerinmi ýa-da ýok,
Emma ätýaçlygy elden beremok.”
…Ätýaçlygy elden beräýseň bir gün,
Gümansyz köpeler alada-görgiň. Goşgular