|

Ätiýaçly adam

Ätiýaçly adam ÄTIÝAÇLY ADAM

Elleşse, elini sabynlap ýuwýar,
Kesel geçerinden edýär howatyr.
«Saklan, saçymy tiz agardar!» diýýär,
Dellek sepjek bolsa saçyna atyr.

Horaz deý wepaly endigine ol:
Belli wagtda turýar,
Belli wagt ýatýar.
Eýesiz it gabat gelse ýolunda,
Ýarmagy ähtimal,
öwrülip ötýär.

Ertir-agşam sagat tutup sanaýar,
Ýüreginiñ näçe gezek urşuny.
Ynjalanok barlatmasa tiz-tizden
Gözleriniñ neneñ-niçik görşüni.

Hiç haçan gowrulan zady iýmeýär,
Siñdirmesi añsat zatlary iýýär.
Emeli süýümden eşik geýmeýär,
Nah matadan elin tikdirip geýýär.

Ne aşa gynanar, ne aşa güler,
Ätiýaçlylygyna hemmeler kaýyl.
«Bu zaññary nädip aparyp bolar?!»
Ençe ýyldyr kelle döwýär Ezraýyl.

■ SADALYK

Çylşyrymly ýazjak bolup,
Pikre münýäs, bat alyp.
Oba gyzy ýaljak bolup,
Yzda galýar sadalyk.

Pelsepeden ýüklenmegiñ
Bar ýeke-täk emeli.
Sokratdan şu güne çenli
Kän kitaby «emmeli».

Onsoñ kelle gazanyñfa
Alanjañy bişirip,
Ulanyber ýazanyñda,
Pikri-pikre çigşirip.

Şeýle bir kändir düwünjik,
Aklyñ çatsa, çöşle-dä!
Düşmese kelle- düwünçek,
Oka başdan başla-da!

Bu gezegem añ ýetirip,
Eýgermeseñiz eger.
Aglañ siz, aglañ oturyp,
Kemakylsyñyz meger.

Derrew gözñüziñ alnynda
Arşa göterler şahyr.
Bu günki adam añyndan
Belentde ýazýar ahyr!

Şygyrlaryna düşnülmän,
Ýörer abraý-at alyp.
Ýöne men bir zady bilýän:
Belentlikdir sadalyk!

Ýiti zehin gerek serde
Çür başyna çykmaga.
Çylşyrymlylyk — bir perde
Körzehinler bukmaga!

Şahyr bolsañ sen derekli,
Sada ýaz, ýazylýarka.
Çylşyrymlyk gerekmi,
Beýik sadalyk barka?!

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle