Ataköpek bilen interwýu
Ataköpek bilen interwýu
– Käte şeýle bolýar,
Ähli muşakgat
Depäňden inýär-de,
Çeýneýär seni.
Düýnki dostlaň duşman bolup sürünýär,
Töhmet öz erkiňe goýmaýar seni.
Günälimi,
Günäsizmi? – parhy ýok,
Gygyrýarlar,
Senem galýarsyň derde.
Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip,
Baş alyp çykmaly şeýle döwürde.
– Ilki bilen barlap görgün özüňi,
Asla-da… Sanaşyp ýörmegin, oglum.
Günäsizmi?.. Soňra gözlerne garap,
Diňe birje gezek ýylgyrgyn, oglum.
Muny seň özüňem duýýansyň, belki,
Otdanam gazaply bolýandyr gülki.
– Käte-de…
«Doganjan» diýip çem gelen
Tarypyňy sözläp,
Perişdä deňýä.
Uzadan ýeriňe ýetip dur gollaň,
Wah, onsoň gabarlyp sygaňok dünýä.
Mynasypmy,
Dälmi? – pikire ýer ýok,
Bir ýakymsyz şemal öwüsýär serde.
Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip
Baş alyp çykmaly şeýle döwürde?
– Paýhas bir aýnadyr… «Şöhrat» derdine
Sataşan bolaýma… Sen görgün, oglym.
Ýolgupmyň!.. Özüňe, tarypçylarňa
Garap, birje gezek ýylgyrgyn, oglum.
Derdiňden saplanyp gidersiň, çünki
Melhemleň melhemi bolýandyr gülki.
– Sizem beletsiňiz,
Bagyşlaň menem
Bir zady ýatladyp geçeýin size.
Kä adam bar,
Düşünmese nädersiň,
Gönüläp,
Ýüzüne basylan söze.
Ýeri, şolmy many aljak gülküden.
Hoş bor, gaýtam, saňa akmak diýer-de.
Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip
Sypmaly, şol gabat gelse bir ýerde?
– Ondamy?.. Daýangyn aýaklarňa sen,
Ýok, onuň ýanynda durmagyn, oglum.
Arany ep-esli açansoň yza
Garap, soňky ýola ýylgyrgyn oglum.
Aňsa-ha dermandyr hem otdur, gülki,
Aňmasa, nätjek-dä, hiç zatdyr, gülki.
* * *
Nazym Hikmete
Säher bilen ýene göwün galkyndy,
Ýene «bolsadylar» çekdi elimden.
Bu belent daglaryň saýasyna men
Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan.
Synlap dagyň suratyny, durkuny,
Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga.
Synlap dagyň baýlygyny, görküni,
Onlap «bolsadynam» uçurdym göge.
«Bir zad-a bolmaly, näme bolsamkam!!
Dagyň buludymy, kümüş garymy.
Magdanymy, ümürimi, gaýasy
Ýa-da onuň injirimi, narymy?!»
Men jogap gözledim şeýle sowala,
Men jogap gözledim, çar ýana bakdym.
Şol mahal bir ýerden «Gulak sal, bala…»
Diýip, dagyň göwsün ýardyň-da, çykdyň.
Gaýalardan-gaýalara dyrmaşyp,
Diýdiň: «Ne gar, ne-de bag… bolgun, oglum.
Başarsaň şolary özünde jemlän,
Synlaýan dagyň dek dag bolgun, oglum…
Säher bilen ýene göwün galkynar,
Ýene «bolsadylar» çeker elimden.
Şu belent daglaryň saýasyna men
Ýöräp gerin şol beletje ýolumdan.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular