Ata kesbi
Ata kesbi
Ogurlan köýnegni satdyrmak üçin,
Ogluny bazara ýollapdyr ogry.
Ýöne ony ogurladyp bazarda,
Öýlerine gaýdyp gelenmiş ogly.
Ogul bormy ondan, galp ýerine galp,
Ýalan diýip dursa ýalan ýeriñe.
Diýipdir ol: «Kaka, men-ä köýnegñi
Berip gaýdyberdim alan ýeriñe.»
• EPITAFIÝA
Aýdanyn etmedi ogly,
Etmedi gyzam aýdany.
Ol aýalyn görende-de,
Gyrgy gören dek ýaýdandy.
Iki söz kän, bir sözem az,
Söz ýarym gerek hersine.
Haýsy işiñ başyn tutsa,
Gaýtdylar onuñ tersine.
Öldi ol içurnyk bolup,
Bu kesele em ýok eken.
Diýdiler barlap: «Görgüliñ
Hiç ýerinde kem ýok eken.»
Atajan ANNABERDIÝEW. Goşgular